Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda çinownikler öz biometriki pasportlaryny “wagtlaýyn” Migrasiýa gullugyna tabşyrmaly


Türkmenistanyň raýatynyň biometriki pasporty
Türkmenistanyň raýatynyň biometriki pasporty

Geçen hepde Türkmenistanda çinowniklerden özleriniň biometriki pasportlaryny üç günüň dowamynda Döwlet Migrasiýa gullugyna tabşyrmak talap edildi. Bu barada “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri 18-nji iýunda habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, pasportlar ol ýerde wagtlaýyn saklanar, ýöne munuň möhleti we sebäpleri mälim edimeýär.

Bu buýruk ministrlikleriň we döwlet kärhanalarynyň ýolbaşçylaryna, şeýle-de welaýat we etrap häkimlerine degişlidir. Gulluk sebäpli daşary ýurtlara syýahat edýän adamlara kadadan çykma görnüşinde biometriki pasportlaryny saklap galmaga rugsat berilýär.

“Tassyk bolmadyk maglumatlara görä, bu talap olaryň ýanýoldaşlaryna-da degişlidir” diýip, neşir ýazýar.

Maýyň ahyrlarynda Azatlyk Radiosy Türkmenistanda raýatlar üçin biometriki pasport almagyň kynlaşandygyny habar berdi. Lebap we Balkan welaýatlarynda Döwlet Migrasiýa gullugy raýatlara biometriki pasport bermek işlerini wagtlaýyn togtadypdy.

"Lebabyň we Balkanyň Döwlet migrasiýa gulluklarynyň öňünde her gün 150-200 adam üýşýär. Ýöne 15-nji maýdan bäri bu ýere barýan adamlara biometriki pasport bermek işleriniň duruzylandygyny aýdýarlar. Gullugyň işgärleri raýatlara daşary ýurtlara sapar etmäge rugsat berýän bu pasportlaryň şu ýylyň oktýabryndan ýa-da 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan berlip başlanjakdygyny aýdýarlar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 22-nji maýda gürrüň berdi.

Biometriki pasport Türkmenistanda raýatyň ýurtdan gidip-gelmegine mümkinçilik berýär. Türkmen raýatlarynyň pasport almakda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň fonunda, Türkmenistanda türkmen-rus goşa raýatlygy bolan adamlar hem Döwlet Migrasiýa gullugyndan pasport almaga synanyşýar.

18-njy maýda Russiýanyň “Nezawisimaýa gazeta” neşiri Aşgabatdaky rus ilçisi Aleksandr Blohine salgylanyp, Türkmenistanda goşa raýatlygy bolan 9,600 adamdan häzirki wagtda 2,000 töweregi adama biometriki pasportyň berlendigini habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri 2019-njy ýylyň tomsunda, on ýyllyk arakesmeden soň, rus-türkmen goşa raýatlygy bolan adamlara pasport bermek işlerini täzeden ýola goýdy.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanda häkimiýetleriň goşa raýatlygy bolan adamlara biometriki pasport bermekden ýene ýüz öwürýändiklerini habar beripdi.

Ýatlasak, türkmen-rus goşa raýatlygy bolan adamlara 2019-njy ýylda täzeden pasport berlip başlanmagy, Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda täze gaz ylalaşygyna gol çekilen wagtlaryna gabat gelipdi.

Türkmenistanyň 2008-nji ýylda kabul eden Konstitusiýasynda goşa raýatlyk göz öňünde tutulmaýar.

Azatlyk Radiosy türkmen emeldarlaryndan olaryň biometriki pasportlarynyň wagtlaýyn ýygnalmagy babatynda edilýän talaplar boýunça Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugyndan kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmen kanunçylygyna görä, raýatyň daşary ýurtlara sapar etmegine hukuk berýän hem-de onuň şahsyýetine güwä geçýän üç dürli resminama bolup, bular adaty raýatlar üçin Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty – biometriki pasport, ýokary döwlet wezipelerindäki adamlar hem-de döwlet gullukçylary üçin degişlilikde raýatyň diplomatiki pasporty hem-de gulluk pasportydyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG