Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ raýaty Wilan içalyçylykda aýyplanyp, rus kazyýeti tarapyndan 16 ýyl möhlet bilen tussaglyga höküm edildi


ABŞ-nyň ozalky deňiz-pyýada goşun esgeri Pol Wilany (Paul Whelan)

Rus kazyýeti ABŞ-nyň ozalky deňiz-pyýada goşun esgeri Pol Wilany (Paul Whelan) içalyçylyk aýyplamalarynda günäli tapdy. Bu karary ABŞ-nyň Russiýadaky ilçisi “adalatyň ýaňsylanmagy” atlandyrdy.

15-nji iýunda Moskwanyň şäher kazyýeti delilleriň gizlin maglumatlary öz içine alýandygy sebäpli, hem-de koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmak çäreleriniň çäginde ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen sud diňlenişiginde Wilany 16 ýyl möhlet bilen türme tussaglygyna höküm etdi.

Britaniýanyň, Kanadanyň hem-de Irlandiýanyň raýaty bolan 50 ýaşly Wilan 2018-nji ýylyň dekabr aýynda Moskwada tussag edildi we şu ýylyň martynda sud edildi. Sud diňlenişigi koronawirus pandemiýasynyň hem-de diplomatik protestleriň fonunda bolup geçdi. Wilan ähli aýyplamalary ret edýär.

Wilan žurnalistlere beren gürrüňinde kazyýetiň kararyny syýasy matlaply atlandyryp, ony arz etjekdigini aýtdy. “Bu syýasy diňlenişikdir, syýasy hökümdir” diýip, ol aýtdy.

Prokurorlar Wilanyň üstünden tapylan fleş diskde gizlin maglumatyň bardygyny öňe sürdüler.

Wilanyň 25-nji maýda geçirilen sud diňlenişiginde prokuror Moskwanyň sudundan ony içalyçylykda günäli tapmagy we 18 ýyl möhlet bilen türme tussaglygyna höküm etmegi sorady.

Wilan bir tanşyndan fleş diski onuň içinde dynç alyş suratlary bardyr öýdüp, alanynda jenaýatyň gurnalandygyny we özüne garşy bildirilýän içalyçylyk aýyplamalarynyň syýasy matlaplydygyny aýtdy.

Şeýle-de, ol türme sakçylaryny sütemkeşlikde aýyplady.

ABŞ-nyň Russiýadaky ilçisi Jon Sulliwan (John Sullivan) Wilana garşy çykarylan höküme özüniň “lapykeç bolandygyny we gaharlanandygyny” aýtdy we kazyýet işini “adalatyň ýaňsylanmagy” atlandyrdy. Ol Wilana berlen hökümiň ABŞ-Russiýa gatnaşyklaryna zyýan ýetirjekdigini nygtady.

Birleşen Ştatlarda tussag edilen rus raýatlary bilen Wilanyň almaşylmak ähtimallygy barada žurnalistleriň beren soragyna Sulliwan Waşingtonyň tussag alyşmak islemeýändigini, oňa derek, Wilan üçin adalat isleýändigini aýdyp, jogap berdi.

ABŞ-nyň Russiýadaky ilçisi Jon Sulliwan (John Sullivan)
ABŞ-nyň Russiýadaky ilçisi Jon Sulliwan (John Sullivan)

Wilanyň aklawçysy Wladimir Žerenbenkow müşderisiniň günäsini geçmek ýa-da ony alyş-çalyş etmek meselesiniň suduň kararynyň güýje girmeginden soň, 10 günüň dowamynda mümkin boljakdygyny aýtdy.

Wilan tussag edilende awtoşaý üpjün edýän bir ABŞ kärhanasynyň global howpsuzlyk bölüminiň başlygydy. Ol we onuň dogan-garyndaşlary onuň Russiýa toýa gatnaşmak üçin barandygyny aýdýarlar.

Sud höküm çykarmazdan ozal, Wilan rus häkimiýetlerini özüne “masgaraçylykly daramakda” tankyt etdi we onuň yzýany ABŞ resmileri Moskwadan Wilany boşatmagy talap etdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG