Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

PÝGG zenan sürüjilere "esassyz" jerime salmak çärelerini güýçlendirdi


Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň köçelerinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy (PÝGG) dürli bahanalar bilen zenan sürüjileriň resminamalaryny ellerinden alyp, olara jerime salmak çärelerini gaýtadan güýçlendirdiler.

Bu ýagdaýy başdan geçiren aşgabatly zenan sürüjileriň biri Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, öz başdan geçiren ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

"26-njy maýda ulagymda barýarkam, ýol polisiýasy saklady we ulagymyň açyk çal reňkdedigini aýdyp, onuň "talap edilýän düzgünlere laýyk gelmeýändigini" aýtdy. Soňra-da meni ulagym bilen bilelikde, polisiýa merkezine alyp gitdiler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan zenan 15-nji iýunda beren maglumatynda aýtdy.

Onuň sözüne görä, olar polisiýa merkezine barandan soňra, polisiýa işgärleri zenana ulagyň tehniki taýdan guratlygy hakyndaky resminamanyň ýokdugy barada pul jerimesini ýazdylar. Ýöne zenan özünde ulagyň tehniki resminamasynyň bardygyny aýdyp, munuň sebäpleri bilen gyzyklananda, polisiýa işgärleri "jerime tölemeseň, ulagyňy alyp bilmersiň" diýip jogap bermek bilen çäklenýärler.

"Men olara "Siz meni ulagyň reňki bolanok diýip getirdiňiz. Indem tehniki pasportyň ýok diýip jerime töletjek bolýarsyňyz. Meniň hemme resminamam bar, teh pasportym bar" diýsem-de diňlemediler. Soňra men olara "Ulagymyň reňkiniň bolmaýandygy baradaky resmi karary görkeziň. Näme üçin aldap, "teh pasportyň" ýok diýip jerime ýazdyňyz?" diýen soragyma-da, "Biz kanun, ulagyň şu taýda galýar. Bar nirä arz etseň edäý, isleseň prokuratura ýaz" diýip, diňlemän goýberdiler" diýip, zenan aýtdy.

Ol ýazylan jerimäni töländen soňra ulagyny alyp bilendigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Ol 25-nji maýdan bäri başga-da ençeme aýal sürüjiniň ulagynyň elinden alnandygyny aýdyp, munuň zenan sürüjileriň ulag sürmegine garşy alnyp barylýan ýörite çäredigine ünsi çekdi.

"Olar aýal sürüjileriň ähli dokumentleri bar bolsa-da, bu resminamaň ýok ýa-da ulagyň reňki bolmaýar diýip, dürli bahanalar bilen jerime salýarlar. Olar zenanlara yzygiderli jerime töledip, olary maşyn sürmez ýaly etjek bolýarlar. 25-nji maýdan bäri polisiýa işgärleri zenan sürüjilere azar berýärler. Şondan bäri ençeme aýal sürüjiniň ulagy polisiýa merkezinde saklanýar" diýip, zenan aýtdy.

Azatlyk Radiosyna bu aýdylanlary Aşgabat şäher polisiýasyna we Içeri işler ministrligine resmi derejede tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Ýöne Türkmenistanda zenanlaryň sürüjilik şahadatnamalarynyň ýa-da beýleki resminamalarynyň ellerinden alynmagy bilen bagly kösençlikler bir ýarym ýyl çemesi wagt bäri dowam edýär.

2019-njy ýylyň başynda Aşgabadyň polisiýasy köçelerde awtoulag sürüp barýan zenanlary saklap, dürli bahanalaryň esasynda olaryň sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden alyp başlady.

Şeýle-de, sürüjilik şahadatnamalarynyň möhleti dolup, resminamalaryny tabşyran zenanlara täze şahadatnamalaryň hem berilmeýändigi habar berildi.

Geçen aýyň ahyrynda bolsa, Aşgabatdaky habarçymyz PÝGG-niň işgärlerine üç günläp reýd geçirmek, dürli bahanalar esasynda, aýal sürüjileriň resminamalaryny ellerinden almak hem-de yzyna bermezlik barada görkezme berlendigini habar berdi.

Türkmenistanyň kanunlarynda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklydygyna kepil geçilse-de, zenanlara garşy syýahat, egin-eşik we awtoulag sürmek ýaly ençeme çäklendirmeleriň girizilendigi barada maglumatlar bar.

Türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary ne tassyklaýarlar, ne-de inkär edýärler. Bu barada ýurduň media serişdeleri hem mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG