Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan we COVID-19: parallel reallyk


Ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi, Aşgabat 

ABŞ-nyň ilçihanasy, türkmen ýolbaşçylarynyň COVID-19-yň ýurtda ýokdugyny aýtmagyna garamazdan, öz raýatlaryna keseliň ýokaşmak howpundan ätiýaç etmegiň zerurdygyny duýdurdy we ýurt içinde sosial aralygy saklamaga çagyrdy. Ilçihananyň bu maglumaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde garşylyk döretdi. Bu aralykda Türkmenistanda möwç alan ýiti pnewmoniýanyň ýaýramagynyň fonunda, COVID-19 mahsus alamatlar bilen diňe bir hassahanalar we döwlet edaralary däl, eýsem gurluşyk meýdançalary, şol sanda daşary ýurt kompaniýalaryň gurluşyk obýektleri karantine ýapyldy. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we döwlet edaralaryndaky çeşmeleri habar berýärler.

Fransiýanyň “Bouygues” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki gurluşyk meýdançalarynyň birinde iş togtadyldy we karantin yglan edildi. Azatlygyň habarçysy 24-nji iýunda "Arkadag" myhmanhanasynyň gurluşyk meýdançasynyň karantine ýapylmagynyň işgärlerde COVID-19 keseliniň tapylmagy bilen baglanyşyklydygyny, desgadaky işleriň wagtlaýyn togtadylandygyny aýtdy. Azatlyk Radiosy "Bouygues" kompaniýasynyň wekilhanasyndan we Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyndan resmi düşündiriş alyp bilmedi.

Iýun aýynyň başyndan bäri Türkmenistanda ýiti pnewmoniýa ýaýraýar, bu kesel koronawirusa mahsus alamatlar bilen dowam edýär. Birnäçe paýtagt we welaýat hassahanalary karantine ýapyldy, saglyk işgärleri üzňelige salynýar, keselhana salnan hassalaryň arasynda saglyk işgärleri hem bar. Hassalaryň arasynda ölenler hem boldy. Bu barada habarçylarymyz ýurt içinden habar berýärler.

Aşgabat, 23 iýun, 2020
Aşgabat, 23 iýun, 2020

Häkimiýetler ýurtda möwç alan pnewmoniýa barada çykyş etmeýärler, şol bir wagtyň özünde-de, Aşgabadyň saglyk öýlerinde ýiti pnewmoniýanyň alamatlary we görülmeli çäreler barada ilat üçin bildirişler peýda boldy.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, soňky günlerde welaýatlaryň saglygy saklaýyş işgärleri koronawirus infeksiýasynyň howplary barada halka habar bermek boýunça çäreleri görüp başladylar. Hususan-da, Lebapda saglyk resmileri ýurtda koronawirusyň ýaýrandygyny ilata açyk aýdýarlar.

Türkmenistanda bolup geçýän ýagdaýlara garamazdan, ýurduň häkimiýetleri ýurduň çäginde koronawirusyň bardygyny ykrar etmeýärler. Tersine, Türkmenistanyň ýolbaşçylygy beýleki döwletleriň Türkmenistandaky öz raýatlaryna koronawirusyň ýokaşmak howpundan hüşgär bolmak barada duýduryş bermegine garşy çykýarlar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Amerikanyň Aşgabatdaky diplomatik missiýasynyň hereketleri ters netijeli häsiýete eýe diýip, çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň websahypasynda metbugat üçin çap edilen beýanatda aýdylýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bu reaksiýasy 23-nji iýunda ABŞ-nyň ilçihanasynyň öz websahypasynda amerikan raýatlary üçin çap eden duýduryşyndan soň peýda boldy, onda ABŞ-nyň raýatlaryna COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak üçin fiziki aralygy saklamak we zerur bolan ýagdaýynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny çäklendirmek ýa-da azaltmak ýaly çäreleri Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň (CDC) rekomendasiýalaryna laýyklykda görmek maslahat berilýär.

"Türkmenistanda COVID-19 bilen kesellänleriň tassyklanan ýagdaýlary barada resmi habarlar bolmasa-da, ABŞ-nyň ilçihanasy COVID-19 mahsus alamatlary bolan ýerli raýatlaryň COVID-19 boýunça synag edilýändigi we on dört güne çenli ýokanç keseller hassahanalarynda karantine salynýandygy barada habar aldy" diýlip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň websahypasynda çap edilen maglumatda aýdylýar.

Diplomatik missiýa ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ABŞ-nyň raýatlarynyň we wekilhanasynyň işgärleriniň saglygyny we howpsuzlygyny goramaga borçludygyny aýdýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň 2020-nji ýylyň 23-nji iýunynda çap eden beýanatynda Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagyna garşy çäreler barada ýoýulan habar bar diýip hasap edýär.

"Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu hili informasion "galplyklaryň" esassyzdygyny we obýektiw däldigini belleýär. Bu meselede ministrligiň resmi wekilleri ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisine ikitaraplaýyn we tassyklanmadyk maglumatlary ýaýratmagyň ýol berilmejekdigi barada birnäçe gezek habar berdiler" diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň beýanatynda aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde, adynyň agzalmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Türkmenistanyň hökümetine ýakyn çeşmeler türkmen häkimiýetleriniň ýurtda COVID-19-yň bardygyny yglan etmäge taýýarlanýandygyny öňe sürýärler.

"Döwlet edaralarynyň arasynda maglumatlar eýýäm ýaýrady, işgärler anyk görkezmelere garaşýarlar. Saglygy saklaýyş ministrligi ähli lukmanlar tarapyndan maska we ellik geýmek barada berk düzgünleri eýýäm girizdi, beýleki öňüni alyş çäreler barada indiki görkezmelere garaşýarlar" diýip, Azatlygyň habarçysy 23-nji iýunda döwlet edaralaryndaky çeşmelerine salgylanyp habar berdi. Şeýle-de onuň sözlerine görä, 22-nji iýunda Saglygy goraýyş ministrliginde geçirilen ýygnaklarda ýurtda COVID-19 ýokaşan 70 adam baradaky sanlar resmiler tarapyndan agzalypdyr.

Azatlyk Radiosy bu maglumaty Türkmenistanyň saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden resmi görnüşde tassykladyp bilmedi.

Mundan başga-da, Türkmenistandaky habarçylarymyz we çeşmelerimiz ýurduň häkimiýetleriniň, indiki aýyş başynda birnäçe çäklendirmeleri girizmäge we pugtalandyrmaga taýýarlanýandygyny, munuň şol sanda hereket çäklendirmelerine degişli boljagyny habar berdiler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG