Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň ilatynyň bilim derejesi peselýärmi?


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Täjigistanyň ilatynyň bilim derejesi soňky ýyllarda göz-görtele peseldi diýip, ýerli bilermenler aýdýarlar. Öz gezeginde, hökümet resmileri tutuş ýurduň sowatlydygyny öňe sürýärler.

Bilim meselesini gozgamaga golaýda bolup geçen, BMG tarapyndan bellenýän Halaka sowatlylyk güni sebäp boldy. Täjigistan ol senäni ençeme ata-ene koronawirus infeksiýasynyň ýokuşmagyndan howatyr edip, çagalaryny okuw jaýlaryna iberip bilmän öýünde saklaýan wagtynda – pandemiýa şertlerinde garşy aldy.

Täjigistanyň magaryf we ylym ministrligi COVID-19 pandemiýasynyň bilim pudagyna ýaramaz täsir edendigini adýar, ýöne ministrligiň ýolbaşçylary ýurduň mekdep okuwçylarynyň, şeýle-de ýörite we ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň bilim derejesi umumylykda alnanda öňki kadaly ýagdaýynda diýýärler. Magaryf we ylym ministrliginiň jogapkär işgäri Jaloliddin Amirow Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeşlikde, ministrligiň garamagyndaky Bilim akademiýasynyň geçiren barlaglaryna laýyklykda, Täjigistanyň mekdep okuwçylarynyň bilim derejesi ösýär hem 90% derejede saklanýar diýdi. «Bilimli hem sowatly diýip biz – öz ene dilinden başga ýene bir daşary ýurt dilini bilýänleri, häzirki zaman tehnologiýasy bilen tanyşlygy bolanlary, Internetden peýdalanmagy başarýanlary hem dünýäde bolup geçýän ýagdaýlar barada umumy düşünjesi bolanlary hasap edýäris» diýip, ministrligiň wekili aýtdy.

Jaloliddin Amirow
Jaloliddin Amirow

Ýöne ekspertleriň birnäçesi hem-de mugallymlar täjik okuwçylarynyň hem studentleriň bilim derejesiniň peselýändigine ýiti alada bildirýärler. «Eger ýazyp hem okap bilýänleri sowatly saýsak, onda gaty köp mekdep okuwçysyna sowatly diýip bileris. Ýöne häzirki ýaşlaryň köpräginiň, gynansak-da, häzirki zaman tehnologiýasyndan habary ýok, daşary ýurt dillerini bilmeýärler. Bu ýagdaý mekdepleriň köpüsinde kompýuterleriň ýokdugy hem kompýuter otaglarynyň işlemeýändigi sebäpli ýüze çykýar. Çagalar daşary ýurt dilini mejbury öwrenýärler, şol sanda iňlis dilini mekdepden daşarda, ýörite mugallym tutup öwrenýärler. Okuwçylaryň köpüsi kitap okamagy halamaýar. Ýokary synpda okaýan okuwçylaryň birnäçesi ‘mekdepde okan bilimiň haýry ýok, bary bir zähmet migrantyna öwrülýäň’ diýýärler» diýip, Rudaki raýonyndan mekdep mugallymlaryndan biri Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Täjik eksperti Irşod Sulaýmoni ýurtda ýaşlaryň bilim derejesiniň gaty peselendigini, bilim pudagynyň düýpli reforma mätäçdigini öňe sürýär. «Meniň pikirimçe, bilim pudagynda döwletiň hökmürowanlygyny aradan aýyrmaly, hususy mekdepleriň, aýratyn we ýokary okuw jaýlarynyň işlemegine rugsat bermeli. Şonda bilim pudagyndaky bazarda bäsleşik döremegi mümkin. Mundan daşary-da, hususy mekdepleri hem beýleki okuw jaýlaryny salgytdan boşatmaly» diýip ekspert hasap edýär.

Irşod Sulaýmoni
Irşod Sulaýmoni

Öz gezeginde magaryf ministrligi döwletiň bilim pudagyna doly eýeçilik etmeýändigini adýar hem hususy mekdepleri döretmäge hiç hili çäklendirmäniň ýokdugyny öňe sürýär. Ministrlik bilim pudagynyň ösmegi üçin mümkin bolan ähli çäreleriň görülýändigini belleýär. Diňe geçen ýylyň özünde 200-den gowrak täze mekdebiň gurlandygyny, 120-den gowrak okuwçynyň halkara mekdep olimpiadalarynda altyn we kümüş medallara eýe bolandygyny ministrlikdäki biziň gürrüňdeşimiz aýdýar.

Täjigistanyň prezidentiniň ýanyndaky Statistika baradaky agentlik 2010-njy ýylda ýurtda ilat ýazuwy geçirilende, ilatyň sowatlylyk derejesi baradaky maglumatlary hem öwrendi. Şol resmi maglumata görä, Täjigistanyň ilatynyň 99,8% sowatly hasap edilýär, diňe 0,2% ilatda sowat ýok. Agentlik milletiň sowatlylygyny adamlaryň okap hem ýazyp bilmegi bilen kesgitläpdi.

Statistika baradaky edaranyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, milletiň sowatlylygy baradaky täze maglumatlar indiki ilat ýazuwyndan soňra mälim ediler. Hökümetleriň ilatyň bilimlilik derejesini nähili esasda kesgitlejekdigi entek belli däl.

Duşenbedäki mekdepleriň birinde.
Duşenbedäki mekdepleriň birinde.

Dünýäde adam sanynyň özgerip durmagyny öwrenýän Countrymeters portalynyň maglumatlaryna görä, 2019-njy ýylyň başlarynda Täjigistanyň uly ýaşdaky ilatynyň 99,77% haýsam bolsa bir dilde okap we ýazyp bilýär. Şeýlelikde, Täjigistanyň ilatynyň uly ýaşly, ýagny 15 ýaşdan ýokary bolanlardan 6 mln. 43 müň 338 adam sowatly saýylýar. Ýaşlaryň arasyndaky, ýagny 18-den 24 ýaşa çenli bolanlarda bilimlilik derejesi birneme ýokarrak bolup, olar 99,88% deň diýip, BMG-niň statistiki maglumatlaryna esaslanýan Countrymeters portaly ýazýar.

Ýöne ekspertleriň aýtmagyna görä, bu ýerde gürrüň diňe adaty sowatlylyk, ýagny okamagy hem ýazmagy başarmak hakda barýar. Mundan daşary-da, funksional sowatlylyk bar – bu her adamdaky tejribäniň jemi, başarnygy hem ol ukyby häzirki zaman dünýäsinde peýdaly ulanyp bilmegidir: öz durmuşyna hem saglyk ýagdaýyna aňly-düşünjeli garaýşydyr, öz şahsy hukuklaryna, graždanin hökmündäki borçlaryna ýa-da talaplara, tankydy pikirlere, hakykat bilen ýasama zady saýgarmaga, öz şahsy kämilligini dolandyrmaga hem ösdürmäge bolan zerurlyk adamyň sowatlylyk derejesini kesgitleýär diýip, ekspertler aýdýarlar.

Täjigistanyň Magaryf ministrliginiň öňki ýolbaşçysy bolan Munira Inoýatowa Azatlyk Radiosy bilen irkiräk geçiren bir interwýusynda 21-nji asyr üçin diňe ýazyp hem okap bilmegi başarmak sowatlylyk derejesi bolup bilmez diýipdi. «Sowatlylyk diýmek örän giň düşünje, okamagy hem ýazmagy başarmakdan daşary-da, her bir adam akyl ukybynyň kämilleşmegini gazanmaly, özbaşdak netijä gelip bilmeli, jogapkärçiligi duýmaly, azyndan bir hünäre eýe bolmaly, öz hukuklaryny gorap bilmeli» diýip, öňki ministr aýdypdy.

Täjigistanyň Magaryf ministrligi ýaşlaryň arasynda bilim düşünjesiniň artýandygyny aýdýar, ýöne ýerli ekspertler Sowet Soýuzy döwründe ilatyň bilim derejesiniň häzirkisinden has ýokary bolandygyny öňe sürýärler.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG