Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda pnewmoniýanyň ýaýran wagty, orsýet ilçisi türkmen hökümetiniň ýurtda COVID-19 ýok diýip aýdanlaryny goldaýar


Orsýetiň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin (ç), Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasynda, 27-nji ýanwar, 2020

Resmi taýdan Türkmenistanda COVID-19 ýok. Türkmen ýolbaşçylarynyň ýurtda keseliň ýoklugy baradaky beýanatlarynyň fonunda türkmen metbugaty daşary ýurtly resmileriň hem Türkmenistanda koronawirusyň ýoklugy baradaky beýanatlaryny çap etmegini dowam etdirýär. Edil häzirki wagtda ýurduň hassahanalarynda bolsa COVID-19 alamatlary bolan hassalar köp, saglyk işgärleri gorag kostýumlarynda işleýärler.

Agyr pnewmoniýanyň ýüze çykýan ýeri bolan Aşgabatdaky ýokanç keselleriň öňüni alyş merkeziniň işgärleri ýörite gorag kostýumlarynda işläp başladylar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy bu ýagdaýy öz gözi bilen görenlere salgylanyp, 12-nji iýunda habar berdi: "Indi Çoganlydaky ýokanç kesel hassahanasynda lukmanlar kosmonawtlara mezeş gorag geýimlerinde işleýärler. Ozal beýle däldi."

Häzirki wagtda ýurtda ilatyň arasynda ýiti pnewmoniýa keseli ýüze çykýar, ýokanç keseller hassahanasynda dem alyş problemaly hassalar köp bolýar we soňky aýlarda paýtagtda ölüm ýagdaýlary ep-esli ýokarlandy.

Azatlyga Aşgabatdaky ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezinde birnäçe lukmanlaryň keselländigi barada habar gowuşdy, ýöne bu maglumatlary başga çeşmelerden tassyklap bolmady.

Maý aýynda Azatlygyň habarçylary Aşgabadyň keselhanalarynda lukmanlara COVID-19-dan ýörite gorag kostýumyny ulanmagyň öwredilýändigi barada, welaýatlardaky hassahanalarda bolsa, lukmanlara özleri için medisina eşiklerini we gorag geýimlerini öz hasabyna tikmegiň tabşyrylandygyny habar beripdiler.

Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň ýurtda COVID-19-yň ýokdugyny öňe sürýän wagtynda, ýarym resmi türkmen onlaýn neşirleri Türkmenistanda daşary ýurt wekilleriniň türkmen resmileriniň aýdanlaryny goldaýan çykyşlaryny çap etmegini dowam etdirýärler. 11-nji iýunda "Turkmenportal" neşri Orsýetiň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohiniň Türkmenistanda koronawirusyň ýoklugy baradaky beýanyny çap etdi.

Blohin Aşgabatda geçirilen metbugat ýygnagynda: "Oppozision habar serşdeler we ş.m. näme diýseler-de, näme ýazsalar-da, resmi sanlara görä, Türkmenistanda koronawirus ýok we biz muny gytaklaýyn alamatlar bilen görýäris" - diýdi.

"Bir zat bar bolsa, beýle maglumatlary saklamak mümkin bolmazdy. Tekinkada ýa-da Ors bazarynda, ol habar beriş serişdelerinden-de has çalt peýda bolardy. Emma ol ýerde-de bu maglumatlar ýok" - diýip, "Turkmenportal" orsýet ilçisini sitirleýär.

Orsýetiň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohiniň bu çykyşy, 24-nji iýunda Moskwada geçiriljek Ýeňiş baýramynyň 75 ýyllygy mynasybetli geçiriljek parada türkmen ýolbaşçylarynyň barjakdygyny tassyklamagynyň yzýanyna gabat geldi.

Osýetiň Türkmenistandaky ilçisi, global pandemiýanyň dowamynda Türkmenistanyň welosiped gününi billäp geçiren sport çärelerine işjeň gatnaşdy. Köpçülikleýin çäreler 3-nji iýunda ýurduň prezidentiniň we onuň agtygynyň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirildi.

Bu aralykda Orsýetde COVID-19 bilen keselleýän türkmen raýatlarynyň sany barha artýar.

"Komsomolskaýa Prawda" gazetiniň 11-nji maýda çap eden maglumatyna görä, Türkmenistanyň 19 raýatyna Perm regionynda koronawirus ýokaşypdyr we olar Berezniki şäheriniň “E.A. Wagner adyndaky regional hassahanasynda” ýerleşdirilipdir.

Keselhananyň Instagram sahypasynda "Koronawirus ýokaşan hassalar Gubahada işleýän we ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary" diýlip ýazylýar. Türkmen raýatlary hassahana tiz kömek gullugy tarapyndan alnyp barylypdyr.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda COVID-19 ýokdugyny öňe sürmek bilen, keseliň diagnostika edilmegine degişli maglumatlary, şeýle-de ilatyň saglyk ýagdaýyna degişli umumy statistiki maglumatlary çap etmeýär. Türkmenistan öz raýatlarynyň daşary ýurtlarda COVID-19 bilen kesellemegine degişli ýagdaýlar barada hem dymýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG