Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda MHM polisiýa işgärleriniň mobil telefonlaryny barlaýar


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanyň polisiýa işgärleri
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanyň polisiýa işgärleri

Mary welaýatynda Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri polisiýa işgärleriniň el telefonlaryny barlaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy bir ýerli kanun goraýjy işgäriň sözlerine salgylanyp, 15-nji iýulda habar berdi.

“Olar (MHM işgärleri – red.) ýurt içinden dürli maglumatlaryň we wideorolikleriň daşary ýurtlarda [Türkmenistan barada habar çap edýän] garaşsyz neşirlere polisiýa işgärleriniň arasyndan syzyp çykýandygyndan şübhelenýärler” diýip, kanun goraýjy gullugyň bir işgäri anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Howpsuzlyk gulluklarynyň polisiýa işgärlerine garşy el telefonlary bilen bagly güýçlendirýän gözegçiligi Türkmenistanda ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan gündelik kynçylyklary we agyr durmuş şertleri barada dürli maglumatlaryň sosial ulgamlara we garaşsyz neşirlere syzyp çykýan wagtlaryna gabat gelýär.

Efirde atlandyrylmazlygyny soran maryly kanun goraýjy işgäriň sözlerine görä, käbir polisiýa işgärleriniň el telefonlaryndan daşary ýurtlardaky türkmen garşylyk toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistan barada sosial medianyň üsti bilen edýän tankydy çykyşlary, olaryň wideorolikleri tapylypdyr.

“Bu wideolaryň halk arasynda görülýändigi, käbir polisiýa işgärleriniň bolsa olary ýaýratmaga kömek edýändigi aýdylýar” diýip, kanun goraýjy gullugyň işgäri gürrüň berdi.

10-njy iýulda garaşsyz turkmen.news neşiri özüniň Telegram sahypasynda, Türkmenistanda bir naçar aýalyň iki ýoluň çatrygynda oturyp, agyr durmuş şertlerinden şikaýat edişini we uniformaly polisiýa işgäriniň oňa azgyrylyp, ony ýoldan çykarmaga synanyşyny görkezýän wideo çap etdi. Wideonyň Türkmenistanyň haýsy künjeginde düşürilendigi aýdylmaýar, ýöne köçäniň ortasynda aýbogdaşyny gurup oturan naçar aýal işsizlikden, pulsuzlykdan we öýsüzlikden şikaýat edip, ezelenýär.

Wideoda ony düşüren adam görkezilmeýär ýöne, görnüşinden, uniformaly polisiýa işgäri wakanyň wideo alynmagyna garşylyk görkezmeýär. Galyberse-de, wideonyň awtory hem polisiýa işgärine goşulyp, nägileligini köçä çykyp bildiren aýalyň üstüne gygyrýar, hem-de ondan köçeden çekilmegi talap edýär.

Ondan ozal apreliň ahyrlarynda ýurduň Lebap we Mary welaýatlarynda turan hem-de türkmen häkimiýetleriniň açyk reaksiýa görkezmedik tebigy harasatyny görkezýän wideolar maýyň başlarynda sosial ulgamlara ýurt içinden syzyp çykdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertde gürrüňdeş bolan kanun goraýjy edaranyň işgäri, Mary welaýatynda Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň ýurduň daşyna wideorolik syzdyrmakda polisiýa işgärlerinden güman edýändigini we islendik maglumatyň ýurduň daşyna syzyp çykmagynyň öňüni almak üçin olara berk duýduryş berýändigini, hatda olara jenaýat jogapkärçiligine çekmek haýbatyny hem atýandyklaryny habar berdi.

“MHM-niň işgärleri polisiýa işgärlerine haýsydyr bir gizlin maglumat daşary ýurtlara syzyp çykan halatynda, olaryň işden boşadyljakdygyny we olara garşy jenaýat işiniň gozgaljakdygyny aýdýarlar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Beýleki tarapdan, kanun goraýjy işgäriň sözlerine görä, Maryda MHM tarapyndan barlanýan polisiýa işgärleri özlerini MHM-niň barlajakdygy barada iki gün öňünden habarly bolýar.

Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri agyr ýaşaýyş-durmuş şertlerinden şikaýat edýän raýatlaryň nägilelikleri barada habar bermeýär.

Köplenç raýatlar alternatiw maglumat üçin halk durmuşynyň özboluşly çeşmelerinden, sosial ulgamlardan peýdalanýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG