Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran Türkmenistana möhleti geçen bergileri üçin zyýan tölegini tölemejegini duýdurýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýranyň öňki prezidenti Mahmut Ahmedinejat (sagda) iki ýurduň arasyndaky soňky gaz geçirijini işe girizmek dabarasyna gatnaşýar. 6-njy ýanwar, 2010-njy ýyl. Arhiwden alnan surat.

Resmi Eýranyň Türkmenistana bergilidigini gepleşikleriň dowamynda hemişe nygtaýandygyny we  bergilerini şu agta çenli töläp bilmezliginiň ýeke-täk sebäbiniň halkara we bank şertleriniň tölegleri yzygiderli ýagdaýda tölemäge mümkinçilik bermezligi bilen baglydygyny belledi.

Eýran metbugaty Yslam respublikasynyň Türkmenistana, tebigy gaz eksporty üçin möhleti geçen tölegler sebäpli, hiç hili zyýan tölegini tölemejekdigini duýdurýar.

Eýranyň Nebit ministrliginiň ýokary derejeli işgäri Kasra Nouri Türkmenistanyň Eýrana tebigy gaz eksporty baradaky şertnamanyň jikme-jiklikleri we iki tarapyň arasyndaky düşünişmezlikler barada arbitraž sudunyň gelen netijeleri boýunça düşündiriş berdi.

"2005-2013-nji ýyllar aralygynda, öňki [Eýran] administrasiýasynyň işlän döwründe “Türkmengaz” (Türkmenistanyň milli gaz kompaniýasy) Eýrana gaz eksportyny üç tapgyrda kesdi we ýurduň demirgazyk böleginde ýaşaýanlar üçin çynlakaý kynçylyk döretdi" diýip, ol aýtdy.

“2013-nji ýylda “Türkmengaz” möhleti geçen tölegleri almak maksady bilen gaz akymyny kesdi. Ahyrynda, Eýranyň Milli Gaz kompaniýasynyň “Türkmengaza” bolan bergileri, şertnama goşmaçasynda görkezilişi ýaly, göterimi bilen, karz görnüşinde tölenmegi barada karara gelindi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Öňki administrasiýa möhleti geçen bergilerini 7,5 göterim bilen tölemäge razy boldy" diýip, ol soňra, ara alyp maslahatlaşmadan soň, munuň bäş göterim bähbitli karza öwrülendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, ne “Türkmengaz” kompensasiýa talap etdi, ne-de araçy sudýalar Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň Türkmenistana zyýan ýa-da jerime tölemeli boljakdygy barada karar çykardy.

"Araçylar Eýranyň Milli Gaz kompaniýasynyň bergilerini jemlediler we Eýran tarapyna Türkmenistana bergilerini tölemegini talap edýän buýruk berdiler" diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de ol, “muňa derek, Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň Türkmenistan tarapyndan iberilýän gazyň hili we mukdary üçin kompensasiýa talap etmeginiň bir bölegi kabul edildi we degişlilikde Eýranyň Türkmenistana bergilerinden aýryldy" diýdi.

Resmi Eýranyň Türkmenistana bergilidigini gepleşikleriň dowamynda hemişe nygtaýandygyny we bergilerini şu agta çenli töläp bilmezliginiň ýeke-täk sebäbiniň halkara we bank şertleriniň tölegleri yzygiderli ýagdaýda tölemäge mümkinçilik bermezligi bilen baglydygyny belledi.

Şeýle-de ol Tähran bilen Aşgabat arasynda hiç hili gapma-garşylygyň bolmandygyny we ýokarda agzalan oňuşmazlygyň diňe iki tarapyň arasyndaky söwda düşünişmezligi bolandygyny aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, Eýran Türkmenistan bilen hemişe gowy ykdysady gatnaşyk gurmagyň tarapynda çykyş edýär.

Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, Halkara Arbitraž sudy türkmen-eýran gaz dawasynda Türkmenistanyň peýdasyna karar çykardy.

Arbitraž sudunyň çykaran kararyna görä, Eýran 2007-2013-nji ýyllar aralygynda Türkmenistandan satyn alan gazy üçin Aşgabada 2 milliard dollar möçberinde pul tölemäge borçly edildi.

Bu barada “Financial Tribune” neşiri habar berdi. Emma muňa garamazdan, Eýranyň döwlet eýeçiligindäki “Press TV” neşiri 29-njy iýunda Halkara Arbitraž sudunyň Tährany “Türkmengaza” jerime tölemäge borçly edendigi baradaky maglumaty eýran häkimiýetleriniň ret edýändigini habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG