Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köne iş orunlary köpçülikleýin ýapylýar, täzeleri döredilmeýär, uçarlar uçmaýar...


"Işsizlik derejesi nähili hasaplanmaly?" Gunduz Agaýewiň karikaturasy

Berdimuhamedow anyklaşdyrmazdan, geçen alty aýda nebit-gaz pudagyndaky “ösüş depgininiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde pes bolandygyny” aýtdy, ýöne pudagyň öňünde duran uly ştat kemeltmelerini agzamady.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady çökgüligiň çäginde iş orunlarynyň köpçülikleýin ýapylmagy dowam edýär. Syzyp çyklan maglumatlara görä, “Türkmengaz” döwlet konserni gelýän aýlarda ýüzlerçe işgärini işden boşadar.

Azatlygyň habarçylary işden boşadylýan işgärleriň anyk sanyny anyklamagy başarmadylar, emma “Türkmenistanyň Hronikasy” sentýabra çenli 450 işgäriň işinden boşadyljakdygyny habar berýär.

Soňky maglumat “Türkmengazyň” başlygy Myrat Arçaýewiň wezipesinden boşadylmagynyň we döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenmeginiň yz ýanyndan gelip gowuşdy.

Ýöne pudagyň işçilerine iş orunlarynyň kemeldiljekdigi iýun aýynda hem duýduryldy we munuň sebäbi eksport edilýän gazdan gelýän girdejiniň azdygy we beýle köp möçberdäki işgäri saklamak mümkinçiliginiň ýokdugy bilen düşündirildi diýip, garaşsyz neşir ýazýar.

Emma TDH, beýleki ugurlarda bolşy ýaly, nebit-gaz pudagynda hem hiç bir “problema” görmeýär we uly ösüş sanlaryny çap etmegini dowam etdirýär.

3-nji iýulda, hökümetiň alty aýdaky işiniň netijelerine bagyşlanan mejlisde aýdylmagyna görä, nebit-gaz pudagyndaky önümçilik planlary 102,6%, 105,1%, 105,1% ýerine ýetirilýär; suwuklandyrylan gaz öndürmegiň ösüşi 112,2, özleşdirilen maýa goýumlaryň ösüşi 113,3 göterime barabar boldy. Sol bir wagtda, ýurduň esasy girdeji çeşmesi bolan pudakda dowam edýän kadr çalyşmalarynyň anyk sebäpleri aýdylmaýar.

Döwlet ministri - "Türkmengaz" döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenen B.Amanow 3-nji iýula çenli Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory bolup işledi.

Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, geçen ýylyň sentýabrynda bu “zawodyň 500 töweregi işçisi aýlyksyz zähmet dynç alşyna ugradyldy”.

“Zawodda daşary döwletleriň maýa goýmagy netijesinde düýpli remont işleri geçirilmese, hökümetiň döwlen enjamlary satyn almaga ýa-da bejermäge maliýe serişdesi ýok. Şol sebäpli zawodyň işi häzirlikçe togtadyldy” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan işçi 2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Şeýle-de ol şol wagt zawodda diňe 20 töweregi garawulyň we arassaçylyk işlerine gözegçilik edýän işgäriň galandygyny, bularyň hem oktýabrdan tölegsiz zähmet dynç alşyna ugradyljakdygyny aýtdy.

Hünärmenler ýurduň nebit-gaz pudagyndaky kynçylyklaryň diňe ýangyç nyrhlarynyň global arzanlamagy, daşarky alyjylaryň azalmagy we energiýa eksportundan gelýän girdejileriň möçberiniň pese gaçmagy bilen bagly däldigini, pudagyň netijesiz dolandyryş, ýolbaşçy kadrlaryň ýygy-ýygydan çalşyrylmagy netijesinde barha aşak çökýändigini we içerki bazary üpjün etmekde hem kynçylyk çekýändigini aýdýarlar.

“Awtoulagly raýatlar benzin almak üçin uzyn nobatlarda durmaly bolýarlar, ýangyç stansiýalarynyň aglabasynda benzin köplenç bolmaýar, ýurtda öndürilýän ýangyjyň hili ýaramazlaşýar” diýip Azatlygyň habarçylary geçen ýyl habar berdi.

“Diňe nebit-gaz pudagynda däl, ýurtda ýokary hünärli adamlar barha azalýar, ýokardan bellenýän başlyklar köplenç pudagy bilýän adamlar däl, buýruk ýa görkezme bilen iş dolandyryp, ýokary derejede önüm öndürmek synanyşygy netijesizligini doly subut etdi, bu ýagdaýda işgärlere aýlyk berip bolmajagy diňe başlyklara däl, işçilere-de düşnükli” diýip, adyny aýtmazlygy soran nebitçi inžener Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Şu aralykda ýurduň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory, täzelendi, emma munuň ýurtda ýokary hünärli nebitçileriň ýetişdirilmegine nähili täsir etjekdigi belli däl. Döwlet baştutany yzygiderli geçirýän kadr çalyşmalarynda täze wezipä bellenilýän adamlardan münbere çykyp, nähili işlejekdigini gürrüň bermegini soraýar. Emma olar hiç bir täze pikir aýtman, “gije-gündiz işlemegi” wada berýärler we prezidente alkyş aýdýarlar.

Diňe işe bellenýänler däl, işden aýrylýanlar hem prezidente alkyş aýdýarlar. Geçen hepde işden aýrylan wise-premýer Bahargül Abdyýewe prezidente ýaşamagy öwredendigi üçin hem sag bolsun aýtdy.

Berdimuhamedow anyklaşdyrmazdan, geçen alty aýda nebit-gaz pudagyndaky “ösüş depgininiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde pes bolandygyny” aýtdy, ýöne pudagyň öňünde duran uly ştat kemeltmelerini agzamady.

Koronawirus çäklendirmeleri, uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagy sebäpli, Türkmenistanyň awiasiýa pudagynyň işgärleri hem kyn ýagdaýa düşdi. Emma häkimiýetler bu pudagyň işgärleriniň hökümet tarapyndan nähili goldaw aljakdygyny açyk aýtmaýarlar.

Şu aralykda Berdimuhamedow “täze iş orunlaryny döretmek boýunça tassyklanan maksatnamanyň doly möçberde ýerine ýetirilmeýändigini” boýun aldy. Ýöne ol täze iş orunlaryny döretmek meselesine häzir däl-de, “şu ýyl tamamlanandan soň, aýratyn serediljekdigini” aýtdy.

Türkmenistan ýurtdaky işsizligiň ösüşi, işsizlik zerarly daşary ýurtlara giden raýatlaryň sany baradaky maglumatlary çap etmeýär. Emma muňa garamazdan, ozaly aprel we maý aýlarynda Lebap hem-de Mary sebitlerinde gopan harasatyň, soňra koronawirus howpunyň resmi taýdan boýun almazlygy netijesinde, resmi Aşgabat daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleriniň berki tankydyna sezewar boldy.

Işlerini ýitirenleriň sözlerine görä, Türkmenistanda işsizleri işe ýerleşdirmek ýa-da degişli döwlet kömegi bilen üpjün etmekde hem uly kynçylyklar saklanyp galýar, uçar gatnawlarynyň dikeldilmezligi bolsa adamlaryň daşary ýurtlardan iş gözlemek mümkinçiliginiň hem öňüni alýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG