Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan eksperti Transhazar taslamasynyň hyýaldygyny, real syýasatdan ünsi sowýandygyny aýdýar


Türkmenistan. Nebit, gaz geçijileriniň kartasy
Türkmenistan. Nebit, gaz geçijileriniň kartasy

Transmilli geçiriji gurmagyň dört sany möhüm zerurlygy bar: olar geçirijini doldurmak üçin gerek bolan nebitiň ýa-da gazyň kesgitlenen bol çeşmesinden, geçirijini maliýeleşdirmek bilen meşgullanýan başarnykly söwda liderinden, amatly ykdysady şertlerden we syýasy goldawdan ybarat.

"Atlantic Council" neşiriniň eksperti Daniel D.Şteýn (Daniel D. Stein) Transhazar gaz geçirijisi taslamasynyň durmuşa geçirilmek ähtimallygyny sorag astyna alýar, Global Energiýa merkeziniň baýry işgäriniň pikiriçe, ykdysady peýdasy nukdaý nazaryndan seredilende, onuň gurulmagy mümkin bolup görünmeýär.

Mundan öň bu taslamanyň öňünde diňe Hazaryň hukuk durumynyň uzak wagtlap kesgitlenip bilinmezligi, Moskwanyň we Tähranyň garşylygy ýaly päsgelçilikler bar diýip bilinýärdi.

Azatlyk radiosynyň iýul aýynda habar berşi ýaly, Ýewropa Bileleşigi Türkmenistan we Azerbaýjan bilen bilelikde, türkmen gaz akymyny Günorta gaz koridoryna birikdirmek tagallalaryny dowam etdirýär we bu tagallalar GGK-nyň gurulmagy bilen has güýçlenjege meňzeýär. Emma muňa garamazdan, ABŞ hökümetinde 45 ýyldan gowrak işlän we esasan Ýewropa, Ýewraziýa arasyndaky ykdysdady gatnaşyklar bilen meşgullanan hünärmeniň pikiriçe, bu ýerde jogaba garanda sorag has köp görünýär.

Günorta-Gündogar Ýewropadaky müşderilere Azerbaýjanyň Şahdeňiz gaz ýatagyndan ýylda 10 milliard kub metr tebigy gaz eltjek GGK, energiýa diwersifikasiýasyny ilerletse-de, onuň 450-500 milliard kub metr gaz bazary bolan Ýewropa ýetirjek täsiri az bolar. D.Şteýniň bellemegine görä, hut şu ýagdaý hem ABŞ-nyň we ÝB-niň türkmen gazy bilen gyzyklanmagyna, ýylda 30 milliard kub metre çenli goşmaça gaz iberip biljek Transhazar geçirijisini wagyz etmegine sebäp bolýar.

Eýsem, transmilli geçirijiniň gurulmagy üçin nämeler gerek?

Hünärmen Baku-Tbilisi-Jeýhan ýaly taslamalaryň başa baryp, beýlekileriň başa barmazlygynyň sebäbini Strategiki we halkara ylmy-barlaglar merkeziniň (CSIS) çap eden makalasynyň esasynda düşündirýär.

Gürrüňi edilýän makalada transmilli geçiriji gurmagyň dört sany möhüm zerurlygy bellenip geçilýär, olar geçirijini doldurmak üçin gerek bolan nebitiň ýa-da gazyň kesgitlenen bol çeşmesinden, geçirijini maliýeleşdirmek bilen meşgullanýan başarnykly söwda wekilinden, amatly ykdysady şertlerden we syýasy goldawdan ybarat.

D.Şteýniň pikiriçe, Transhazar barada gürrüň edilende, Türkmenistandaky ägirt uly gaz gorlaryna garamazdan, ozaly täze geçiriji üçin ýeterlik gaz berjek kesgitlenen gaz ýataklary ýok. Soňky ýyllarda işe girizilen gaz ýataklarynyň ählisiniň gazy uzak wagtlyk şertnama astynda Hytaýa akdyrylýar. Ozal Orsýete gaz eksport etmek üçin ulanylan ýataklardaky gazyň mukdary bolsa belli däl ýa azalan bolmaly diýip, ekspert Transhazar üçin ýeterlik gaz berip biljek täze ýataklaryň indi özleşdirilmelidigini belleýär.

Ikinji mesele taslamanyň maliýeleşdirmesi bolup, häzirki wagtda Transhazaryň gurulmagy üçin serişde tapmak jogapkärçiligini öz üstüne almak isleýän ýa-da bu işi başarjak maliýe lideri ýok.

Eger-de bir halkara nebit kompaniýasyna Türkmenistanda paý berilse, bu oňa geçiriji üçin gerek bolan serişdeleri gözläp tapmak we başaranykly maliýe lideri bolup çykyş etmek mümkinçiligini bererdi, emma türkmen häkimiýetleri daşary ýurt maýalarynyň gury ýerde gaz ýataklaryny özleşdirmek, gaz çykarmak işlerine çekilmegini gadagan edýär diýip, ekspert aýdýar.

Mundan başga, hatda kesgitlenen gaz ýataklary we başarnykly maliýe lideri tapylan ýagdaýynda hem, D.Şteýniň pikiriçe, türkmen gazynyň özüne düşýän gymmaty bilen Ýewropada bäsleşmek mümkinçiligi pes bolup görünýär. Ol türkmen gazynyň bahasynyň gymmatlygyny gazyp almak, ýokary derejeli kükürdini arassalamak we bir ýerden başga ýere ibermek işleriniň köp harajat talap etmegi bilen düşündirýär.

Ýene bir ykdysady kynçylyk bolsa, türkmen gaz kondensaty bilen Şahdeňiz gaz kondensatynyň arasyndaky tapawut bilen bagly, ekspert türkmen gazynyň kondensatynyň ýeňildigini, Şahdeňziň kondensaty ýaly, öz gazyna subsidiýa bolup bilmeýändigini aýdýar.

Şeýle-de, energiýa meselelerini öwrenýän Oksford institutnyň 2018-nji ýyldaky hasabatynda ekspertler türkmen gazynyň ýewropa bazaryndaky maliýe bäsdeşligine hötde gelip bilmejegini aýdýarlar we COVID-19-yň ykdysady täsirlerinden we ÝB-niň geljekdäki gaz syýasatynyň töweregindäki meselelerden soň, ýewropaly alyjylar aňsat uly mukdarda türkmen gazyny almak barada uzak möhletli şertnama baglaşmasalar gerek diýip, D.Şteýn pikir edýär.

Emma muňa garamazdan, transmilli geçiriji gurmak üçin zerur bolan üç möhüm faktorda agsasa-da, Transhazar üçin zerur bolan dördünji faktor, syýasy goldaw näçe diýseň bar ýaly.

Hünärmen bu taslamanyň Azerbaýjan we Türkmenistan, Birleşen Ştatlar we ÝB tarapyndan goldanylýandygyny, ýöne bu işde diňe syýasy goldawyň ýeterlik bolup bilmejekdigini, mundan başga, Orsýetiň hem türkmen gazynyň Ýewropa bazaryna has uly mukdarda çykmagyna garşy durjakdygyny ýatladýar.

Şeýle-de, D.Şteýn syýasatçylaryň Transhazar ýaly ägirt uly, ýöne real däl taslamalara has kän üns berip, bazary liberallaşdyrmak we integrasiýa ýaly has real, ýöne az şowhunly syýasatlardan ünsi sowýandyklaryny aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG