Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystandaky 2010-njy ýylyň iýun wakalary: açylmadyk jenaýatlar


Oş aeroportunyň töweregi. 2010-njy ýylyň 14-nji iýuny.
Oş aeroportunyň töweregi. 2010-njy ýylyň 14-nji iýuny.

10 ýyl mundan öň,2010-njy ýylyň iýunynda, Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oşda hem Jalal-Abatda milletara çaknyşyk ýüze çykyp, ganly heläkçilik döredi. Ganly heläkçiligi derňemek boýunça 5500-den gowrak jenaýat işi gozgaldy, ýöne ondan diňe belli bölegi açyldy.

Şol heläkçilik wagtynda şübhe bildirilýän adamlar, dereksiz ýitenler entegem gözlenýär. Çaknyşyk wagtynda talanan ýaraglar hem söweş enjamlary yzyna getirilmedi. Azatlyk Radiosy iýun wakalary bilen baglanyşykly jenaýat işine degili statistiki maglumatlary derňemegi möhüm saýdy.

Sanlaryň çapraz gelmegi

Şol heläkçilik bilen baglanyşykly gozgalan jenaýat işlerini, ol ugurda alnyp barylýan derňewleri sanap geçmek örän çylşyrymly. Owal başda dürli sanlary görkezdiler, soňra olardan tapawutlanýan başga sanlar peýda boldy. Meselem, 2010-njy ýylyň ahyrynda «Кылым шамы»jemgyýetçilik fondunyň hasabatynda iýun wakalary bilen baglanyşykly 5158 işiň açylandygy aýdyldy.

2011-nji ýylyň başynda bolsa Abdygany Erkebaýewiň ýolbaşçylygyndaky Milli komissiýa milletara çaknyşyklar sebäpli 5161 jenaýat işiniň gozgalandygyny mälim etdi.

Ýüz beren jenaýat işi bilen baglanyşykly öz wagtynda milisiýa wekilleri, ýörite gullugyň adamlary hem prokuratura bilelikde derňew alyp bardylar. Olaryň işleri dürli gulluklar arasyndaky derňew toparyny emele getirdi. Derňew toparyna ýurduň Baş prokuraturasy ýolbaşçylyk etdi.

Ýurduň baş gözegçilik edarasynyň şol döwürdäki maglumatyna görä, 2011-nji ýylyň aprelinde gozgalan jenaýat işleriň sany 5511 diýilýär. Şol ýylyň awgust aýynda ýurduň baş prokurory bolan Aida Salýanowanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ýylyň ortalarynda gozgalan işleriň sany 5633 bolupdyr. Sebäbi derňewler netijesinde täze jenaýat işleri gozgalypdyr. Bu iş 2015-nji ýylda 5646 boldy.

Baş prokuraturanyň resmi wekili Nargiza Kuwatowa 2020-nji ýylda Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolanda, ol sanlar barada şeýle diýdi.

Nargiza Kuwatowa
Nargiza Kuwatowa

«2010-njy ýylyň iýun wakalary bilen baglanyşykly 5642 jenaýat işi gozgaldy. Olardan 360 iş derňelip, 319 iş suda geçirildi. 13 işiň barlagy bes edildi. 1391 jenaýat işi hem beýlekiler boýunça derňew işleri entek ýapylanok. Häzirki wagtda derňew işleri ýok, ýöne operatiw-barlag gözlegi dowam edýär»diýip, ol resmi belledi.

Açylan jenaýat-derňew işleri 1997-nji ýylyň Jenaýat kodeksi esasynda alnyp barylýar. Şol kodeksiň kadalaryna laýyklykda seredilse, 97-nji madda («Adam öldürmek») boýunça 481 iş açylypdyr, 104-nji madda («Saglyga bilkastdan agyr zyýan ýetirmek») boýunça 13, 105-nji madda («Saglyga bilkastdan ýeňil zyýan ýetirmek») boýunça 1, 213-nji madda («Adam ogurlamak») boýunça 27, 125-nji madda («Adamy bikanun saklamak») boýunça 12, 129-nji madda («Zorlamak») boýunça 7 iş açylypdyr.

162-nji madda («Ogurlyk») boýunça 1871 iş, 165-nji madda («Mal ogurlygy») boýunça 8 iş, 167-nji madda («Talaňçylyk») boýunça 48 iş, 168-nji madda («Zorluk bilen almak») boýunça 32 iş, 170-nji madda («Mejbur edip almak») boýunça 2 iş we beýleki talaňçylyk işleri hem-de kesekiniň emlägini ýok etmek boýunça, jemi 2930 iş açylypdyr.

Köpçülikleýin bidüzgünçilikler – 40 iş, huligançylyk – 30 iş, bikanun ýarag götermek hem gizlin ýarag saklamak boýunça, jemi 67 iş açylypdyr.

Oş. 2010-njy ýylyň iýuny.
Oş. 2010-njy ýylyň iýuny.

Mundan daşary-da, milli çaknyşygy hem dini barlyşyksyz hereketleri öjükdirmek, gulluk wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmak, geleňsizlik, jenaýaty ýaşyrmak, kanun goraýjylary we harby gullukçylary öldürmek, döwlet serhedini bikanun geçmek, harby borçdan gaçmak ýaly maddalar boýunça hem ençeme jenaýat işi gozgalypdyr.

Bu açylan jenaýat işleri boýunça geçirilen derňewleriň netijelerini Baş prokuratura aýan edýär.

Oş. 2010-njy ýylyň iýuny.
Oş. 2010-njy ýylyň iýuny.

«2010-njy ýyldan 2020-nji ýyl aralygynda Respublikan kazyýetinde 254 jenaýat işine seredildi. 2010-njy ýylyň iýun wakalary bilen baglanyşykly 470 adamyň garşysyna jenaýat işi gozgaldy. Sud derňewlerinde 224 iş boýunça 440 adama jenaýat işi kesildi. 28 jenaýat derňew işi bolsa bes edildi. 2 iş, ýagny 2 adamyň garşysyna mejbury medisina çäresi geçirildi»diýip,Baş prokuraturanyň resmisi Nargiza Kuwatowa aýdýar.

Resmi maglumata görä, şol bolan heläkçilik bilen baglanyşykly ýüzden gowrak adam gözlegde durýar. 37 adam milletara çaknyşyklary öjükdirmekde aýyplanyp, Interpol ulgamy arkaly gözlenýär. Olaryň arasynda özbek milli medeni merkeziniň agzalaryndan, syýasatçylardan Kadyržan Batyrow, Inomžan Abdirasulow, Karamat Abdullaýew hem Žaloliddin Salahudinow bar.

Kadyržan Batyrow 2018-nji ýylyň dekabrynda Ukrainanyň Odessa şäherinde aradan çykypdyr, soňra onuň jesedi Özbegistanda jaýlanypdyr. Dürli şertlere hem sebäplere görä, galanlary entek saklanmady hem olar yzyna dolanyp gelmediler.

IIM-niň metbugat-sekretary Bakyt Seidowyň aýtmagyna görä, jenaýatda aýyplanýanlary gözlemek işi dowam etdirilýär.

Bakyt Seidow
Bakyt Seidow

«Biz hökümetara ylalaşygyna esaslanýan Interpol ulgamy boýunça gözleg işini dowam etdirýäris. Käbir şübhe bildirilýänleriň saklanyp, Gyrgyzystana getirilen faktlary bar. Galanlary boýunça-da gözleg dowam edýär»diýip,ol aýdýar.

«90% iş açylman galdy»

Iýun heläkçiliginden 5 ýyl geçeninden soň, güýç ulanyjy guramalar gozgalan jenaýat işlerden umumylykda 30% açyldy diýen maglumaty ýaýratdy, soňky 5 ýylda hem 20% iş derňelipdir. Ol görkezijilere ynanyp bolsa, onda häzire çenli jenaýat işleriň ýarysynyň derňelendigi mälim bolýar.

Eger ol sanlara ünsli seredilse, başga netije gelip çykýar. 360 işiň derňelendigi aýdylýar, bu bolsa iýun wakalary bilen baglanyşykly açylan 5642 işiň diňe 10%-ni düzýär. Şeýlelikde, hasaba alnan jenaýat işleriniň ondan biri derňelipdir.

«Кылым шамы»jemgyýetçilik fondunyň ýolbaşçysy Aziza Abdurasulowa şol ganly heläkçilik barada özbaşdak barlag geçirip, hasabat taýýarlandygyny aýdýar.

Aziza Abdurasulowa
Aziza Abdurasulowa

«Biziň guramamyzyň kesgitlemegine görä, iýun wakalaryndan 86-87% jenaýat işi entek derňelmändir. Eger-de agyr jenaýat bilen baglanyşykly işlere seretsek, adam öldürmek bilen baglanyşykly derňewlerden diňe 18%-i tamamlanypdyr, galan işleriň entek derňewi ýok. Ikinji bir ýagdaý – aýal zorlamak; «Кылым шамы»topary 13 faktyň barlagyny aýan etdi, ýöne olardan hiç bir iş derňelmändir. Üçünjisi, jaýlaryň oda berilmegi; milletara çaknyşyk wagtynda iki müňden gowrak jaý oda berlipdir, ýöne olar boýunça hiç bir derňew işi geçirilmändir. O jaýlary kimileriň otlandygy, näme üçin otlandygy belli däl. Mundan daşary-da, talaňçylyk – iki müňden gowrak, kofehana, restoran hem söwda nokatlary talanypdyr – olaryň derňewi barada-da netije ýok – diýip, Aziza Abdurasulowa aýdýar.

Aziza Abdurasulowanyň bellemegine görä, biriniň jaýyny elinden almak, awtotransportuny, mallary ogurlamak we beýleki ownuk ogurlyklar ýa talaňçylyk barada hem degişli çäre görülmändir. Şeýle zyýan çekenleriň öweziniň dolunmadygyny-da, ol sözüne goşýar.

Iýun aýynyň heläkçiliginden soň, Oşdaky hem Jalal-Abatdaky öz ýakynlaryny ýitirenler dürli guramalar döretdiler. Şol gurama arkaly olar özlerini gyzyklandyrýan maglumaty alypdyrlar. Ol guramalaryň agzalary öz ýakynlarynyň ölümi bilen baglanyşykly geçirilen sud diňlenişigine gatnaşypdyrlar. Ýöne kazyýetiň ahyrky gelen kararyndan razy bolanlaryň sany örän çäkli diýilýär.

Iýun heläkçiligi bilen baglanyşykly Oşda 4 jemgyýetçilik guramasy bar, olardan «Ош шейиттери» («Oşşehitleri») iň irilerinden biri. Gurama Nasipa Žanuzakowa ýolbaşçylyk edýär. Ol hem häzire çenli geçirilen derňewlerden kanagatlanmaýandygyny aýdýar.

«Şol çaknyşyklar bolan wagtynda ýüze çykan jenaýatyň 90%-i düýpli derňelmedi, jenaýat edenleriň 90%-i jogapkärçilikden gaçmagy başardylar. Kim jenaýata çekilip türmede oturan bolsa, amnistiýa ýa başga bir sebäp bilen azatlyga çykdylar, birnäçesiniň tussaglyk möhletini ýeňilleşdirdiler. Sud edilenlerden biziň bilşimize görä, diňe 10 adam 10 ýyldan 20 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edildi, galanlary ýeňil jeza bilen gutuldy. Käbir jenaýatçylar wagtlaýyn kamerada 2-3 gün saklanyp, soň azatlyga goýberildi. Meselem, meniň adamymy öldüren Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde saklanyp, soňra Gyrgyzystana getirildi. Soňra görsek, olar gaçmagy başarypdyrlar» diýip, Nasipa Žanuzakowa gürrüň berýär.

Iýun wakalarynda dereksiz ýitenlere goýlan ýazgy.
Iýun wakalarynda dereksiz ýitenlere goýlan ýazgy.

Deslapky maglumatlara görä, 2010-njy ýylyň iýun heläkçiliginde 446 adam öldi diýildi. 2000 adam dürli derejede ýaraly bolupdyr, 57 adam dereksiz ýitipdir. Olardan 13 adam häzire çenli-de tapylanok.

Soňy bilen ölenleriň sany üýtgedilip, 474 adam diýildi. «Кылым шамы» guramasynyň hasabatynda bolsa ölenleriň sany 492 adam diýlip görkezilýär. IIM-den ölen 10 adam bilen ýörite gullukdan ölen 1 adam hem şol sanawyň içinde.

«Eger jenaýatyň üsti açylmasa, bolup geçen heläkçilikden sapak almak mümkin bolmaz»

Kanun goraýjy guramalar köp işiň doly derňelmediginiň sebäbini owal başda açylan jenaýat işleriň aşa köplügi bilen düşündirýärler. Bilermenler köpçülikleýin bidüzgünçilikler bilen baglanyşykly işleriň umumylykda hem bitewi seredilmegini öňe sürýärler.

Dünýä tejribesinden mälim bolşuna görä, köpçülikleýin bidüzgünçilikde hem milletara çaknyşyklarda köp ýagdaýda işleriň ençemesi açylman galýar. Munuň esasy sebäbi jenaýata degişli maglumaty öz wagtynda toplamak mümkin däl. Gyrgyzystanyň güýç ulanyjy guramalary-da şol sebäplere salgylanýarlar.

Oş oblastynyň Içeri işler bölüminiň metbugat-sekretary Ženiş Aşirbaýew Azatlyk Radiosy bilen gepleşende, şeýle diýdi.

Ženiş Aşirbaýew
Ženiş Aşirbaýew

– Jenaýat-prosessual kodekse laýyklykda, jenaýatyň ýüze çykan ýeri öz wagtynda barlanmaly hem öwrenilmeli, şol ýerden deliller toplanmaly. Köpçülikleýin heläkçilik ýüze çykanda, ölen adamyň jesediniň birnäçe gün ýygnalman duran pursatlary bar. Käbir ýerlerde bolan ýagdaý wakadan bir aý geçensoň öwrenilipdir. Jesetler dürli ýerlerde jaýlanypdyr. Şonuň üçinem jenaýat edeni tapmak hem kimiň öldürilendigini anyklamak kyn. Öz wagtynda toplanan materiallar az bolupdyr. Dürli guramalar arasynda döredilen derňew topary jenaýatyň üstüni açmak üçin, mümkin bolan çäräni gördüler. Olar bu işi häzirem dowam etdirýärler. Öz ýakynlaryny ýitirenleriň närazylygyna biz dogry düşünýäris, ýöne ýagdaý şeýle bolupdyr – diýip, Ženiş Aşirbaýew aýdýar.

Heläkçilikli hadysanyderňemek boýunçamundan 10 ýyl öň döredilen Milli komissiýanyň başlygynyň orunbasary wezipesine Bahtiýar Fattahow bellenipdi. Onuň sözüne görä, hökümet resmileri heläkçiligi umumylykda derňemek işini ahyryna ýetirip, öz hasabatyny mälim etmeli.

Bahtiýar Fattahow
Bahtiýar Fattahow

«Milli komissiýanyň materiallaryna seretsek, onda hökümete hem prokuratura jenaýat işlerini ahyryna çenli barlamak hem jogapkärçiligi öz üstüne almak borç edilipdi. Ýöne bu iş ahyryna ýetirilmedi. Häzirem mundan 10 ýyl öňki bolan jenaýata berk kontrollyk ýok.

Kanun goraýjy guramalar tarapyndan geçirilen barlag işleri kagyz ýüzünde galýar. Jemgyýetçilik hem ol kontrollygy öz üstüne almady. Oş şäheriniň komendantynyň orunbasary bolanym üçin, men 4,5 müňden gowak adamy kabul edipdim. Olaryň ählisiniň arzalary degişli organlara ýollandy. Ýöne ýüz tutan adamlara jogap berilmedi. Adamlar, jemgyýetçilik hem zyýan çekenler degişli informasiýany almalydylar. Eger iş şol derejede ahyryna ýetirilmese, onuň ýaňadan gaýtalanmak howpy aradan aýrylmaýar. Eger jenaýatyň üsti açylmasa, bolup geçen heläkçilikden sapak almak mümkin bolmaz»diýip,B. Fattahow aýdýar.

2010-njy ýylyň iýun wakalarynda 1190 sany ýaragyň hem 100 müňden gowak okuň ýitendigini kanun goraýjylar aýdýarlar. Olardan diňe 6 harby tehnika yzyna gaýtarylypdyr.

IIM-niň 2020-nji ýyldaky maglumatyna görä, ýaraglaryň köp bölegi tapylypdyr. Birnäçe gullukçy ýaragy ele geçirmekde we käbirleri geleňsizlikde aýyplanyp jogapkärçilige çekilipdir.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG