Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow 'baş çäreçisini' täzeläp, täze iş orunlaryny döretmek meselesine indiki ýyl seretjekdigini aýtdy


Täze bellenen wise-premýer Mährijemal Mämmedowa. Türkmen TW-sinden alnan surat

3-nji iýulda prezident Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy N.Garlyýewi hem wezipesinden boşatdy. Şeýle-de ýurduň bilim ministri täzelendi.

Türkmen hökümetiniň nobatdaky mejlisinde ýene bir alty aýda “halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynda durnukly ösüşiň üpjün edilendigi” aýdyldy, şol bir wagtda-da nobatdaky kadr çalyşmalary geçirildi, prezident “täze iş orunlaryny döretmek” programmasynyň ýerine ýetirilmeýändigini boýun aldy.

3-nji iýulda “gidiberiň” diýlip, mejlis salyndan çykarylanlaryň arasynda prezidentiň halk içinde “baş çäreçi” diýip tanalýan egindeşi, medeniýet we metbugat boýunça wise-premýeri Bahargül Abdyýewa hem bar.

Geçen aýyň başynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi boýunça nägilelik bildirilen wise-premýeriň başga işe geçýändigi aýdyldy. Abdyýewa biraz öň käýinç we soňky duýduryş berildi.

3-nji iýulda prezident Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy N.Garlyýewi hem wezipesinden boşatdy. Adbyýewadan tapawutlylykda, ol wezipesini “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” ýitirdi. Ýöne habarda, adatça bolşy ýaly, bu ‘düýpli kemçilikler’ anyklaşdyrylmaýar. Şeýle-de ýurduň bilim ministri täzelendi.

Döwlet baştutany täze bellän wise-premýeri Mährijemal Mämmedowadan hem “durmuşa geçirilen ägirt uly işleriň many-mazmuny anyk mysallar arkaly görkezmegi” talap etdi.

Hususan-da prezident “azyk bolçulygyny üpjün etmek, ...döwrebap kärhanalary döretmek boýunça gazanylan üstünlikleri giňden beýan etmek gerek” diýdi.

Azatlygyň we beýleki garaşsyz neşirleriň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň ilaty soňky ýyllarda barha ýitileşýän işsizlik, azyk kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýar, döwlet habar serişdelerinde aýdylýan “azyk howpsuzlygy” hakykatda ýok, adamlar çörek üçin ir sagatlardan uzyn nobata durmaly bolýarlar, goşun gullugyndan boşan ýaşlar, işsizlik zerarly, uçar gatnawlarynyň açylmagyna garaşýarlar we ýurtdan çykyp bilseler, gaýdyp yzlaryna gelmejekdiklerini aýdýarlar.

Mejlisde prezident Ezizgeldi Annamuhammedowy maliýe we ykdysadyýet ministri, türkmen hökümetinden ÝB-niň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandaky dolandyryjysy wezipelerinden boşadyp, başga işe geçirdi. Annamuhamedow bu wezipä fewral aýynda bellenipdi. Onuň ornuna ozal orunbasary bolup işlän M.Serdarow bellendi.

Türkmenistanyň ilaty soňky aýlarda, azyk gytçylygy we bahalaryň ýokarlanmagy, işsizligiň ösmegi bilen bir hatarda, barha çylşyrymlaşýan maliýe kynçylyklary bilen hem ýüzbe-ýüz bolýar, hökümet başlygy, sermaýa çekmek üçin ähli şertleriň bardygyny aýdyp, nebit-gaz pudagyna, oba hojalygyna, önümçiligi giňeltmek üçin daşary ýurtlardan maýa çekmegi yzygiderli talap edýär.

Emma synçylar Türkmenistanda daşary ýurt maýasynyň howpsuzlygyny kepillendirýän şertleriň ýeterlik däldigini we şu sebäpden bu ýurtda maýa ýatyrjak maýadarlaryň azdygyny öňe sürýärler. Megerem şu ýagdaý bilen bagly, döwlet ministri — "Türkmengaz" döwlet konserniniň başlygy Myrat Arçaýew hem, “işde goýberen kemçilikleri üçin” diýlip, wezipesinden boşadyldy.

Şeýle-de, prezident, başga işe geçmegi sebäpli diýip, H.Geldiýewi Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşatdy.

Şol bir wagtda, wise-premýer M.Meredowyň hasabatynda getirilen ösüş sanlaryna garamazdan, prezident anyklaşdyrmazdan, nebit-gaz toplumynda “ösüş depgininiň ...pes bolandygyny” boýun aldy.

Täze bellenen maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň “öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipelerden” çen tutulsa, dünýä ykdysadyýetindeki ýagdaýlar bilen baglylykda, 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamaga örän jogapkärli çemeleşmeli.

“Býujetiň girdejili çeşmeleri esaslandyrylan we kanunalaýyk bolmaly, çykdajy ugurlary netijeli we maksadalaýyk maliýeleşdirmelidi” diýip, prezident belledi. Şeýle-de ol býujetde mätäçlik çekýän adamlaryň nazarda tutulmalydygyny, olar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmalydygyny, “bu tabşyrygy birnäçe gezek gaýtalap aýdýandygyny” ýatlatdy.

Türkmenistanda ilatyň mätäçlik çekýän ýa-da resmi garyplyk derejesinden aşakda ýaşaýan bölegi hakyndaky maglumatlar çap edilmeýär, ykdysady çökgünlik, işsizlik, tebigy hadysalar bilen bagly kyn ýagdaýa düşen hojalyklara, maşgala agzalaryna berilýän döwlet kömegi hakyndaky maglumatlar garaşsyz neşirler üçin elýeterli däl.

Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda “täze iş orunlaryny döretmek boýunça tassyklanan maksatnamanyň doly möçberde ýerine ýetirilmeýändigini” hem dile getirdi.

Bu beýanat daşary ýurtlardaky türkmen migrantlarynyň we aktiwistleriniň ýurt içindäki mätäçlik, garyplyk we daşary ýurtlara iş gözläp giden raýatlaryň öňünde döredilýän emeli päsgelçilikler babatdaky nägilelikleriniň ozal görülmedik derejede güýçlenen wagtyna gabat geldi.

Emma muňa garamazdan, Berdimuhamedow täze iş orunlaryny döretmek meselesine häzir däl, “şu ýyl tamamlanandan soň, aýratyn serediljekdigini” aýtdy.

Türkmenistan nebit-gaz bahalarynyň global arzanlamagy, koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda çekýän uly ykdysady zyýanlaryna, ilatynyň ýüzbe-ýüz bolýan durmuş kynçylyklaryna garamazdan, şäher we beýleki gurluşyk taslamalaryny dowam etdirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG