11-nji awgustda Belarusyň Daşary işler ministrligi we Içeri işler ministrligi Türkmenistana hat ýollap, onda prezidentlik saýlawlaryndan soňky protestleriň dowamynda ýedi türkmenistanly studentiň saklanandygyny habar berdiler. Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, hat türkmen tarapyna ir sagat 09:00-da gowşupdyr, munuň yzy bilen-de diplomatlaryň we kanun goraýjy edaralaryň gatnaşmagynda elektron maslahat geçirilipdir.
Jogap hatynda türkmen tarapynyň saklanan türkmenistanlylaryň Belarusyň kanunlaryna görä jogapkärçilige çekilmegine garşy däldigi bellenilýär diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň maglumatynda aýdylýar.
Mundan başga-da, türkmen tarapy saklanan studentleriň şahsyýetleri barada doly maglumat berilmegini, olaryň ýany bilen sowuk ýaraglaryň we beýleki serişdeleriň bolup-bolmandygyny aýdyňlaşdyrylmagyny, şeýle-de olaryň okuwlaryndan çykarylmagyny sorapdyrlar.
Maglumata görä, türkmen tarapy öz raýatlarynyň dessine yzyna gaýtarylmagyny soramandyr.
Belarusda protestçiler 9-njy awgustda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň resmi netijelerine garşy çykýarlar. Şol saýlawlarda, ýurdy 26 ýyl bäri dolandyryp gelýän Aleksandr Lukaşenka ýeňiji diýlip yglan edildi.
Saýlawlardan bäri 5 müňden hem aşa adam tussag edildi.
Bu aralykda, Belarusda tussaglykdan azat edilen rus žurnalisti Semýon Pegowyň sözlerine görä, onuň oturan kamerasynda beýlekiler bilen birlikde türkmenistanlylar hem saklanypdyr.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.