Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Bar zat gutardy, indi siziň ejeňiz ýok". Ýakynyny ýitirenler aýdýarlar


Illýustrasiýa suraty

Gazagystany koronawirus epidemiýasy gurşap alandan soň, näsaglara keselhana orunlary ýetmeýär. Adamlar tiz kömek gullugynyň işgärleri bilen dem almagy kynlaşan hossarlaryny ýerleşdirmäge ýer gözleýärler. Ýakynlaryny ýitirenleriň birnäçesi «wagtynda medisina kömeginiň berilmedigi sebäpli» medisina işgärlerini günäkärleýärler, beýlekiler bolsa günäni döwletiň üstüne atýar. Azatlyk Radiosy bu epidemiýada ýakyn hossarlaryny ýitirenler bilen gürrüňdeş boldy.

Gazagystanda on müňlerçe adam koronawirus infeksiýasy bilen keselläninden soň, sosial ulgamda olaryň ýitgileri barada habarlar çykyp başlady. Olar öz ýakynlarynyň keselhanalarda orun bolmansoň, nähili ýogalýandygyny, hatda tiz kömek maşynynda jan berýänleriň bardygyny ýazýarlar. Keselhanalarda bolsa öýkene emeli dem beriş apparatlary (EDA), kislorod ballonlary hem derman serişdeleri ýetmezçilik edýär, çagyrylýan kömekler wagtynda gelmeýär.

«BÜTIN KESELHANADA NURBAT TOWLAR ÝALY ÝEKEJE AÇAR BAR»

Aýžan Duýsenowa – Garaganda şäheriniň ýaşaýjysy, 51 ýaşynda. Onuň dogany Kaýrat Duýsenow iki taraplaýyn pnewmoniýadan ýogaldy. Onuň öýkeni 100% zaýalanypdyr.

Aýžan Duýsenowa:Meniň doganymda gyzgyn ýokarlanyp başlanda, maşgala wraçyny çagyrdyk. Ol: «Bu ýöne bir dümew»diýip,oňa garşy derman berdi. Ýöne doganymyň gyzgyny yzygiderli ýokary bolmagynda galdy.

Garagandanyň ýaşaýjysy Kaýrat Duýsenow.
Garagandanyň ýaşaýjysy Kaýrat Duýsenow.

Biz ony poliklinika alyp bardyk, öz hasabymyza kompýuter tomografiýasyny geçirdik. KT onuň öýkeniniň 100% zaýalanandygyny görkezdi. Şonda-da ol aýak üstünde ýöreýärdi. Agşamlyk bolsa ýegenim jaň edip, kakasynyň dem alyp bilmeýändigini aýdyp, meni çagyrdy. Men baryp, ony taksili alyp gaýtdym. Ilki nirä gitjegimizi bilmedik. Baran keselhanamyz: «biz diňe tiz kömegiň getiren adamyny alýas»diýdiler.

Ahyrynda ony Garaganda oblast kliniki keselhanasyna alyp bardym. Olar meni goýbermejek boldular. Gapy açyk wagtynda, men ylgap içeri girdim-de: “Doganymy kabul etmeseňiz, men bu ýerden çykman” diýdim. Nähili-de bolsa, ony kabul etdiler. Ol şonda özüni duýýardy, gepleýärdi, ýöne dili aýdanyny etmeýärdi. Wraçlar onuň koronawirusly bilen kontaktda bolup-bolmandygyny sorady. Ol golaýda komandirowkada bolup, demirýol obýektini barlapdyr. Ol demirýol gullugynda barlagçy bolup işleýärdi. Şonda bir oglan öz ejesiniň koronawirusa ýolugandygyny aýdan eken.

Kaýrat Duýsenow keselhana şeýle açar getirmegi haýyş etdi, ol kislorod ballonyny açmak üçin gerek.
Kaýrat Duýsenow keselhana şeýle açar getirmegi haýyş etdi, ol kislorod ballonyny açmak üçin gerek.

Onuň analizi koronawirusa ýolugandygyny görkezipdir. Ony aýratyn palatada goýdular, ýöne hiç bir bejergi çäresine başlamadylar. Ol diňe ýatyr, kislorod ýassygyny beripdirler. Ýöne protokol boýunça, oňa ýüzugra bejergi başlanmaly ahyryn. Men keselhana bardym. Medsestradan başga hiç kim çakylygyma çykmady. Wraç ýok. Onuň näme üçin bejergi almaýandygyny kimden sorajagymy bilmedim.

Bu ýere pnewmoniýa bilen baglanyşykly kesellileri yzygiderli getirip durlar. Doganymyň WhatsApp’dan ýazmagyna görä, şepagat uýasy oňa: «Biz sizi ýadymyzdan çykarypdyrys»diýipdir. Eýsem agyr haldaky adamy nädip ýatdan çykaryp bolar? Oňa aram-aram kislorod ballonyndan emeli dem berip durmaly, ýagny ballony açmaly hem ýapmaly. Tutuş keselhanada bolsa nurbady towlar ýaly ýeke açar bar eken. Doganym maňa: «Aýžan, nurbady towlar ýaly açar getir. Sebäbi geçen günüň dowamynda şol kislorod [ýetmezçiliginden] tas bäş gezek ölüpdim»diýip ýazýar.

Men tanyşlarymyň üstünden oňa reanimasiýadan ýer gözledim. Ahyry ony reanimasiýa bölümine geçirdiler.

Wraçlar maňa «Aktemra»(immunodepressor) dermany gerek diýdiler. Ony tutuş Gazagystandan gözläp başladyk. Tapmadyk. Ahyry Türkiýeden tapdyk. Onuň bir kapsulasy 600 müň tenge eken. Tanyş-garyndaşlardan 2 million tenge toplap,Türkiýä iberdik. Dermany Alamaty şäherine, ondanam Garaganda getirdik. Oňa sanjym edip başladylar, ýagdaýy gowulaşdy. «Bize Alla kömek etdi»diýip begendik.

Ýöne wraçlar gan suýaldyjy dermany ulanmandyrlar. Ol on günläp reanimasiýa bölüminde ýatdy, ahyrynda tromboemoli – gan goýulygyndan jan berdi. Muňa islendik wraç düşünäýmeli ýaly, meniň gaharly soragyma «ähli wraç ýokary derejeli däl»diýip jogap berdiler.

Garaganda keselhanasyndaky ýogalanlaryň jesedi. Surat Kaýrat Duýsenowyň hossarlary tarapyndan berildi.
Garaganda keselhanasyndaky ýogalanlaryň jesedi. Surat Kaýrat Duýsenowyň hossarlary tarapyndan berildi.

Soňra biz iki günläp onuň jesedini alyp bilmän kösendik. Ony morga äkitmändirler, “ol agyr” diýýärler. Doganym iki günläp keselhanada gara haltanyň içinde ýatdy. Onuň jesedini dezinfeksiýa etmekleri hem musulman däbine görä ýuwup-taýýarlamaklary üçin, biz 200 müň tenge töledik. Morga barsak, onuň jesedi entegem gelenok diýdiler. Ony keselhanadan tapdyk. Bize şol agşam 59 adamyň ýogalandygyny aýtdylar.

«ANTIBIOTIKDEN SOŇ ONUŇ ÝAGDAÝY ÝARAMAZLAŞDY»

Aýnur Ergali – Şymkendiň 55 ýaly ýaşaýjysy, pnewmoniýadan ýogalan Ergali Şyrmanbaýewiň gyzy.

Aýnur Ergali:Kakamyň ýagdaýy agyrlaşanda, biz tiz kömegi çagyrdyk. Olar näsagda angina bar diýip, sanjym edip gitdiler. Soňlugy bilen onuň ýagdaýy agyrlaşyp başlady, dem almasy kynlaşdy. Tiz kömek gelip, ony mekdebe alyp gitdi, ol ýerde stasionar açypdyrlar, ýöne mekdep jaýynda keselliler üçin diňe krowat – ýatar ýaly ýer bar diýmeseň, başga hiç zat – wraç hem, dermanam, apparat-enjamlaram ýok. “Munuň ýagdaýy agyr” diýip, ol ýerdäkiler kakamy kabul etmediler. Bir wraçyň üsti bilen gepleşip, ony kliniki keselhana äkitdik. Ol ýerde hem ilki ýagdaýy agyr bolany üçin almajak boldular.

Ahyry ýerleşdirip bildik, ýöne şol gün ony EDA-da goýmadylar. Ertesi kakam jaň edip, bir ýörite şlanga getirmelidigini aýtdy. Şol şlanga bolmasa, ony kisloroda goýup bolmajak eken. Uzakly gün Şymkendi aýlansam-da, ol aýdylan şlangany tapyp bilmedim. Ol biziň şäherimizde ýok diýdiler. Almatydan hem tapmadyk.

Şymkendiň ýaşaýjysy Ergaly Şyrmanbaýew.
Şymkendiň ýaşaýjysy Ergaly Şyrmanbaýew.

Ertesi güni kakamy reanimasiýa bölümine geçirip, kisloroda çatdylar. Şondan soň onuň ýagdaýy gowulaşdy. Wraçlar bize«Monepram»antibiotigini getirmegi tabşyrdylar. Oňa gerek dermanlaryň ählisini özüm tapyp berdim. Ýöne antibiotik sanjymlardan soň, kakamyň ýagdaýy agyrlaşyp başlady. Telefonda gepleşende, ol dermanlaryň özüne laýyk däldigini aýtdy. Biz oňa göwünlik berdik. Ol bolsa ýogaldy duruberdi.

Soňra aýdylyşyna görä, oňa sanjylan antibiotikler öýkende suw ýygnaýan eken. Sebäbi ol dermana her adamyň täsiri başga bolupdyr, olar bolsa şol bir derman bilen bar adamy bejermäge çalşypdyrlar. Eger kakam EDA apparatsyz oňup bilse, men o ýerden alyp çykardym. Muny etmedigime gaty ökünýän. Eger ol 80 ýaşynda bolsa, oňa başgarak garagdym, emma 55 ýaşynda ahyryn. Men kakamyň ölüminde doktorlary günäkärleýän. Günäkäri tapyp, işi ahyryna ýetirmek isledim, ýöne saklandym. Alla muny bilýändir. Derman sebäpli öz hossarlaryny ýitirip aglaýan gaty köp.

Biziň wraçlarymyzyň taýýarlyksyzlygyna, olaryň kwalifikasiýasynyň pesligine gaty gynanýan. Mekdepde stasionar açypdyrlar, ol ýerde hiç zat ýok. Näme üçin meniň kakamy ol ýerden beýleki ýere göçürdiler? Elbetde, ýer ýokdugyna düşünýän, keselhana ýetip bilmän ýogalýanam bar, ýöne näme üçin ýer ýetmeýär? Ol goýberilýän pullar nirä harçlandy? Men her aýda salgyt töleýän ahyryn. Geçen aýda haýyr-sahawat üçinem pul berdim. Apparat almaga näme üçin adamlar pul toplamaly? Hökümet bolsa «bar zady berýäs»diýýär. Onda näme üçin beýle köp adam ölmeli?

«MEN ÄHLI WRAÇY GÜNÄLI SAÝAMOK»

Aýžan Ergeşowa bilen Erbol Tolebaýew – Şymkendiň 51 ýaşly ýaşaýjysy Amangül Agabaýewanyň çagalary. Ol şepagat uýasy bolup işleýärdi. Olaryň ejesi üçin satyn alnan kislorod ballonyna keselhana işgärleri başga birini çatypdyr.

Aýžan Ergeşowa:Ejemiň derdi bokurdak agrysyndan başlandy.Ýagdaýy agyrlaşansoň, ony rentgen etdiler-de, iki taraplaýyn pnewmoniýa bar diýdiler. Ahyrynda tiz kömegi çagyrdyk, olar keselhananyň kabul etmejegini aýtdylar. Özümiz stasionara alyp bardyk. Gerekli dermanlaryň ählisini satyn aldyk. Baş wraçyň orunbasary ony gyssagly suratda EDA apparatyna goýmalydygyny aýtdy. Biz ejemizi Asar etrapçasyndaky täze açylan infeksiýa keselhanasyna alyp bardyk. Ony reanimasiýada ýerleşdiriň diýip ýalbardyk.

Ejemiň aladasy bilen biz wagtymyzy keselhananyň alnynda geçirdik. Renimatologyň aýdan dermanlaryny – 300 müň tengeden gowrak pula durýan däri-dermany getirdik. Gijäniň ýarynda ol ýerde goh-galmagal döredi. Kislorod gutarypdyr. Adamlar keselhana kislorod ballonlaryny getirip başladylar. Biz bir ballony 250 müň tengä satyn aldyk.

Aýžan Ergeşowa, ol Amangül Agabaýewanyň gyzy.
Aýžan Ergeşowa, ol Amangül Agabaýewanyň gyzy.

Biz bir gorag kostýumyny edindik. Doganym ony geýip, bölümiň içine girdi. Ol ejemi huşsuz halda görüpdir. Onuň ýanynda biziň satyn alan ballonymyzam ýok eken, wraçam. Doganym ikinji ballony tapyp, ony çatýança, ejem ýogaldy.

Еrbol Tolebaýew:Keselhana kislorod liniýasyny çekmek üçin, 18 million tenge gerek, bu döwlet üçin uly pul däl. Men, elbetde, diňe kislorod adamy bejerýär diýemok, ýöne ol kesellilere ýardam edýär. Men ejemiň ýanyna girenimde, iki otagda 30 çemesi näsag ýatan eken. Ýöne kesellileriň ýanynda ne wraçy, ne-de medisina işgärini görmedim. Kislorod ýoklugyndan, olaryň köpüsi bogulýardy.

Ol ýerden çykanymda, ýogalan adamlaryň koridoryň ugrunda goýlandygyny gördüm. Keselhananyň alnynda bolsa giň baglyk hem suw çüwdürimleri bar. Şol pula näme üçin kislorod stansiýasyny gurup bolmaýar?

Amangül Agabaýewa.
Amangül Agabaýewa.

Аýžan Ergeşowa:Ejem keselhanada derman ýoklugyndan hem kislorodyň bolmazlygyndan ýogaldy. Bolan zatlary sosial ulgamda ýazdym. Şol wagtyň özünde häkimlik «ähli zat bar»diýip tassyklaýar. Bu milleti äsgermezlik. Saglygy saklaýyş bölümi bolsa «mümkin bolan zady etdik»diýýär. Bu ýalan. Bizden hatda ötünjem soramadylar, günäkäri başga ýerlerden gözläp, maşgala wraçyny, tiz kömegi günäleýärler.

Ejem 1988-nji ýyldan bäri şepagat uýasy bolup işledi. Karantin başlananda, müňlerçe adam sanjym üçin, onuň kabinetiniň alnynda nobata durupdy. Ejem olary halas etjek bolup, özi ýogaldy.

Men ähli wraçy günäli saýamok. Ýöne bu ölüm üçin diňe medisina işgäri däl, şol gün nobatçylyk çeken keselhananyň baş wraçy hem saglygy saklaýyş ulgamy günäkär. Şol gijede kim ýogalan bolsa, olar jogap bermeli. Biz bütin maşgalamyz bilen ilkinji gezek hökümetden kömek soradyk. Oňa çenli biz hususy klinikada bejergi alýardyk, olar bolsa karantin başlananda ýapyldy. Gerek bolsa men indi paýtagta çenli gidişerin. Günäkär tapylýança, men köşeşip bilmen.

«OL ÝOGALAR, BIZI GÜNÄLI SAÝARSYŇYZ»

Gülnur Kunžarykowa Şymkendiň pnewmoniýadan ýogalan 59 ýaşly ýaşaýjysy Kurmangül Kunžarykowanyň gyzy. Ol keselhana gözleýärkä, ejesini ýitirendigini aýdýar.

Gülnur Kunžarykowa: Ejemiň dem almagy kynlaşdy. Tiz kömegi çagyrdyk. Ony keselhana äkitmeli diýdiler. Sanitar maşynda däri-derman-a beýlede dursun, näsagy göterer ýaly serişde hem ýok eken. Biz köçeden adamlary çagyryp, ejemi düşege orap, 3-nji gatdan aşak düşürdik.

Bizi Asar etrapçasyndaky infeksiýa keselhanasyna eltdiler. Ýöne bölümiň müdiri: «Gidiň, bizde ýer ýok. Näme üçin baryňyz bu ýere gelýäňiz?»diýip gaharlandy. Biz keselhananyň alnynda ýarym sagat çemesi durup, oňa ýalbarmak ýalbardyk. Ondan ejemi Diwaýew köçesindäki merkeze alyp bardyk. Ol ýerde-de bir sagat çemesi durup, zordan kabulhana ýetdik. Bölümiň müdiri çykyp: «Bu agyr keselli. Biz oňa hiç kömek edip bilmeris. Bu ýerde dermanam, apparatam ýok. Ony bu ýerden äkidiň» diýdi.

Kurmangül Kunžarykowa.
Kurmangül Kunžarykowa.

Soňra biz ejemi “Aýna” bazarynyň ýanyndaky infeksiýa keselhanasyna alyp bardyk. Biziň alnymyzda eýýäm bäş-alty sany tiz kömek maşyny duran eken. Gapylar ýapykdy. Hiç kimi kabul etmeýärler. Ol ýerde-de iki sagat çemesi durduk. Ejemiň ýagdaýy aşa agyrlaşdy, ol halys boguldy. Tiz kömek gullugynyň ýolbaşçysy: «Biz her gün adamlary şu ýagdaýda öýünden alyp, soňra keselhana gözleýäris. Adamlar tiz kömegiň içinde ölýärler»diýdi.

Ahyry ejemi täze infeksiýa keselhanasyna ýerleşdirip, wraça garaşdyk. Ahyry wraç gelip, näme üçin ony kabul etdiňiz diýip, töweregindäkilere gygyrdy. Ol keselhanada näsagy göterer ýaly enjam ýa-da tigirli kolýaska-da ýok eken. Işgärler ejemi aşagy tigirli stoluň üstünde ýatyryp, içeri aldylar. Meni bolsa içerä goýbermediler.

Iki sagat geçenden soň maňa: «Bar zat gutardy, indi siziň ejeňiz ýok»diýdiler. Hiç zat edip bolmajagyny aýtdylar.

Onda iki taraplaýyn pnewmoniýa döräpdir. Keselhana eltilende öýkeniniň 86% zaýalanan eken. Ony wagtynda EDA goýup, däri-derman eden bolsalar, belki, gutulardy. Keselhanalaryň ählisi ejemiň ýagdaýyny gördüler, ýöne hiç biri kabul etmedi.«Bu ýerde näme işleýäňiz? Alyp gidiň. Näme isleseňiz, şony ediň. Biz size kömek berip bilemzok!»Biziň eşidenlerimiz şu boldy. Bu adamçylyga sygjak zat däl. Elbetde, keselliniň köpdügine düşünýän, ýöne agyr ýagdaýdaky adama kömek etmeli ahyryn. Keselhana işgärleri: «Ol ýogalýar. Biziň etjek kömegimiz ýok. Ahyrynda ýene bizi günäli saýardyňyz» diýdiler.

Biz hiç wagt hökümetden hiç zat soramadyk. Özümiz işledik, özümiz gazandyk. Ol agyr günde bolsa bize hökümet gerek boldy. Häzir yzygiderli diýen ýaly «ýagdaý durnuklaşýar» diýip ýazýarlar. Ýöne adamlar ölmegini dowam etdirýärler. Olar üçin bu hiç zat. Biziň entek aglamadyk günümiz ýok.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG