Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede agyr ýagdaýda hassahana düşen Gülbahar öýüne dolanmak isleýär (WIDEO)


Gülbahar Reýimowa
Gülbahar Reýimowa

Türkmenistannda dowam edýän agyr ykdysady kynçylyklar, işsizlik zerarly daşary ýurtlara gazanç üçin çykýan zähmet migrantlary kähalatda, garaşylmadyk ýagdaýlar zerarly, hossarlaryndan uzakda, tanyş-bilişleriniň kömege gelip bilmeýän ýerinde kyn ýagdaýa düşýärler.

Maý aýynyň aýagynda Türkiýede şeýle ýagdaýa düşen türkmenistanlylaryň biri, 60 ýaşyndaky Gülbahar Reýimowa bilen geçirilen gysgaça wideosöhbetdeşlik feýsbukdaky sahawatlylyk toparynda çap edildi.

Türkiýede agyr ýagdaýda hassahana düşen Gülbahar öýüne dolanmak isleýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:06 0:00

Bize mälim bolşuna görä, Gülbahar Reýimowa Türkiýä bir ýyl ozal işlemäge gelipdir we dört aýlap naharhanada gap-gaç ýuwujy bolup işläpdir, emma oňa, öz sözlerine görä, işlän döwründe bir köpük hem aýlyk tölenmändir.

Häzirlikçe Azatlykda näsagyň aýlyk alman, soňra işsiz, ýarawsyz halyna nähili horluklary başdan geçirendigi mälim däl we soňra mümkin bolsa, biz bu barada hem gürrüň bereris.


Bir ýyllap agyr horluk astynda ýaşan naçaryň, Samatýa hassahanasynda ýatan ýerinden, öz düşen günleri, gören görgüleri hakynda gürrüň bermäge hem haly ýok, doktorlar onuň ýagdaýynyň agyrdygyny aýdýarlar.

1960-njy ýylda Lebap welaýatynyň Farap etrabynda doglan Gülbahar Türkiýä gelmezinden öň öz dogduk etrabynda, "Komsomoles" kolhozynda ýaşapdyr.

Ol söhbetdeşlikde maşgalaly, üç çagaly bolandygyny, emma adamsynyň we oglunyň ýogalandygyny, iki sany durmuşa çykan gyzynyň bardygyny gürrüň berdi.

Azatlyga öňki ýyllaryň tejribelerinden belli bolşuna görä, Türkiýede dereksiz ýiten adamlaryň käte, daşdan gelen anyk bolmadyk habar esasynda, ölendir diýlip, yzynda patasy alynýar, üçi, ýedisi, aýy we kyrky bellenýär, bir ýyllap başga habar çykmasa, ýyly hem bellenýär.


Gülbaharyň gyzlary hem Türkiýedäki ejeleri hakynda şum habar alypdyr. Emma olaryň bu habary doly anyklamaga, oňa nirede näme bolandygynyň aňrysyna ýetmäge mümkinçiligi bolmandyr. Netijede, Gülbaharyň gyzlary, ýerli däp-dessur esasynda, ýas tutup, onuň üçüni beripdir.

Ýöne soň, Gülbahara hossar çykan adamlar tapylyp, olar wideoaragatnaşyk arkaly, ýarawsyz enäniň gyzlary bilen habarlaşmagyna kömek etdiler. Şeýle-de onuň hassahana düşeginde ýazgy edilen gysgajyk wideosyny gyzlaryna iberdiler.

Gülbahar Türkiýede hiç kiminiň ýokdugyny, ýurduna dolanmak isleýändigini aýdýar. Emma koronawirus çäklendirmeleri, uçar gatnawlarynyň bolmazlygy bilen baglylykda, häzirlikçe oňa bu mümkinçiligiň haçan dörejekdigi belli däl.

Mundan başga, türk lukmanlary onuň häzirki saglyk ýagdaýynda hiç ýere iberilip bilinmejekdigini, halynyň agyrdygyny we Türkiýede bejergi almalydygyny aýdýarlar.


Gülbahar zähmet migrasiýasyna çykmazyndan öň hiç bir dertden, keselden ejir çekmändir we bu ýerde bagry agyryp, çişip ugrandan soň, tanyşlarynyň kömegi bilen Samatýa hassahanasyna ýerleşdirilipdir.

Tejribeden görnüşine görä, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary, konsullyklary daşary ýurtlarda kyn ýagdaýa düşen türkmen raýatlaryna kömek goluny uzatmaýarlar. Bu golaýda, Stambulda onlarça türkmen migranty ýasama arakdan zäherlenip ölende hem şeýle boldy.

Ýöne muňa garamazdan, soňky döwürde daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen migrantlarynyň arasyndaky guramaçylyk, kyn ýagdaýa düşen ildeşlere maliýe kömegini gurnamak tejribeleri barha baýlaşýana meňzeýär, Gülbaharyň ýagdaýyny türkmenistanlylara habar beren feýsbuk topary näsaga kömek üçin gyssagly serişde ýygnalýandygyny habar berýär.


Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlardaky zähmet migrantlarynyň arasyndaky syýasy işjeňliklere gözegçilik etmek üçin ýüzlerçe hakyna tutulan gizlin agente aýlyk töleýändigi hakynda resmi bolmadyk, emma resmi Aşgabat tarapyndan inkär edilmeýän maglumatlar bar.

Türkmenistanda çuňlaşýan ykdysady krizis zerarly Türkiýe türkmenistanly zähmet migrantlarynyň iň köp ýykgyn edýän ýurduna öwrüldi we ol ýerde we Demirgazyk Kiprde müňlerçe türkmen raýatynyň bikanun ýagdaýda ýaşaýandygy aýdylýar.

Türkmenistan koronawirus aladalary bilen baglylykda daşary ýurtlarda işsiz, gazançsyz galan raýatlary, olara kömek etmek barada häzire çenli açyk bir zat aýtmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG