Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky iň soňky ýadro şertnamasyny halas etmek üçin geçirilýän gepleşikler Wenada başlaýar


Russiýada "Awangard" yklymara ballistik raketasy asmana atylýar.

Birleşen Ştatlary we Russiýa taraplaryň uzak aralyga niýetlenen ýadro ýaraglarynyň sanyny çäklendirýän hem-de soňky esasy ýadro şertnamasy bolan “Täze START” ýadro şertnamasy boýunça iki günlük gepleşiklere 22-nji iýunda Wenada başlady.

Birleşen Ştatlary geçen hepde ýurduň ýarag gözegçiligi boýunça ýokary derejeli gepleşikçisi Marşal Billingsliniň Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow bilen geçiriljek gepleşiklere gatnaşmak üçin Awstriýa sapar etjekdigini mälim etdi.

Russiýa iki ýurduň uzak aralyga niýetlenen ýadro ýaraglarynyň sanyny 1,550-ä çenli çäklendirýän “Täze START” şertnamasynyň möhletiniň uzaldylmagyna çagyrdy. Bu ABŞ bilen Russiýanyň arasynda bar bolan iň soňky ýadro ylalaşygy bolup, onuň möhleti fewral aýynda tamamlanýar.

Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow
Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow

Billingsli bilen Rýabkowyň ikisi-de gepleşiklere gatnaşmak üçin Wena baranlarynda ätiýaçly beýanat berdiler.

Gepleşiklerden özüniň nämelere garaşýandygy barada berlen soraga Billinsea “Göreris!” diýip, jogap berdi. Ol gepleşikleriň mazmuny barada giňişleýin maglumat bermekden saklandy.

Rýabkow hem deň-derejede seresaplylyk bilen žurnalistlere “Hany göreli! Biz elmydama-da umytly” diýip, jogap berdi.

20-nji iýunda Rýabkow “Interfaksa” beren gürrüňinde şertnamanyň möhletini uzaltmak babatynda Russiýanyň argumentleriniň gutarandygyny ýöne bu pikiri şonda-da gozgajakdygyny aýtdy.

“Biz näme sebäpden ylalaşygyň möhletini uzaltmak kararynyň dogrudygyny birnäçe gezek amerikanlara düşündirdi” diýip, şonda ol aýtdy. “Biz olara ozal hem ençeme gezek aýdan zatlarymyz babatynda mundan başga argument hödürlemeris. Elbetde, biz bu purtsatdan öz pozisiýamyzy ýatlatmak üçin peýdalanarys” diýip, ol belledi.

Russiýa “Täze START-y” uzaltmaklygy “dogry we mantykly” hasaplasa-da , “umuman aýdylanda bu şertnama hemme zat däl” diýip, Rýabkow “Interfaksa” gürrüň berdi.

Ýöne Moskwa şertnama täzelenmedik ýagdaýynda ýüze çykyp biljek ýarag bäsdeşliginiň howpy barada birnäçe gezek duýduryş berdi.

Ahyrky netije prezident Donald Trampyň hökümetiniň berjek kararyna bagly bolar diýip, ol sözüne goşdy.

ABŞ-nyň ýokary derejeli ýarag gepleşikçisi Marşal Billingsli
ABŞ-nyň ýokary derejeli ýarag gepleşikçisi Marşal Billingsli

Tramp Aram Aralyga Degişli Ýadro Ýaraglary Şertnamasy (INF) we Eýranyň Ýadro ýaraglary şertnamasy ýaly birnäçe halkara ylalaşykdan çekildi ýa-da olaryň möhletiniň tamamlanmagyna rugsat berdi. Ýöne onuň administrasiýasy “Täze START” şertnamasyny saklap galmak babatynda umumy gyzyklanma bildirdi.

ABŞ ýarag gözegçiligi boýunça Russiýa bilen aradaky ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň möwritiniň geçendigini hem-de ýadro ýaraglary barada geljekde gol çekiljek ylalaşyklara Hytaýyň goşulmagyny isleýändigini aýtdy.

Billingsliniň Awstriýa edýän sapary barada ýaýradan beýanatynda Döwlet departamenti gepleşiklere gatnaşmagy üçin Hytaýa-da çakylyk iberendigini hem-de “üç ýurduň ählisiniň ýarag gözegçiligi boýunça hoşniýetli gepleşikleri alyp barmagynyň zerurdygyny nygtady”

Hytaý onuň gepleşiklere goşulmagy babatynda edilýän synanyşyklary gaýta-gaýta ret edip gelýär. Hytaý özüniň ýadro ammaryny giňeldýän-de bolsa, ol ABŞ-nyň we Russiýanyň ýadro programmalaryndan ep-esli kiçidir.

Güýjüniň möhüm elementi özüniň ýadro ammary bolan ýöne goranyş çykdajylary Birleşen Ştatlaryňkydan ymykly az bolan Russiýa Waşington bilen deňlik isleýändigini aýdýar.

Şeýle-de, ol Waşington bilen ýarag gözegçiligi babatynda, şol sanda ABŞ-nyň tas üç onýyllyk bäri togtadylan ýadro synaglaryny gaýtadan başlamak howpy barada has giňişleýin pikir alyşmak isleýär.

Geçen aý Billingsli Moskwany “Täze START” şertnamasyna girmeýän “strategiki däl” müňlerçe ýadro ýaragyny döwrebaplaşdyrmakda aýyplap, ABŞ-nyň diňe bir Hytaý barada däl, eýsem, Russiýa babatynda-da aladalanýandygyny aýtdy.

“Olar irki eskalasiýalary hem-de ýadro ýaraglarynyň ulanylmagyny makullaýan öjükdiriji ýadro doktrinasyny kabul etdiler” diýip, Billingsli aýtdy we mundan beýläk gazanyljak islendik ylalaşygyň Russiýanyň ýaraglaryna has köp esewan etmelidigini belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG