Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

«Ýüregiň emri bilen». Medisina işgärlerine ýardam bermek üçin, aktöbeli meýletinçiler birleşýärler


«AntiCovid-19» meýletinçileri birleşdirýär.

Gazagystanyň Aktöbe oblasty sebitdäki koronawirusyň hem ýiti öýken çişmesiniň köp ýaýran ýeri boldy. Häzirki wagtda bu oblastda iki müň çemesi koronawirusa ýolugan hasaba alyndy. Oblastda birnäçe meýletinler birleşip, AntiCovid-19 atly topary döretdiler. Olar keselhanalara baryp, doktorlara hem-de näsaglara meýletin ýardam edýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçysy olaryň birnäçesi bilen duşuşyp, bu meýletin işe nämäniň çekendigi bilen gyzyklandy.

«ÄHLI GÜÝÇKESELHANALARA»

Ýekaterina Golotina, häzir 33 ýaşynda, ol myhmanhana hem restoran işleri boýunça bilermen, «AntiCovid-19» toparyna ýolbaşçylyk edýär.

Ýekaterina Golotina, «AntiCovid-19» wolontýorlar toparynyň ýolbaşçysy
Ýekaterina Golotina, «AntiCovid-19» wolontýorlar toparynyň ýolbaşçysy


– Mart aýynda bu agyr keseliň biziň ýurdumyzdan hem biziň şäherimizden sowa geçmejegine düşündik. Aktöbede ol wirus ýaýrap başlanynda, meýletinçi-ýaşlar birleşip ugradylar. Ahyrynda AntiCovid-19 atly örän gowy dostlukly topar emele geldi. Ol wolontýorlar-ýagşylygy gözleýjiler agyr ýagdaýda operasiýa alnan näsaglary yzarlap başladylar. Şu döwür içinde biziň hereketimiz ykdysady üpjünçiligi pes bolan iki müň çemesi maşgala ýardam etdi. Biz olara azyk iýmitini eltip berdik, käbir mejbur bolanlaryň ýaşaýyş jaý hakyny tölemegi üçin, pul kömegini berdik. Türkestan oblastynyň Maktaaral raýonynda suw joşguny bolanynda, biz olara-da kerwen ugratdyk.

Iýun aýynda pnewmoniýanyň artmagy ýokary çäge ýetende, biz bar güýjümizi keselhanalara gönükdirdik. Kislorod konsentratorlary, ballonlary, dem alyş turbalaryny, reduktorlary – garaz, bu agyr kesel bilen göreşmekde doktorlara hem näsaglara ýardam bolaýjak enjamlary gözledik. Biz iki konsentrator sargadyk, Hudaý halasa olar geler, ýene-de iki sanysyny buýurmakçy. Olaryň her biri 400 müň tengä durýar, ýöne biz kadaly baha satyljagyny gözleýäris. Biziň bir wolontýor gyzymyz kompaniýanyň saýtynyň monitoriňi, ol nirede arzan bahadan satylýanyny gözleýär.

Sen olara bir kislorod ýassygyny elip berseň, soňra doktor: “Şol ýassygyň kömegi bilen bir näsag halas boldy” diýip jaň edýär. Mundan gowy ýagşylyk nämä gerek. Adamlara ýardam etmek – iň esasy zat.

Soňky hepdelerde men öýden çykman, özümi goraýan, ýarawsyzlyk tapyndym, muňa koronawirusyň simptomlary diýdiler. Iki gezek test tabşyrdym, netijesi otrisatel çykdy. Öýden işlemegimi dowam etdirýän.

Aktöbede wolontýor bolmaga höwes bildirýänler köplük. Bu iş üçin näçe hak töleýäňiz, benzinimi töläp biljek diýip soraýanlaram bar. Ýöne hakyky wolontýor pula ýa öwgä garaşmaýar. Häzir biziň AntiCovid-19 birleşigimizde 70 adam bar. Sosial ulgamlardan bizi goldaýanlar hem azlyk däl, olaryň maliýe ýardamy bolmasa, biz gerekli enjamlary satyn alyp bilmezdik. Biz puluň nirä gidendigi barada hasabat berýäris; onuň nirä we näme üçin harç edilýänini her bir adamyň görmegi üçin, bizde bar zat açyk.

«BIZIŇ MEDISINA BILIMIMIZ ÝOK, ÝÖNE WRAÇLARA KÖMEK EDIP BILÝÄRIS»

Bahytgali Orazgaliýew, 34 ýaşynda, işewür topardan:

– Bu epidemiýa güýçlenmezden öň biziň toparymyz ýiten adamlaryň gözlegini alyp barýardy. Biz adatdan daşary ýagdaýlar baradaky departamenti hem polisiýa bilen memoranduma gol çekişip, ýörite okuw sapagyny geçdik. Mart aýynda bolsa wolontýorlar koronawirusa garşy göreşe birikdiler.

Bahytgali Orazgaliýew, işewür topardan, wolontýor.
Bahytgali Orazgaliýew, işewür topardan, wolontýor.

Häzir biziň wolontýorlarymyz kislorodly ballonlary maşyndan düşürmek hem ony infeksiýa keselhanasyna eltmek işi bilen meşgullanýar. Her bir kislorodly ballonynyň agramy 70-80 kg. aralygynda, biz olary ulagdan düşürip, keselhanadaky «gyzyl zolaga» çenli eltýäs, bizi «gyzyl zolakdan» aňry goýbermeýärler.

Biziň medisina bilimizi ýok, ýöne wraçlara kömek edip bilýäris, ýagny olaryň işini ýeňilleşdirýäs. Olar kislorodyň ýokdugy ýa nahar taýýarlanmak üçin alada galmasyn diýýäs.

Keselhanalarda erkek adam az, tehniki hyzmat edýänleriňem aglaba köprägi aýal-gyzlar. Çepiksi gyzlara agyr kislorodly ballonlary daşamak örän kyn. Häzir epidemiýa bilen göreşýän keselhanalaryň ählisi goşmaça ýardama mätäç. Olara ýardam etmek wolontýorlar üçin uly hormat. Men ýiten çagalary hem ýetginjekleri gözlänimde, häzirkim ýaly içki kanagatlanmany duýmandym. Wolontýorlaryň ählisi – alturistler, alturistler örän bagtly adamlar, olar başgalara bagt getirip bilýärler.

«ÝAGŞYLYK ETMELI»

Madina Sabyr, 25 ýaşynda, medisina akademiýasynyň rezidenti, wolontýor:

– Wolotýorlyk işleri bilen studentlik ýyllarymdan bäri meşgullanyp gelýän. Şu ýyl men Aktöbe medisina akademiýasynyň internaturasyny tamamladym. Häzir men rezident. Öz şahsy tejribämden, wolontýorlyk hyzmatynyň adama güýç hem maksat berýändigini bilýän. Seniň ýardamyňy alan adam saňa minnetdarlyk bildirip, ýagşy dilegler edýär. Munuň özi haýyrly iş etmäge itergi berýär.

Madina Sabyr. Medisina akademiýasynyň rezidenti, wolontýor.
Madina Sabyr. Medisina akademiýasynyň rezidenti, wolontýor.

Wraç-rezident bolanym üçin, haýsy keselhanada kynçylygyň bardygyndan habarly, nirede kislorodyň gutarýandygyny, nirede kesellileriň has köplükdigini wolontýorlara aýdýan. Meniň işim şol koordinasiýa bilen bagly, boş wagtlarymda bolsa, ýeke galan garrylara derman eltip berýän hem agyr kesellilere sanjym edýän.

Meniň özüm-ä wolontýorlary aýratyn gahrymanlar hasaplaýan, ýöne olaryň mümkinçiligi çäkli. Biz dünýäni halas edip bilmeris, biz diňe aralykdaky hyzmaty bitirijiler. Biziň tarapdarlarymyz ýönekeý – başga ýagşylyk ediji adamlar. Aktöbe şäherinde şeýle jomart ýürekli adamlaryň köpdügini men öňdenem bilýärdim, muňa pandemiýa wagtynda has gowy göz ýetirdim.

«ADAMLARY HALAS EDÝÄNDIGIŇI GÖRÝÄRSIŇ»

Alekseý Kramar, 34 ýaşynda, inžener-gurluşykçy, wolontýor:

– Wolontýorlar aýratyn gahrymanlar däl, olar jemgyýetiň meselelerine parhsyz garamaýan adaty adamlar. Biziň toparymyzdaky her bir wolontýor häzir agyr şertde durýan doktorlara ýardam edýärler.

Alekseý Kramar, inžener-gurluşykçy, COVID-19 garşy göreşde wraçlara ýardam beriji.
Alekseý Kramar, inžener-gurluşykçy, COVID-19 garşy göreşde wraçlara ýardam beriji.

Men bir gowy günde bu topara goşulyp, işe girişip gitdim. Ýardam bermäge höwesli bolan adamlaryň köpdügine göz ýetirdim.

Aktöbäniň keselhanalarynda bilermenler ýetmezçilik edýär; wraçlar, medisina işgärleri, sanitarlar – barysynyň işi ýeterlik, olaryň her biri birnäçe adamyň ornuna işleýärler. Biziň toparymyz olara günortanlyk hem agşamlyk naharyny alyp barýarlar. Dükanlarda, kafelerde hem restoranlarda ýardamçylar bar. Biz olaryň berenlerini keselhananyň gapysyna eltýäs, gapynyň agzyndan ony içine alýarlar.

Elbetde, wolontýorlyk işi köp wagtyňy hem güýjüňi alýar, ýöne başgalara ýardam edeniňde ullakan sagbolsun aýdýarlar. Mundan nähilidir derejede göwnüň kanagatlanýar.

«ÝAGŞYLYK EDENIŇDE, ÇAGA ÝALY UKLAÝAŇ»

Sofiýa Molodoženýa. 26 ýaşynda, satyjy, wolontýor:

– Kimdir birine wolontýor bolmagy buýrup bolmaz, bu işe her kim öz ýüreginiň emri bilen gelýär. Kimdir biri bu topardan çykýar, kimiň ýaş ýagasy bar, biriniň işi ýeterlik, başga biri entek başgalara ýardam etmäge ruhy taýdan taýýar däl, munuň özi hakyky wolontýorlary tapmagyň kyndygyny aňlatmaýar. Biz hiç kimi ýazgarjak bolamzok. Örän köp adam bize maliýe taýdan ýardam edýär, ýöne olar wolontýorlar däl. Olar bolmasa, biz hiç iş edip bilmezdik.

Sofiýa Molodoženýa, satyjy, wolontýor.
Sofiýa Molodoženýa, satyjy, wolontýor.

Wolontýorlar toparyna men mundan iki ýyl öň goşuldym. Men şäher ilatynyň AntiCovid-19 toparyna geçiren serişdelerine jogap berýän. Bizde hiç wagt artykmaç çykdajy bolmaýar. Biz barlag komissiýasynyň öňünde yzygiderli hasabat berip durýarys. Mundan daşary-da sosial ulgam arkaly öz ýardamçylarymyza hasabat berýäs.

Meýletin ýardam etmek biziň ömrümiziň bölegine öwrüldi, ýagşylyk eden günüň, çaga ýaly uklaýaň. Bu kanagatlanmagyň aýratyn bir görnüşi, seniň edýän işini döwlet organlarynyň hem käbiri edip bilmeýär.

Häzir men ýaş çagalylyk rugsadynda, ýeke özüm çaga seredýän. Wolontýorlar toparyna goşulmankam, özümi ýeke duýýardym. Soňra ýekelik aladasy menden aýryldy, sebäbi agyr günümde biziň toparymyz meni ýeke goýmazlar.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG