Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pekin Aşgabatdan 250 mlrd kub metr gaz alandygyny aýdyp, nyrh barada dymýar


Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow (s) hytaýly kärdeşi Si Jinping (ç) bilen, Aşgabat, 2013.

“Hytaý umumylykda 250 milliard kub metr türkmen gazyny import etdi” diýip, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Sun Weýdun hökümete ýakyn “Türkmenportal” neşiri bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Ýöne ilçi köp adamy, şol sanda türkmen ykdysatçylaryny, hukuk goraýjylaryny hem gyzyklandyrýan möhüm bir meseleden, türkmen gazynyň satyn alyş nyrhyny aýtmakdan ýene aýlanyp geçdi.

Elbetde, türkmen hökümetine ýakyn durýan neşir ilçä beýle soragy bermedi diýilmegi mümkin. Ýöne ol mundan öňki ýyllardaky söhbetdeşliklerinde hem alnan gazyň möçberini aýdyp, baha-nyrh gürrüňleriniň golaýyna gelmändi.

Neşir Hytaýyň 2009-njy ýylda 1800 kilometrden gowrak aralygy öz içine alýan geçiriji ulanmaga berleli bäri, Pekiniň Aşgabadyň iň iri gaz hyzmatdaşyna öwrülendigini belleýär.


Hytaýly ilçiniň pikiriçe, hytaý-türkmen gaz hyzmatdaşlygy bir tarapdan Hytaýy uzak möhletli we durnukly tebigy gaz akymy bilen üpjün etse, ikinji tarapdan türkmen gaz eksportyny diwersifikasiýa etmek üçin täze ýol açdy, Aşgabat üçin möhüm walýuta girdejileriniň çeşmesi boldy.

Şeýle-de Weýdun gaz girdejileriniň ýurduň sosial-ykdysady öňegidişligine düýpli täsir ýetirendigini belleýär, emma Pekiniň türkmen gazyny haýsy bahadan alýandygyny aýtmaýar.

Şonuň bilen bir wagtda, ýerli synçylaryň köpüsi Türkmenistanda 2009-njy ýyldan bäri geçen wagt içinde, hytaýly resminiň aýdyşy ýaly, düýpli sosial-ykdysady öňegidişligiň bolandygyny sorag astyna alýar. Sebäbi Aşgabat Pekine gaz satylyp başlanyndan soň, ara kän salym salman, baha, nyrh dawalary üstünde ilki öňden gelýän esasy gaz alyjysyny – Orsýeti ýitirdi, soňra Eýrany ýitirdi.

Bellemeli ýeri, synçylaryň aýtmagyna görä, Aşgabadyň Moskwa bilen gaz söwdasynda hem, Tähran bilen gaz söwdasynda hem açyk-aýdyňlyk talaplary ýeterlik berjaý edilmedi we hakykatda Türkmenistanyň bu söwdalar netijesinde näçe wagtda näçe girdeji alandygy, näçeräk möçberde hakyny iýdirendigi jemgyýetçilige mälim bolman galýar.


Şol bir wagtda synçylar soňky 25 ýyldaky iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýän Aşgabadyň Pekin bilen, Tähran we Moskwa bilen bolşy ýaly, baha, nyrh oňuşmazlygynyň döremek ähtimallygyny aradan aýyrmaýarlar.

AÝ/AR-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brýus Panniýeriň ýazmagyna görä, Hytaý Türkmenistanaher 1000 kub metr gaz üçin 185 dollar töweregi töleg töleýär. Şonuň bilen bir wagtda, bu tölegiň belli bir bölegi Pekiniň Aşgabada gaz ýataklaryny özleşdirmek we gaz geçirijilerini gurmak üçin beren milliardlarça dollar karzyny üzmäge harçlanýar.

Panniýeriň belleýşi ýaly, 2016-njy ýylda türkmen gazyny almagyny bes edeninden soň, “Gazprom” Gazagystan we Özbegistan bilen täzeden gepleşik geçirdi we Orsýetiň “Life News” neşirinde peýda bolan maglumata görä, Merkezi Aziýanyň bu iki ýurdy Moskwa her 1000 kub metr gazy 140 dollar töweregi bahadan satmaga razy bolupdyr. Agzalan neşirde çap edilen makalada aýdylmagyna görä, türkmen tarapynyň rus alyjysyny ýitirmegine her müň kub metr gaz üçin 250 dollar talap etmegi sebäp bolupdyr.


Ilçi Weýdun 2017-nji ýylyň ýanwarynda “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetine beren interwýusynda hem Hytaýyň türkmen gazynyň iň uly alyjysyna öwrülendigini aýdypdy, ýöne ol 2016-njy ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň esli peselendigini hem boýun alypdy.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri ilçiniň beren maglumatlaryndan hasap çykaryp, türkmen-hytaý söwda gatnaşyklarynyň esasan gaz söwdasyndan durýandygy sebäpli, Hytaýa satylýan türkmen gazynyň bahasynyň “düýpli peselen” bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.

“Eger haryt dolanyşygy ýylyň 12 aýyna deň derejede bölünse, onda geçen ýylyň görkezijisi tutuşlygyna 5,9 milliard dollara golaý bolar. Şonuň bilen wagtda, ilçiniň aýdyşy ýaly, eger möçber öňki durkunda galan bolsa, onda türkmen gazynyň bahasy 41% arzanlan bolmaly” diýip, TH 2017-nji ýylyň ýanwarynda ýazdy.


Metbugat habarlaryndan mälim bolşuna görä, Hytaý 2011-nji ýylda Türkmenistana 8 milliard amerikan dollaryny karz berdi. Soňra, 2013-nji ýylda bolsa Türkmenistan Hytaýdan ýene bir kredit aldy, emma onuň möçberi agzalmady.

Şu aralykda Menafn neşiri Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda esasan ykdysady we söwda pudaklarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe jarnama gol çekilendigini habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, iki ýurt elektrik, gaz, ýol gurluşygy, ulag we tranzit ugurlarynda ýakyn hyzmatdaşlyga ymtylýar, emma olaryň geçen on ýyllykda 5 mlrd dollar derejesine çykan söwda dolanyşygy soňky döwürde peselipdir.

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gaz dawasynyň nähili çözülýändigi belli bolman galýar.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG