Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Darganatada dollaryň bahasy ýokarlanýan mahaly, gurluşyk harytlary gymmatlaýar


Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda dollaryň "gara bazardaky" bahasy ýokarlanyp, 25 manada golaýlan mahaly, gurluşyk harytlarynyň nyrhlary hem gymmatlaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky çeşmesi habar berýär.

"Şu gün 30 kilogram şpaklýowka 80-100 manatdan satylýar, öň 25 manatdy. 50 kilogram sement 120-150 manatdan, 4 metr şifr 300-500 manatdan, 6mx15sm ululygyndaky 1 tagta 300 manatdan bahalanýar. Her haryt azyndan 50-100 manat gymmatlady" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmämiz 13-nji iýulda gürrüň berdi.

Çeşmämiz käbir beýleki gurluşyk harytlarynyň häzirki bahalary barada hem maglumat berip, 6mx1m20sm ululygyndaky beton plitalaryň 2000 manatdan satylýandygyny hem aýtdy.

"Kafeller diňe daşary döwletlerden getirilýär. Olaryň 1 kwadrat metriniň bahasy 200 manatdan başlanýar. Kafelleriň orta hillisi 2000 manatdan hem gymmat. "Duo" atly diwarlar üçin boýag reňkleriň 20 kilogramy 2830-4000 manat aralygynda durýar" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlygyň çeşmesi bilen söhbetdeş bolan gurluşyk harytlaryny satýan söwdagärler bu gymmatlamanyň sebäplerini "gara bazarda" dollaryň bahasynyň ýokarlanmagy bilen düşündirýärler.

"Gara bazarda 1 dollaryň alyş-çalyş bahasy 24 manat 80 teňňä ýetdi" diýip, çeşmämiz sözüniň üstüne goşdy.

Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi kursuny 2015-nji ýyldan bäri 3,5 manat möçberinde saklap gelýär. Türkmen häkimiýetleri ýurda ykdysady kynçylyklaryň aralaşmagy bilen 2016-njy ýyldan başlap ýurtda dollaryň resmi söwdasyny gadagan etdiler. Munuň yzýany Türkmenistanda walýutanyň “gara bazary” döredi.

Galyberse-de, gurluşyk harytlarynyň gymmatlamagy sebite gelen apy-tupanyň netijesinde ýüzlerçe ýaşaýyş jaýynyň hatardan çykmagynyň yzýanyna gabat geldi. Azatlygyň çeşmesi gurluşyk möwsüminiň başlamagy bilen, harasatdan ejir çeken adamlaryň jaýlaryny dikeltmäge çalyşýandygyny we şol sebäpli gurluşyk harytlaryna bolan talabyň hem artandygyny belledi.

Ýatlatsak, şu ýylyň 27-nji aprelinde Lebap we Mary welaýatlaryna gelen apy-tupanda jaýlara, olaryň üçeklerine ýiti zyýan ýetipdi. 4-nji maýda ýagan güýçli ýagynda bolsa, üçekleri opurylan jaýlaryň içi ýagyn suwlary bilen dolupdy.

Çeşmämiz gurluşyk harytlarynyň bahalary gymmatlaýan mahaly, olaryň käbiriniň hiliniň pese gaçýandygyny we munuň hojalyklaryň ençemesinde betbagtçylyklaryň döremegine sebäp bolýandygyny hem aýtdy.

"Elektro kabeliň 1 metriniň bahasy 50 manatdan bahalanýar. 10 manatdan hem bar, ýöne onuň hili pes. Şu ýyl Darganatada bu arzan kabelden peýdalanan azyndan 15 adamyň öýünde ýangyn döredi" diýip, çeşmämiz belledi.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Darganata etrap we Lebap welaýat häkimliklerinden kommentariý alyp bilmedi.

Belläp geçsek, häzirki wagtda ýurduň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edýär.

Şu ýylyň maýynda prezident gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň talaby ödemeýändigini aýdyp, ogly Serdara ýurtda “sementiň öndürilýän mukdaryny artdyrmak hem-de hilini has-da gowulandyrmak barada tabşyryklary berdi”.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG