Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlawdan bir ýyl soň. Tokaýew Nazarbaýewiň kölegesinden çykýarmy?


Prezident Kasym-Žomart Tokaýew.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew.

Mundan bir ýyl öň Gazagystanda geçen prezidentlik saýlawlarynda Kasym-Žomart Tokaýew ýeňiji bolsa-da, ýurduň öz içinde hem daşynda ony ikinji derejedäki ýolbaşçy hasapladylar. Ol özüni bu wezipä göteren öňki ýolbaşçynyň kölegesinde galypdy. Ýurdy 30 ýyl çemesi dolandyran öňki liderden «hökümet tranziti» onuň saýlan oruntutaryna geçipdi. Geçen 12 aýyň netijeleri nämäni görkezýär?

Möhletinden öň geçen saýlawlarda ýeňiji bolan Kasym-Žomart Tokaýew wezipä belleniş dabarasynda eden çykyşynda «çuňňur hormatlanýan elbasy»sözüni hem-de öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewiň bitiren hyzmatyny köp gezek gaýtalapdy hem onuň guran ýoluna wepaly boljakdygyna wada beripdi. Ýurduň prezidentiniň soňky çykyşlarynda bolsa, Gazagystanyň öňki prezidentiniň ady bir gezek aýdylýar ýa-da ol ýatdan çykarylýar.

Tokaýewde özüni özbaşdak ýolbaşçy hökmünde aňlatmak meýli yzygiderli duýulýar, ol «meniň görkezmäm», «meniň tabşyrygym», «men tabşyrýan»ýaly jümleleri ulanýar.

Koronawirus sebäpli ýurda girizilen adatdan daşary düzgüni ýatyrmak barada 11-nji maýda geçen döwlet komissiýasynyň maslahatynda (bilermenleriň bellemegine görä, şol döwre çenli ol öz pozisiýasyny belli derejede berkitdi), diňe bir gezek «milletiň liderini»ýatlady. Tokaýew öz çykyşynda, ýaşaýyş jaý programmasy boýunça Nazarbaýew tarapyndan öňe sürlen ipoteka kredit hereketini ýatlap, şol wagtyň özünde beýleki bir usuly – has az göterim talap edýän hem başdaky wznosy az bolan warianty teklip etdi.

Gazagystanyň eks-prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (sagda) hem onuň öz ornuna goýany Kasym-Žomart Tokaýew Astanada geçýän ykdysady forumda. Nur-Sultan, 2019-njy ýylyň 16-njy marty.
Gazagystanyň eks-prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (sagda) hem onuň öz ornuna goýany Kasym-Žomart Tokaýew Astanada geçýän ykdysady forumda. Nur-Sultan, 2019-njy ýylyň 16-njy marty.

IÇERKI SYÝASAT. ÖZBAŞDAKLYGYŇ GÖRKEZILIŞI

Öňki prezidentiň ýardamy bilen wezipä saýlanandan soň, ýurduň paýtagtyny Nur-Sultana öwrenhem eks-prezidentiň gyzy Dariga Nazarbaýewany senatyň başlygy wezipesine bellän oruntutardan, bir ýylyň dowamynda beýle özbaşdaklyga garaşmandylar. Dariga Nazarbaýewanyň ol wezipesi iş ýüzünde hiç bir häkimiýete – çözüji derejä eýe däl, ýöne prezident işden çekilse ýa-da ölse hut senatyň başlygy döwlet baştutany wezipesini eýeleýär. Bu mehanizm geçen ýylyň martynda «işe girizilipdi», senatyň ýolbaşçysy bolan Tokaýew N. Nazarbaýewiň wezipeden çekilmegi bilen wagtlaýyn döwlet baştutany boldy. Nazarbaýew bolsa Howpsuzlyk geňeşiniň ýolbaşçysy – ýurtdaky iň täsirli organyň başlygy bolup galdy, ýagny Nazarbaýew Tokaýewe diňe prezidentlik kürsüsini berip, başga häkimiýeti öz elinde saklap galdy. Şeýlelikde, ol kürsiniň Dariga Nazarbaýewa geçäýmegi-de mümkindi. Ýöne eks-prezidentiň 57 ýaşly gyzy diňe 14 aý senatyň başlygy wezipesinde oturdy. 2-nji maýda Tokaýew öz permany bilenNazarbaýewanyň deputatlyk ygtyýarlygyny ýatyrdy. Dariga hiç bir täze wezipe almazdan, parlamentden çykmaly boldy.

«Biblioteka»- Nursoltan Nazarbaýewiň iş edarasyny bilermenler şeýle atlandyrýarlar, öň şol ýerde ýurduň ilkinji prezidentiniň uly kitaphanasy bolup, Nazarbaýew wezipeden çekilenden soň ony özüne iş edarasy edindi – hawa, «Biblioteka»Dariga Nazarbaýewanyň wezipeden çetleşdirilmegine açyk ýagdaýda hiç bir reaksiýa bildirmedi.

Orsýetli syýasaty öwreniji hem-de GDA döwletleri we Merkezi Aziýa boýunça bilermen Arkadiý Dubnowyň pikiriçe, soňky döwürde «Bibliotekanyň»güýji gowşaýar. «Onuň ýurduň syýasy atmosferasyna täsiri peselýär hem beýle bir ähmiýetli däl», bu «aýratyn-da Dariga Nazarbaýewanyň wezipeden boşadylmagy bilen aýan boldy». Şol wagtyň özünde, rus bilermeni Tokaýewiň hökümetiniň güýçlenýändigini belleýär.

«Bagtym ýokdy, betbagtlyk kömek etdi»diýen nakyl bar, koronawirus pandemiýasy hem-de fewral aýynda Jambyl oblastynyň Kordaý raýonynda bolan milletara çaknyşyklar hem ýüz beren bidüzgünçilikler Tokaýewiň hökümetini güýçlendirendigini A. Dubnow belleýär. Tokaýew muny ýerli hökümetiň gowşaklygy hem başarnyksyzlygy bilen baglanyşdyryp, sebitiň ýolbaşçylaryny, şol sanda Nazarbaýewiň goýan adamlaryny çalyşdy. Bu bolsa ikinji prezidentiň täsiriniň artmagyna getirdi.

— Şol çylşyrymly ýagdaý ýüze çykanda, prezident Tokaýew haýsydyr bir syýasy täsire seretmezden, mejbury ýagdaýda aýgytly hereket etmeli boldy. Ol bolsa muny garaşylandan has oňat başardy. Bu onuň wezipe ähmiýetini ýokarlandyrdy – diýip, Arkadiý Dubnow belleýär.

Kasym-Žomart Tokaýew (merkezde)«Nur Otan»partiýasynyň gurultaýynda,onuň kandidaturasyny prezidentlige görkezdiler. Çepde – şol wagt senatyň ýolbaşçysy bolan Dariga Nazarbaýew, sag tarapda eks-prezident hem «Nur Otan»partiýasynyň lideri Nursoltan Nazarbaýew. Nur-Sultan, 2019-njy ýylyň 23-nji apreli.
Kasym-Žomart Tokaýew (merkezde)«Nur Otan»partiýasynyň gurultaýynda,onuň kandidaturasyny prezidentlige görkezdiler. Çepde – şol wagt senatyň ýolbaşçysy bolan Dariga Nazarbaýew, sag tarapda eks-prezident hem «Nur Otan»partiýasynyň lideri Nursoltan Nazarbaýew. Nur-Sultan, 2019-njy ýylyň 23-nji apreli.

Dariga Nazarbaýewanyň wezipeden çetleşdirilmegi Tokaýewiň garaşylmadyk ilkinji ädimi däl, kadrlar meselesinde başga-da düýpli öwrülişikler bolupdy. Geçen ýylyň awgustynda Tokaýew Gazagystanyň Belarusdaky ilçisi Ermuhamet Ertysbaýewi wezipesinden boşadypdy, ol Nazarbaýewiň köp ýyllyk işdeş ýoldaşydy. Üstesine-de onuň işden boşadylmagy geň ýagdaýa gabat geldi, ol ýene üç aý işläp bilse, pensiýa çykmalydy. Şu ýylyň maý aýynda Tokaýew Tamara Duýsenowany özüne kömekçi edip aldy, Nazarbaýew bolsa ony köpçüligiň öňünde tankytlap: “Tamara, sen ýadadyňmy?” diýip, işden boşadypdy. Nazarbaýewiň ýolbaşçylyk edýän «Nur Otan»partiýasyndan işden boşadylan Maulen Aşirbaýewi hem işsiz goýman, öz administrasiýasyna kabul etdi hem-de 4-nji maýda Maulen Aşirbaýewi Dariga Nazarbaýewanyň ýerine senata başlykbelledi.

— Indi parlamentiň ýokary palatasy prezidentlik inisiatiwasyny ýa-da kandidaty öňe sürmäge ukypsyz bolar. Munuň özi güýç ulanyjy bloklara, şonuň bilen birlikde Howpsuzlyk geňeşinde köplügi Tokaýewiň öz eline alýandygyny aňladýar. Iş ýüzünde möhüm ugurlaryň ählisi Nazarbaýewiň elinden gidip, häzir oňa «Nur Otan»partiýasynyň ýolbaşçylygy galdy. Elbetde, munuň özi az zat däl – diýip, Gazagystandaky Parlamentariz ösüş fondunyň bilermeni Wiktor Kowtunowskiý hasap edýär. Ol bilermen «[Tokaýewiň] kabul eden kararlarynyň arasynda iň möhümi Dariga Nazarbaýewanyň wezipeden çetleşdirilmegi boldy», bu «tranzit ylalaşyklarynyň bölünýändigini»aňladýar diýip hasaplaýar.

Geçen aýda Tokaýew HHK-nyň başlygy Karim Masimowa hem-de goranmak ministri Nurlan Ýermekbaýewe general-leýtenant çinlerini berdi. Geň tarapy, olar generallyk çinini mundan bir ýyl öň N. Nazarbaýewiň elinden alypdylar.

Belarusdan bolan syýasy synçy Ýuriý Drakahrustyň bellemegine görä, Tokaýew ýokary gatlagyň arasynda özüni goldaýanlary köpräk gazanmaga çalyşýar.

— Tokaýew Nazarbaýewiň kölegesinden çykýar. Darigany çetleşdirmegi Nazarbaýew üçin şarpyk bolmaýanda-da, gaty çynlakaý özbaşdaklyk. Bu ugurda Tokaýewiň öz kadrlaryny goýmagy gaty möhüm. Ýoldaş Staliniň aýdyşy ýaly, «bar zady kadrlar çözýär». Meniň bilşime görä, Tokaýew örän seresaply, öz kadrlaryna ünsli çemeleşýär. Muny bolup geçýän ýagdaýlar görkezýär. Tokaýew şerte görä hereket edýär, onuň ýagdaýy gün saýyn özgerýär. Haçan-da ol möhüm wezipelere öz adamlaryny goýanynda, munuň özi belli derejede Nazarbaýewiň kölegesinden çykýandygyny görkezýär – diýip, Ýuriý Drakahrust aýdýar.

Möhüm barlaglaryň «Alternatiwasy»merkeziniň direktory Andreý Çebotarýowyň pikirine görä, Kasym-Žomart Tokaýewe doly özygtyýarly prezident diýmekden entek ir, sebäbi Nursoltan Nazarbaýew şindizem Howpsuzlyk geňeşiniň başlygy bolup durýar hem-de uly täsire eýe bolan «Nur Otan»partiýasyna ýolbaşçylyk etmek bilen resmi we resmi däl häkimiýete eýelik edýär. Ol içerki ýokary gatlakdaky topara, güýç ulanyjylara, möhüm ykdysady aktiwlere hem maliýe akymlaryna kontrollygy öz elinde saklaýar.

— Beýleki tarapdan, tebigy faktorlar sebäpli onuň kontrollygy kem-kemden gowşaýar. Şonuň üçin öňki prezident öz oruntutaryny syýasy taýdan goldamaga mejbur, onuň bilen aram gatnaşyklary saklamaga çalyşýar – diýip, Andreý Çebotarýow belleýär.

Andreý Çebotarýowyň pikirine görä, Nursoltan Nazarbaýew bir tarapdan Tokaýewiň hökümetdäki pozisiýasyny berkitmeli, bu oňa ýurtda ýola goýlan syýasy ugry saklamak hem «Maşgala»statusyny goramak üçin gerekli, beýleki tarapdan Nazarbaýew prezidentlik ygtyýarlygyny dolulygyna Tokaýewe bermäge howlukmaýar, özüne hem töweregindäkilere bir islenmeýän zat bolmazlygy üçin, hökümetdäki möhüm ugurlary öz elinde saklaýar.

DAŞARKY UGURLAR HEM WAGT«NAZARBAÝEWIŇ HAÝRYNA IŞLEMEÝÄR»

Syýasy bilermenler soňky wagtlarda Gazagystanyň daşarky syýasatynda käbir özgerişligiň bolup geçýändigini belleýärler. 19-njy maýda geçen Ýewreaziýa Ýokary ykdysady geňeşiniň onlaýn-sammitinde bu birleşige teklip edilýän bäş ýyllyk integrasiýa strategiýasynyň häzirki ýagdaýynda, «hökümetiň hem parlamentiň garaşsyzlygyny çäklendirýär»diýip, Tokaýew çykyş etdi. Ýöne onuň teklip eden strategiýasy geçmedi. Käbirleri Tokaýewiň teklibini Gazagystanyň içinde köpçüligiň ünsüni özüne çekmek üçin aýdylan pikir hökmünde kabul etdi, sebäbi halk arasynda Ýewreaziýa ykdysady geňeşine bolan garaýyş gowy däl, sebäbi bu birleşikde Russiýanyň agalygy ýokary.

Tokaýew prezidentlik wezipesine girişensoň, Russiýa hem Hytaýa – Merkezi Aziýadaky agalyk ugrunda bäsleşýän iki uly döwlete sapar etdi. Moskwa SSSR darganyndan soň 30 ýyla golaý wagt geçse-de, bu sebite öz bähbit zonasy hökmünde garaýar. Pekin bolsa iň iri kredit beriji döwlet bolup, Merkezi Aziýanyň çig malyny satyn almak bilen ykdysady, harby we medeni täsirini artdyryp barýar. Eger N. Nazarbaýew döwründe Gazagystan bilen Russiýa Baky dostluk hem hyzmatdaşlyk Deklarasiýasyna gol çeken bolsa, Tokaýew döwründe Gazagystan Hytaý bilen «baky strategiki hyzmatdaşlyk» şertnamasyny baglaşdy.

Hytaýyň prezidenti Si Jinping öz ýurduna resmi sapar bilen gelen Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen. Pekin, 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabry.
Hytaýyň prezidenti Si Jinping öz ýurduna resmi sapar bilen gelen Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen. Pekin, 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabry.

Nazarbaýew wezipeden çekilnden soň, ilkinji aýlarda halkara meselelerine işjeň gatnaşdy. Geçen ýylyň oktýabrynda Bakuwda geçen türki döwletleriň özara hyzmatdaşlyk GeňeşiniňsammitindeTokaýew däl, hut ol Gazagystana wekilçilik etdi. Ondan birnäçe gün soňra Nazarbaýew Ýaponiýanyň täze imperatorynyň täç geýdiriliş dabarasyna gatnaşdy. Noýabr aýynda Nazarbaýew Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň Daşkentde geçen duşuşygyna gatnaşdy. Ýöne soňky wagtlarda eks-prezident halkara çärelerinde seýrek görünýär. Ol Ýewreaziýa Ýokary ykdysadygeňeşiniň onlaýn-sammitinde hem görünmedi, ýogsa geçen ýyl ol ykdysady bileleşigiň bir bölüminiň hormatly başlygy wezipesine-de saýlanypdy. Golaýda bolsa Russiýanyň prezidenti W. Putin 24-nji iýunda Moskwada geçmeli Ýeňiş paradyna prezident Tokaýewi çagyrdy. Şeýle çakylygyň Nazarbaýewe gowşup-gowuşmadygy belli däl, ýöne geçen ýyl Ýeňiş paradynyň hormatly myhmany prezident Tokaýew däl, eýsem Nazarbaýew bolupdy.

— Nazarbaýewiň daşarky syýasat aktiwligi onçakly ýokary däl, ol prezident Tokaýewiň abraýyna kölege salyp bilmeýär. Daşarky syýasat meselesinde Tokaýew baş planda durýar hem ol bu ugurda özüni diýseň özbaşdak alyp barýar. Wagt hem döreýän kyn şertler Nazarbaýewiň haýryna işlemeýär, diýmek, ol Tokaýewiň haýryna, ol bolsa muny häzirlikçe üstünlikli peýdalanmagy başarýar. Ýöne agyr pursatlar entek öňde, munuň barysy häzirki prezidentiň alnyndan çykar, ol mundan nähili baş alyp çykjak – ony göreris – diýip, öň Gazagystanyň hökümetinde işlän, häzirki oppozisiýada durýan ykdysatçy Pert Swouk aýdýar.

Nursoltan Nazarbaýewiň 80 ýaşynyň dolmagyna bir aýdan hem az wagt galdy. Onuň hormatyna Gazagystanyň paýtagty, aeroport, uniwersitet, mekdepler hem dürli obýektler Nazarbaýewiň adyny göterýär, oňa diri wagtynda ýadygärlik goýuldy, onuň öňki rezidensiýasynda öz saýlan adamy otyr.

Nazarbaýew wezipeden çekilnden soňra, onuň öz ornuna goýan adamy «hökümet tranzitiniň» azyndan üç ýyl öň gowy taýýarlanandygyny aýtdy.

«Men köçeden gelmedim ahyryn». Tokaýew özüniň prezidentlige taýýarlanyşyny gürrüň berýär(2019-njy ýylyň iýuny):

Parahatçylyk ýoly bilen prezidentlik wezipesini bir liderden beýleki lidere geçirmek öňki sowet giňişliginde beýle bir ýaýbaň däl. Täze taryhda munuň dürli usullary bar. Gazagystanyň demirgazygyndaky goňşusy Russiýada Boris Ýelsin öz wezipesini Wladimir Putine beripdi. Olar özara gelnen ylalaşygy saklana meňzeýär. Gazagystanyň günorta goňşusy Gyrgyzystanyň tejribesinde bolsa Almazbek Atambaýew öz töweregindäki ynanýanyna prezidentlik wezipesini geçirenden soň, Sooronbaý Žeýenbekow ony türmä saldy.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG