Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: "Migrasiýadaky aýallar öz saglygy ugrunda alada etmeýärler"


Ýüzi gorag maskaly göwreli aýal Hoň Koňda surat çekilen diwaryň alnyndan geçip barýar. 2020-nji ýylyň 23-nji marty.
Ýüzi gorag maskaly göwreli aýal Hoň Koňda surat çekilen diwaryň alnyndan geçip barýar. 2020-nji ýylyň 23-nji marty.

Geçen aýyň aýagynda Moskwadan Gyrgyzystana aýratyn reýs bilen 400 adam dolanyp geldi. Olaryň aglaba köplügini çagalar hem göwreli aýallar düzýär. Häzire çenli ýurda uçup bilmedik aýal-migrantlar hökümete ýüz tutmaly boldular hem-de karantin bilen baglanyşykly düşen agyr ýagdaýyny aýtdylar.

Bu meseläni göteren Orsýetdäki zähmet migrant aýallaryň saglyk ýagdaýy hem olaryň agyr durmuş şerti boldy. Russiýadan getirilenleriň gözegçilik şertlerinde saklanyşy kadaly.

«Häzir bize nahar getirdiler. Ýurda dolanyp gelenimiz üçin, biz örän minnetdar, muňa gaty begenýäs»diýip,göwreli aýal Asel aýdýar. Ol golaýda Moskwadan Bişkege uçup gelenlerden biri. Moskwa-Bişkek reýsinde gelen 400 ýolagçynyň aglaba köplügini göwreli aýallar hem çagalar düzdüler. Uçmaly ýolagçylaryň sanawyny ýörite komissiýa taýýarlady. Gelenleriň ählisini ýüzugra obserwasiýa – gözegçilik punktyna ugratdylar.

Moskwa reýsinden gelen ýolagçy aýallar. 2020-nji ýylyň 26-njy maýy.
Moskwa reýsinden gelen ýolagçy aýallar. 2020-nji ýylyň 26-njy maýy.

«Karantiniň girizilmegi bilen migrantlaryň öňünde agyr döwür başlandy. Biz ol ýerden gaýtmaga mejbur bolduk. Şeýle zerurlyk bolmasa, Orsýetde galyp gazanç ederdik. Biziň pulumyz gutardy. 17-nji maýda gaýdan ilkinji reýsde 100 göwreli aýaldan, diňe birnäçesi uçup bildi. Beýleki göwreli aýallar bilen çagalar uçup bilmediler» diýip, Asel gürrüň berýär.

Soňky ýyllarda maşgala bolup Orsýete işlemäge gidýänleriň sany artýar. Asel ýanynda bolan üç çagasyny karantiniň başynda – iki aý mundan öň Gyrgyzystana iberendigini aýdýar. Şondan soň ol adamsy bilen işsiz galypdyr.

«Çagalary öýe iberenimizde, ýagdaý beýle bolar diýip çaklamandyk. Adamym bilen men işe çykyp, alan kreditimizi üzeli diýdik. Ýöne karantin sebäpli iş ýatyp galdy. Bu ýerde ejem garry bolansoň, oňa üç çaga seretmek agyr düşýär. Şonuň üçin menem öýe dolanmaly boldum. Biz Orsýete ýagdaýymyzy gowulaşdyrmak, alan kreditimizi üzmek üçin gitdik» diýip, Asel aýdýar.

Russiýada bolýan göwreli migrant aýallaryň hökmany medisina kepilnamasy bolmaýar. Olar medisina edarasynda hasaba durup bilmeýärler, çaga dogurjak bolanlarynda Tiz kömegi çagyryp, keselhana gidýärler. Asel bolsa ol ýerde bolan döwründe Moskwa poliklinikasynda hasapda durupdyr. Şonda ol Gyrgyzystandan bolan göwreli aýaly görmändir. “Men ýaly Orsýet wraçlarynyň gözegçiliginde bolan aýallar 10% ýetýän däldir. Men olary poliklinikada görmedim. Munuň birnäçe sebäbi bar, owaly bilen hasaba durmak üçin, birnäçe ýörite dokument taýýarlamak gerek. Köpler ony nireden almalydygyny, nädip doldurmalysyny-da bilmeýär. Rus dilini bilmezligem kynçylyk döredýär. Onsoňam ähli poliklinika aýallary alyp duranok. Aýallar rus dilli doktorlardan gaçýarlar” diýip, Asel düşündirýär.

Asel bilen gelen Akylaý bolsa işi hem mümkinçiligi bolan aýallaryň Russiýada çaga dogurmak isleýändigini aýdýar. “Ýöne migrantlaryň köpüsi işsiz galdylar, ýaşamak kyn boldy. Göwreli aýallaryň ärleri işsiz, üstesine-de koronawirus ýokuşmagyndan gorkup, yza gaýtmagy dogry tapdylar” diýip, ol aýdýar.

Moskwada «Мээрим» atly şahsy klinika bar, ol gyrgyzystanly migrantlara hyzmat edýär. Häzir olarda hasapda durýan aýallaryň sany 10-a ýetenok.

Maiza Berdibekowa.
Maiza Berdibekowa.

Maiza Berdibekowa şol klinikada akuşer-ginekolog bolup işleýär. Ol öz watandaşlarynyň, şol sanda göwreli aýallaryň öz saglygyna çynlakaý garamaýandygyna alada bildirýär.

“Köp aýalyň dokumenti düzüw däl, olarda zähmet şertnamasy ýok, şonuň üçinem kepillik şahadatnamasyny alyp bilmeýärler. Kepillik şahadatnamasy bolmadyklary döwlet poliklinikalary hasaba almaýar. Şahsy klinikalara ýüz tutmaga bolsa köp aýalyň puly ýok. Moskwadaky göwreli migrant aýallaryň 60-70% -niň hasapda durmaýandygyny aýdyp biljek. Olar öz saglygyna asla üns bermeýärler. Göwreli bolsalar-da, her günde 10 sagat işleýärler. Iýmitleri ýaramaz, pul tygşytlajak bolup, ýokumly zatlary iýip bilenoklar. Şonuň üçinem köp aýal anemiýadan ejir çekýär. Moskwanyň çaga dogruş öýleri nähili klinikada hasapda durýanyňa garamazdan kabul etmeli. Wraçlaryň gatnaşygy gowy. Şeýle-de bolsa, käbir aýallar öz kartoçkalaryny alyp, çaga dogurmak üçin Gyrgyzystana gaýdýarlar, ýöne köprägi Orsýetde çaga dogurýar” diýip, wraç gürrüň berýär.

Moskwada her ýylda iki miln. çaga dünýä inýär. Ýöne zähmet migrantlaryndan doglanlar, olaryň mekdebe gatnap-gatnamaýandygy aýratyn hasaba alynmaýar.

Toktokan Esenowa «Gamhor»​ («Кам коруу») guramasynyň ýolbaşçysy hökmünde, Moskwa şäheri hem Moskwa oblastyndaky aýallara ýardam berýär. Aýallara çaga dograndan soň hem gaty agyr düşýändigini ol aýdýar.

Toktokan Esenowa.
Toktokan Esenowa.

«Çaga dograndan soň olar ýaşamaga hiç bir şerti bolmadyk kwartira gelýärler. Adatça, bir kwartirada bir maşgala däl, birnäçe adam ýaşaýar. Çaga dogran aýala dem-dynç almak hem öz saglygyny diklemek gerek. Bize köp göwreli aýal ýüz tutýar. Olaryň arasynda durmuşa çykman çaga dogranlary-da bar. Aýallaryň köpüsi bize anonim ýagdaýda ýüz tutýar, biz olary aýratyn kwartirada ýerleşdirýäris» diýip, Toktokan Esenowa aýdýar.

Hukuk goraýjy Toktokan Esenowanyň sözüne görä, Orsýete işlemäge gidýän ýaş gyzlarda maşgala barada düşünje ýok, çaga nädip seretmeli, öz saglygyňy nähili goramaly diýen zatlary bilmeýärler. Şeýle ýagdaýda ärsiz çaga dogranlaryň agyr ýagdaýa düşýändigini gürrüň berýär.

«Mundan birnäçe aý öň ýaş maşgala kömek sorap, bize ýüz tutdy. Onuň 18 ýaşy hem dolman eken. Işlemek üçin bu ýere gelip, göwreli bolupdyr. Agyr göwrelikä, özüni köprüden taşlamak isläpdir. Ony saklap ýetişipdirler. Ol gyrgyz naharhanasynda ofisiantka bolup işleýän eken. Göwreli bolansoň, hossarlaryndan gorkup, öz janyna kast etmek isläpdir. Göwreli bolsa-da, az iýipdir. Açlyk çekipdir. Ol maşgaladaky uly çaga eken, kakasy işlänok, ejesi öýde otyr, gazanç edip, yzynda galanlara kömek edýän bir özi. Biz onuň ýigidini tapyp gürleşdik. Ahyrynda olar öýlenişdiler. Häzir gowy ýaşaýarlar, ýöne onuň çagasy maýyp doguldy. Şonuň üçinem meniň ene-atalara ýüzlenesim gelýär; çagalaryňyzy, aýratynam gyzyňyzy zähmet migrantlygyna ibermäge howlukmaň. Olara bilim beriň, olara iş tapmaga kömek ediň. Migrasiýa diňe kämillige ýeten, akyly durlaşanlar gelip bilerler» diýip, Toktokan Esenowa düşündirýär.

2011-nji ýyldan bäri Gyrgyzystan hossarlary tarapyndan Russiýada taşlanan 100-den gowrak çagany ýurda getirdi. 2014-nji ýylda kabul edilen karara laýyklykda bu iş üçin her ýylda 1,5 miln. som bölünip berilýär. Çagalary ýurda getirenlerinden soň, olaryň hossarlaryny, iň bolmanda ýakyn garyndaşlaryny gözleýärler ýa-da olary perzentlige aljaklara berýärler.

Darika AsilbekowaOş şäherinde ýerleşýän«Ак журок» («Ak ýürek») merkeziniň ýolbaşçysy, onuň sözüne görä, migrant aýallar, göwreli bolanlaryň saglyk meselesi öňden dowam edip gelýän problema, ýöne oňa ýeterlik üns berilmändir.

Darika Asilbekowa.
Darika Asilbekowa.

«Aýallaryň hem çagalaryň saglygy gowşak. Maýyp çagalary dogurýan aýallar aglap gelýärler. Şeýle çagaly aýallar mydama köpelse gerek. Olaryň maliýe çykdajylaryny artdyrmaga golaýynda ýardam beräýer ýaly hossary ýok. Agyr durmuş zerarly olar çagalaryny hossarlaryna ýa tanşyna galdyryp, gazanç üçin gitmeli bolýarlar. Öz ejesinden aýralykda ulalýan çagalar soň olara doňýürek bolýar. Şonuň üçinem şu günüň esasy meselesi enelik hem çagalary goramak. Ol çagalara nähili ykbal garaşýar? Ene mährinden üzňe terbiýelenýän çaga geljekde öz hossarlaryna şeýle çemeleşmezmi? Maşgalany planlaşdyrmak barada iş alyp barmak gerek. Olaryň aňyna çagalary hem öz saglygy baradaky jogapkärçiligi ýetirmek zerur» diýip, Darika Asilbekowa aýdýar.

Gyrgyzystanda her ýylda ortaça 160 müň aýal çaga dogurýar. Aýallaryň ýaş üstünden ölümi boýunça Gyrgyzystan Merkezi Aziýada iň ýokary orny eýeleýär. Geçen ýylda ýaş üstünden 40 aýal ýogaldy. Bilermenleriň pikirine görä, munuň esasy sebäpleriniň biri migrasiýa bolmaly. Çagalaryň hem eneleriň ölümi boýunça barlag geçiren Saglyk ministrligi olaryň arasynda migrant aýallaryň bardygyny aýdýar.

Saglygy saklaýyş ministrligiň baş ginekology Raisa Asylbaşewa migrant aýallaryň diňe dogurmazyndan öň klinika ýüz tutýandygyny aýdýar.

Raisa Asylbaşewa.
Raisa Asylbaşewa.

«Kepillik» («Кепилдик») programmasyna laýyklykda, ýurda dolanan aýallaryň ählisi mugt medisina ýardamyny almaga haklydyr. Gynansak-da, aýallar göwreliligiň soňky möhletinde – 25-30-njy hepdelerde, käte ondanam soňrak bize ýüz tutýarlar. Käbiriniň özünde keselçilik bolýar, beýle ýagdaý çaga dorgurýana hem doglan çaganyň saglygyna ýaramaz täsir edýär» diýip,wraç aýdýar.

Mundan daşary-da, Orsýetde migrantlykda bolan aýallar çagalaryny mekdebe bermekde ýa çagalar bagyna tabşyrmakda kynçylyk çekýärler. Moskwada çagany öz jaýynda saklaýan tölegli adamlar, şeýle hem migrantlaryň çagalaryna seredýän ýörite çagalar bagy bar.

Resmi maglumata görä, Russiýada zähmet migranty hökmünde 700 müň gyrgyzystanly aýal işleýär, resmi däl maglumata görä, olaryň sany bir milliondan aşýar.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG