Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Köplük bolup tä ölýänçä ýenjipdirler". Gazagystanda ölen ýetginjegiň hossarlary näme diýýär?


Şymkendiň ýaşaýjysy, köpçülikleýin uruşdan soň ýogalan Abzalbek Otkirow.

Gazagystanyň Şymkent şäheriniň ýaşaýjysy 17ýaşly Abzalbek Otkirow 23-nji maýda öz deň-duşlary tarapyndan urlup-ýenjildi. Aradan on gün geçenden soň keselhanada ýogaldy. Hadysa boýunça jenaýat işi açylyp, şübhe bildirilýän 5 ýetginjegi tussaga aldylar. Olardan dördüsi kämillik ýaşyna ýetmedik, biri bolsa 18 ýaşynda. Azatlyk Radiosynyň žurnalisti ýogalanyň hossarlary bilen duşuşyp, ol barada köpräk maglumat almak isledi.

Ogluny ýitiren ene dynman aglaýar. Onuň beýleki ogly, häzir maýyp arabasynda oturan ogly özüne ýer tapanok. Ýogalanyň iki gyz jigileriniň biri 14, beýlekisi 9 ýaşynda, olar Abzalbekiň geläýmegine garaşýan ýaly, zol-zol gapa bakýarlar. Içerde agyr ümsümlik bar.

Ýogalanyň ejesi Gülbarşin Barlybaýewa öň hiç wagtda oglunyň biri bilen urşup-sögüşenini eşitmedigini aýdýar.

— Şol gün men işden agyr ýadap geldim. Agşamlyk ýoldaşlary Abzalbeke telefon etdiler. “Eje, men gezip geljek” diýip, ýuwnup-ardyndy-da, aşa gowy görýän iň kiçi jigisini aýnadyp hem birnäçe gezek ogşap, çykyp gitdi. Gijäň ýarynda telefon sesine oýandym. Maňa işdäki bir tanşym jaň edip: “Çaltrak gel, seniň ogluňy urupdyrlar” diýýär. “Ol dirimi?” diýip soradym, şol wagt meniň kelläme gelen ýeke-täk söz şol boldy – diýip, ene gürrüň berýär.

Abzalbek Otkirowyň ejesi Gülbarşin Barlybaýewa.
Abzalbek Otkirowyň ejesi Gülbarşin Barlybaýewa.

Gülbarşin Barlybaýewaoglunyň ýatan jaýyna barypdyr. Abzalbek uzyn boýly – 1. 85 metre ýetip duran ýigit eken. Ene onuň kellesinden hem gulagyndan gan akandygyny görüpdir.

«GÖZÜNI ÝUMDURMAK BAŞARTMADY, HER NÄÇE ÇYTRAŞSAM-DA»

Şymkent polisiýa bölüminiň maglumatyna görä, 23-nji maý gijesi şäherdäki Türkestan oblast çagalar keselhanasyna dürli derejedäki ýara bilen kämillik ýaşyna ýetmedik üç oglany getiripdirler. Şol gün Togys ýaşaýyş mähellesindäki «Meir»söwda merkeziniň ýanynda 11 sany ýaş ýetginjek urşupdyrlar. Olardan diňe biri 18 ýaşynda, galanlary kämillik ýaşyna ýetmedikler eken. Olardan 8 oglan üç ýoldaşyny gowy ýenjip, ol ýerden gaçypdyrlar.

Polisiýanyň maglumatyna görä, üç oglan keselhana ýerleşdirilipdir. Soňra Türkestan oblast saglygy saklaýyş bölüminiň mälim etmegine görä, keselhanada iki oglan galypdyr. Abzalbekiň ýanynda bolan, 2002-nji ýylda doglan bir oglan sag çekgesinden hem dodagyndan ýaralanan eken. Onuň teninde gematom – gan öýme galypdyr. Wraçlar onuň janyna howp salýan zat ýok diýip, 29-njy maýda ony öýüne goýberipdirler.

Abzalbek Otkirow bolsa aradan on gün geçensoň, keselhananyň intensiw terapiýa bölüminde jan beripdir.

— Meniň oglum durmuşy söýüji ýigitdi. Aýdýarlar, kim durmuşdan doýmasa, gözüni açyp gidermiş. Abzalbekiň gözi açyk galdy. Men her näçe çytraşsam-da, gözüni ýumduryp bilmedim – diýip, ene gözýaşna boglup gürrüň berýär.

Abzalbek Otkirow. Maşgala albomyndan alnan surat.
Abzalbek Otkirow. Maşgala albomyndan alnan surat.

Abzalbekiň agasy hem kiçi gyz jigileri suratlara seredip,onuň mekdepde konkursa gatnaşanyny, dabaraly agşamy alyp baranyny gürrüň berýärler.

«SAKLANAN OGLANLARYŇ HOSSARLARY GELDILER»

Abzalbek 2018-nji ýylyň güýzünden bäri Şymkent şäherindäki 6-njy kollejde «kulinariýa»hünäri boýunça okaýan eken. Azatlyk Radiosynyň žurnalistiniň Abzalbek baradaky bilmek islän sowallaryna kollejiň administrasiýasy özlerinde student barada harakteristika – häsiýetnamanyň bardygyny, ondan artyk zat aýdyp bilmejegini mälim etdiler. Kollejiň direktorynyň goly çekilen häsiýetnamada pedagoglar-psihologlar tarapyndan «mugallymlaryň hem studentleriň hormatyny gazanýar», «terbiýeli ýaş ynsan» ýaly jümleler bar. Şeýle hem onuň göreldeli studentdigini, sapaklaryndan sebäpsiz galmaýandygyny, tabşyrylan işi örän arassa berjaý edýändigini, onuň açyk göwünli, dogruçyl studentdigini ýazypdyrlar.

— Dört ýyl mundan öň meniň uly oglum Almas 17 ýaşynda wagtynda, awtomobil heläkçiligine düşüp, maýyp bolup galdy. Ony operasiýa almazlaryndan öň ýagdaýy ýaramazdy. “Biz Almasy ýitirsek näderis?” diýip, kiçi oglum Abzalbekden soranym ýadymda. “Eje, beýle sözi aýtma. Haýyş edýän, beýle diýme” diýip aglady. Ol mydama dogany bilen gezerdi. Ol meniň diregim hem hemaýatçymdy. Indi men onsuz nähili ýaşajagymy bilemok – diýip, Gülbarşin Barlybaýewa aglaýar hem başyny ýaýkaýar.

— Ol biz üçin Ramazanyň soňky gününde doga-dilegler etjekdigine söz beripdi – diýip, ene dowam edýär. – Ol orazasyny hem gutaryp bilmedi. Saklanan oglanlaryň hossarlary geldiler. Ýalbaryp çagalarynyň günsini geçmegimi soraýarlar. Olar ‘seniň ogluň öldi, ony gaýtarmak mümkin däl, indi beýleki oglanlar bir ömrüni türmede geçirmesin’ diýýärler. Eger olar öldürmedik bolsa, meniň oglum ölmezdi.

«TOPARLAÝYN AKYLSYZLYK»

Psiholog Bahyt Žitibekowa ýetginjekleriň arasynda bolýan toparlaýyn uruşlar – kollektiwleýin akylsyzlygyň psihologiki ýagdaýyny görkezýän ýagdaý diýip düşündirýär. Ol bilermeniň sözüne görä, toparyň täsirine düşen adam öz hereketine kontrollygy ýitirýär, özüne aýratynlykda analiz berip bilmeýär, toparlaýyn uruşlarda ýaşlar özüni ulular ýaly saýýarlar.

— Şol ýaşda olar özlerini erkek adam saýmaga çytraşýarlar. Erkek boljak bolup, öz deň-duşlarynyň arasynda özüni taýýarlykly – ýetişen, hamana «güýçli, gahryman» görkezmäge çalyşýarlar. Uruşgan adamlary öz ideallary saýýarlar. Olar öz ýoldaşyna: «Eger biz bilen gitmeseň, biziň tarapymyzda bolup uruşmasaň – sen ýigit däl» diýýärler – diýip, psiholog aýdýar.

Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Gazagystanyň günortasynda ýetginjekleriň arasyndaky toparlaýyn uruşlar hem ondan şikes alýanlar az däl. Gazagystanyň prokuraturasynyň maglumatyna görä, 2020-njy ýylyň başky bäş aýynyň dowamynda Şymkent şäherinde kämillik ýaşyna ýetmedikleriň garşysyna 66 iş açylypdyr. Bu Gazagystandaky iň ýokary görkeziji, Türkestan oblastynda 82 iş açylypdyr.

Şymkent şäher polisiýasynyň derňew bölüminiň aýtmagyna görä, bolup geçen hadysadan soň, Respublikanyň Jenaýat kodeksiniň 106-njy maddasynyň 3-nji punkty boýunça («Saglyga bilkastdan agyr şikes ýetirmek») jenaýat işi gozgalypdyr. Oňa sekiz sany şübhe bildirilýän çekilýär. Sud olardan bäş sanysyny tussag astyna almak barada order beripdir. Iki sanysyndan hiç ýere gitmezlik şerti bilen dilhaty alyp, öýüne goýberipdirler. Ýene biri gözlegde. Saklananlardan dört sanysy kämillik ýaşyna ýetmedikler, diňe biri 18 ýaşly. Polisiýanyň derňew bölümi olaryň kimlerdigi we beýleki maglumatlary bermekden saklandy.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG