Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň häkimiýetleri adamlaryň sakgalyny syrmak çärelerini güýçlendirdiler


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň häkimiýetleri yslam däp-dessurlaryny berjaý edýän raýatlary yzarlamak we sakgal goýberen adamlaryň sakgallaryny syrmak çärelerini güýçlendirdiler.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdan habar berýän habarçysy bu çäreleriň welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherinde we Farap etrabynda geçirilýändigini aýtdy.

"Birinji günden bäri ýaş dindarlarda we ýaşy 60-dan geçmedik adamlarda sakgal bolsa, olary polisiýa merkezine alyp gidýärler. Bu ýerde olaryň sakgallaryny syrýarlar. Bu işleri bazarlarda we köçelerde aýlanýan polisiýa we Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri amal edýärler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 2-nji iýulda gürrüň berdi.

Habarçy soňky döwürde 20-35 ýaş aralygyndaky adamlaryň arasynda sakgal goýýanlaryň köpdügini, olaryň sakgallarynyň uzynlygynyň ortaça 1,5-3 santimetr aralygyndadygyny hem belledi.

Onuň sözüne görä, polisiýa bölümlerine eltilen bu adamlara "dini ekstremist" we "wahabist" diýlip şübhe bildirilýär. Şeýle-de, polisiýa we Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri paýyş sözleri ulanyp, adamlaryň mertebesini kemsidýärler.

"Olar sakgaly syrylýan adamlara "Sizler türk içalylary. Iki gün türkde işläp, türk däbini bärde ýöretjek bolýarsyňyz" diýýärler. Olar başga-da ençeme paýyş sözi ulanýarlar, adamlaryň üstünden gülýärler" diýip, bu ýagdaýy başdan geçiren lebaplylaryň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçynyň aýtmagyna görä, polisiýa we MHM-niň işgärleri adamlara ýene sakgal ösdürip, ikinji gezek saklanan raýatlaryň 15 gije-gündiz tussaglykda saklanjakdygyny hem duýdurýarlar.

"Bu çäräniň güýçlenmegi netijesinde welaýatyň her etrabynda ortaça ýüz adamyň sakgalynyň syrylandygy aýdylýar. Şeýle-de, başga-da şonça adam, polisiýa tarapyndan saklanmakdan alada edip, öz sakgallaryny özleri syrypdyr" diýip, habarçy etrap ýaşaýjylarynyň ençemesine salgylanyp aýtdy.

Habarçy türkmen häkimiýetleri tarapyndan adamlaryň sakgalynyň syrylmagy bilen bagly ýagdaýyň her ýyl diýen ýaly gaýtalanýandygyny belläp, geçen ýyl 20-55 ýaş aralygyndaky sakgally adamlaryň uçara we otla goýberilmändigini hem aýtdy.

"Geçen ýyl sakgally adamlary uçara we otla goýbermän, şol ýerde olaryň sakgallaryny syrdylar" diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Lebap welaýat we Farap etrap häkimliklerinden, şeýle-de Milli howpsuzlyk ministrliginiň Türkmenabatdaky edarasyndan kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda raýatlaryň sakgal goýbermegine girizilen gadagançylyklar indi ençeme ýyl bäri dowam edýär we bu çäreler wagtal-wagtal güýçlendirilýär.

Türkmen häkimiýetleriniň dil üsti bilen berýän görkezmeleri esasynda amal edilýändigi aýdylýan bu gadagançylyklar soňky gezek geçen ýylyň martynda Aşgabatda güýçli depginde talap edilipdi. Şonda Aşgabadyň polisiýasynyň saklanan raýatlary sakgally we sakgalsyz surata düşürýändigi hem aýdyldy.

Türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň daş-kesbi bilen bagly gadagançylyklary munuň bilen hem çäklenmeýär.

Şu ýylyň fewralynda Lebap welaýatynyň edara-kärhanalarynda ýaşy 40-dan aşan erkek işgärlere saçlaryny gara reňke boýamak gadagan edilip, olardan "Arkadagyňky ýaly" çal saçly bolmak talap edildi.

Türkmen häkimiýetleri bu gadagançylyklar we olaryň sebäpleri barada ilat köpçüligine aç-açan düşündiriş bermeýärler. Bu barada döwlet mediasynda hem hiç zat aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG