Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda ýeralma ekip, döwlete bergili çykan kärendeçiler kösenýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Lebap welaýatynda kartoşka ekip, döwlete bergili çykan kärendeçilerden her gektar başyna töleg tölemeklik talap edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 25-nji awgustda habar berdi.

“Lebabyň ençeme etraplarynda kartoşka ekip, bergidar çykan raýatlardan her gektar üçin 1 tonna kartoşkanyň puluny döwlete tabşyrmak talaby güýje girizildi” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda Dänew hem-de Darganata etraplarynyň käbir obalarynda bergili çykan daýhanlardan pul almak talaby başlandy.

Galyberse-de, habarçy tebigy harasatyň, çekirtge hüjümleriniň, suw we dökün ýetmezçiliginiň Lebapda bu ýyl ýeralma hasylyna zyýan ýetirendigini habar berýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda häkimiýetler kärendeçi daýhanlardan kartoşka talabyny güýçlendirdi. Döwlet plan borçnamasy esasynda kartoşka ekmek üçin kärendeçilere ýörite ýerler bölünip berilýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan ençeme lebaply kärendeçi tohumyň, döküniň we tehnikanyň ýaramaz üpjünçiliginden şikaýat edýärler. Munuň üstesine, döwlet ýeralmaçy daýhanlara 1 gektar ýer üçin 1,500 manat möçberinde salgyt salýar.

“Munuň üstesine, plan borçnamasyny dolmagy talap edýärler. Ol puly bermese sud işini gozgamak haýbatyny atýarlar” diýip, habarçy ençeme kärendeçiniň sözlerine salgylanyp gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy döwlet bilen daýhanyň arasynda algy-bergi meselesiniň kanuny binýadyny öwrenmäge synanyşýar.

Döwlet media serişdeleri ýeralmanyň döwlet satyn alyş nyrhy barada maglumat bermeýär, ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy häzirki wagtda 1 kilogram kartoşkanyň 10 manatdan bahalanýandygyny habar berýär.

Türkmenistanda hasyl öndürmek üçin ýörite ýer bölünip berlen kärendeçi daýhanlar öz ýetişdiren hasylyny döwlete satmaga borçlanýar. Döwlet bilen daýhanyň arasyndaky şertnama esasynda döwlet, öz gezeginde, daýhany dökün, tehnika we tohum bilen üpjün etmek işlerini öz üstüne alýar. Şuňa meňzeş düzgünler gowaça, bugdaý we beýleki gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýän kärendeçilere-de degişli bolup durýar.

Döwlet tabşyrygynyň hötdesinden gelip bilmedik kärendeçilere, häkimiýetler tarapyndan sud işini gozgamak ýaly haýbatlar atylýar we tehnika, dökün we tohum üçin döwletiň hasabyna sarp edilen çykdajylary yzyna tölemeklik talap edilýär.

Ýöne habarçymyzyň öwrenen maglumatlaryna görä, lebaply kärendeçileriň ençemesi özleriniň gol çeken şertnamalaryna laýyklykda ýer we suw salgydyny tölän daýhanlaryň “döwlete plan tabşyrmaga mejbur däldigini” aýdýarlar. “Muňa garamazdan, kärendeçilerden nagt görnüşinde pul talap edilmedigi düşnüksiz soraglary döredýär” diýip, habarçy aýtdy.

Bellemeli ýeri, Türkmenistanda daýhanlar özleriniň hususy mellek ýerlerine, kärendeçi daýhanlar bolsa özlerine bölünip berlen döwlet eýeçiligindäki kärende ýerlerine ekin ekip hasyl alýar.

Türkmenistan 2018-nji ýylyň sentýabryndan bäri oba hojalyk pudagyna degişli ençeme täze kanunlary we düzgünnamalary kabul etdi we güýje girizdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan kärendeçi daýhanlar täze girizilýän düzgünler bilen özleriniň wagtynda habarly edilmeýändigini we zerur düşündiriş işleriniň geçirilmeýändigini aýdýarlar.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, şu günler Lebap welaýatynda döwlet beýleki gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdiren daýhanlaryň hasylyny hem arzan bahadan satyn alýar.

“Diňe bir kartoşka ekenler däl, eýsem, gök-bakja ekenler hem döwlet tarapyndan talanýar” diýip, bir lebaply anonim şertde habarça gürrüň berdi.

“Mäş ýetişdirýänler 1 kilogram mäşi 2 manatdan döwlete tabşyrmaly edildi. Bazarda 1 kilogram mäş 20 manada golaý” diýip, habarçy aýtdy.

Bu aralykda, Türkmenistanyň döwlet habarlar gullugy mäş ekilen 12 müň gektar ýerden öňümizdäki sentýabrda 10 müň tonna mäş almagyň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi. Ýygnalan hasylyň 9 müň tonna golaýynyň Hytaýa, Koreýa, Ýaponiýa we beýleki Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna eksport edilmeginiň göz öňünde tutulýandygy aýdylýar.

“Gawun, pomidor ekenler hem ýetişdiren hasyllaryny gorkunjyna döwlete tabşyrýarlar” diýip, lebaply habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistan üç ýyldan gowrak wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklardan, has giň ýaýraýan işsizlikden ejir çekýär. Häkimiýetler bu problemalary aç-açan boýun almaýar, oňa derek Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi gije-gündiz ýurduň “bedew bady bilen ösüşini” taryplaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG