Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda mekdep işgärlerinden "abatlaýyş işleri" üçin öňküden 10-15 esse köp pul ýygnalýar


Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky orta mekdepleriň biri. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.
Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky orta mekdepleriň biri. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Lebap welaýatynda gurluşyk harytlarynyň gymmatlamagynyň fonunda, mekdep işgärlerinden "abatlaýyş işleri" üçin öň görlüp-eşidilmedik derejede pul ýygnalýar.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän lebaply habarçysy şu ýyl welaýatyň Kerki şäherindäki we obalaryndaky mekdep işgärleriniň her birinden 1000-1500 manat aralygynda pul ýygnalandygyny aýtdy. Bu dollaryň resmi kursunda $285-$428, "gara bazaryň" nyrhynda $40-$60 barabardyr.

"Bu pul serişdesi Kerki şäheriniň Hümmet Annaýew köçesiniň ugrundaky 1-nji we 3-nji mekdepleriň, şeýle-de Hatap, Guwak we Mukryýaryk obalaryndaky mekdepleriň, şol sanda 29-njy hem-de 35-nji mekdepleriň işgärlerinden ýygnaldy" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 31-nji iýulda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, mekdep ýolbaşçylary işgärlere bu pul serişdesiniň mekdebi abatlamak işlerine, şol sanda köýen lampalary täzelemek üçin sarp ediljekdigini aýtdylar.

Şeýle-de, olar bu serişdäniň kanalizasiýa ulgamy ýok, ýagny lagym turbalary çekilmedik mekdepleriň hajathanalaryny arassalamk üçin suw saklaýjy ýapyk, kiçi suw howdanlaryny satyn almaga ulanyljakdygyny hem bellediler.

"Mundanam başga, bu pullar mekdebiň beýleki zerurlyklary bilen bir hatarda, onuň köçe tarapynyň ýoluna asfalt dökmek üçin hem sarp ediler" diýip, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan mekdep işgärleriniň biri aýtdy.

Mekdep işgärleriniň ençemesi döwlet tarapyndan üpjün edilmeli ýa-da abatlanmaly enjamlaryň öz hasaplaryna amala aşyrylýandygyny aýdyp, bu ýagdaýa nägilelik bildirýärler. Ýöne olar bu puly bermekden ýüz öwren işgärlere işden çykarylmak howpunyň abanýandygyny hem belleýärler.

"Geçen ýyllarda abatlaýyş işleri üçin adatça 100-300 manat aralygynda pul ýygnalýardy. Bu gezek işgärler onuň 10-15 essesini tölemeli boldular. Käbir işgärler, şol sanda tam süpürijiler bir aýlygynyň tas ählisini bermeli boldy" diýip, habarçy aýtdy.

Belläp geçsek, habarçylarymyz häzirki wagtda Türkmenistanda doly stawka görnüşinde işleýän mugallymlaryň ortaça 2000 manat, tam süpürijileriň 800-1000 manat aýlyk alýandygyny habar berýärler.

Habarçynyň sözüne görä, mekdep işgärleri geçen ýyllarda "abatlaýyş işleri" üçin beýle uly mukdarda pul ýygnalmandygyny aýdyp, munuň sebäpleri bilen gyzyklanýarlar. Mekdep ýolbaşçylara olara munuň gurluşyk harytlarynyň bahalarynyň gymmatlamagy bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada ady agzalan mekdeplerden we Kerki şäher hem-de Lebap welaýat häkimliklerinden kommentariý alyp bilmedi.

Bu maglumatlar Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda dollaryň "gara bazardaky" bahasynyň ýokarlanýan mahaly, gurluşyk harytlarynyň nyrhlarynyň hem gymmatlaýandygy baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.

13-nji iýulda Azatlygyň Lebapdaky habarçysy gurluşyk harytlarynyň her biriniň azyndan 50-100 manat gymmatlandygyny habar beripdi.

Ýöne 31-nji iýulda söhbetdeş bolan habarçymyz gurluşyk harytlarynyň bahalarynyň Türkmenistanyň taryhynda öň görlüp-eşidilmedik derejede gymmatlaýandygyny we gymmatlamagyny dowam etdirýändigini aýtdy.

"Öň armaturanyň 1 tonnasy 3 müň manatdy, häzir 40 müň manada çykdy. Bu onuň soňky birnäçe aýyň dowamynda öňküsinden 13 esse gymmatlandygyny aňladýar. Şeýle-de, häzir gurluşyk harytlarynyň käbiri tapdyrmaýar" diýip, habarçy belledi.

Türkmenistanda mekdepleri abatlamak işleri üçin işgärlerden, şol sanda mugallymlardan we okuwçylardan pul ýygnamak tejribesi indi onlarça ýyl bäri dowam edýär. Olar mekdeplerde geçirilýän çäreleri guramalaşdyrmak, prezidentiň kitaplaryny satyn almak we portretlerini çalyşmak işlerini hem öz hasaplaryna amala aşyrmaly bolýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG