Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rohani BMG-ä ABŞ-nyň 'ne gepleşikleri, ne-de urşy' boýna dakyp biljekdigini aýdýar


Hasan Rohani: ABŞ ne gepleşikleri, ne-de urşy boýna dakar.

"Bu BMG-niň Howpsuzlyk geňeşindäki agzybirligi we onuň kararlarynyň bitewiligini pese gaçyrar hem-de sebitdäki dartgynlygy hasam güýçlendirmek töwekgelligini döreder" diýip, Makron aýtdy.

Eýranyň prezidenti Hasan Rohani 22-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasyna Tähranyň Birleşen Ştatlaryň öz ýurduny "Amerikan saýlawlarynda we içerki syýasatda söwdalaşmak guraly" edinmek ugrundaky tagallalaryny ret edendigini aýtdy.

Ol Birleşen Ştatlaryň Eýrany "ne gepleşiklere, ne-de uruşmaga" mejbur edip biljekdigini aýtdy.

Birleşen Ştatlar 21-nji sentýabrda Eýranyň Goranmak ministrligine we ýadro we ýarag programmasyna gatnaşýan beýleki guramalaryna garşy täze sanksiýalary yglan etmek bilen, öz häsiýetlendirmegine görä, Tähranyň "betniýet hereketlerine" jogap hökmünde "iň ýokary basyş" syýasatyny dowam etdirdi.

"Birleşen Ştatlar biziň boýnumyza ne gepleşikleri, ne-de uruş dakyp biler" diýip, Rohani aýtdy. “Elbetde, sanksiýalar astyndaky durmuş kyn. Emma durmuş garaşsyzlyk bolmasa has-da kyn" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Birleşen Ştatlar şu hepde, Waşington birtaraplaýyn tertipde BMG-niň Ýakyn Gündogar döwletine garşy ýarag embargosyny durmuşa geçirmäge çalşyp, Eýranyň ýadro işlerine ýa-da raketa we adaty ýarag programmalaryna gatnaşýan 20-den gowrak adama we guramalara garşy sanksiýalary girizdi.

"ABŞ-nyň islendik administrasiýasynyň ýakyn wagtda, [ABŞ] saýlawlaryndan soň [noýabr aýynda], Eýran halkynyň berdaşlylygyna boýun bolmakdan başga çäresi bolmaz" diýip, Rohani aýtdy.

Birleşen Ştatlar Tähran bilen dünýä döwletleriniň arasynda 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan iki ýyl ozal çykdy we bu jezalar Tramp adminstrasiýasynyň gadaganlyklary yzyna getirmek çäresi esasynda guraýan täze sanksiýa hüjüminiň bir bölegi bolup durýar.

"Birleşen Ştatlar indi Eýrana garşy BMG sanksiýalaryny dikeltdi" diýip, prezident Donald Tramp Waşingtonyň "yza dolanyşyny" kanunlaşdyrýan ýerine ýetiriş buýrugyna gol çekeninden soň eden beýanatynda aýtdy. "Meniň şu günki hereketlerim Eýran režimine we halkara jemgyýetçiliginde Eýrana garşy durmakdan ýüz öwürýänlere açyk yşaratdyr" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

ABŞ-nyň bu göçümi Hytaýyň we Orsýetiň garşylygyna sebäp boldy we Waşington bilen onuň käbir ýewropa ýaranlarynyň arasynda Birleşen Ştatlaryň embargony dikeltmeklige bolan kanuny hukugy baradaky çekeleşigi artdyrdy.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 22-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasyna iberen wideo ýüzlenmesinde Ýewropanyň sanksiýalar mehanizmi üstünde ABŞ bilen “eglişige gelmejekdigini” aýtdy.

"Bu BMG-niň Howpsuzlyk geňeşindäki agzybirligi we onuň kararlarynyň bitewiligini pese gaçyrar hem-de sebitdäki dartgynlygy hasam güýçlendirmek töwekgelligini döreder" diýip, Makron aýtdy.

Tramp administrasiýasy iki ýyl öň 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyndan çekilenden soň, ABŞ-nyň Eýrana garşy sanksiýalaryny gaýtadan girizdi.

Bir hepde öň, Eýranyň ýanwarda öldürilen ýokary derejeli komandiri Kasem Suleýmaniniň aryny almak üçin amerikan diplomatyny öldürmegi planlaşdyrýandygy barada çykan habara reaksiýa bildirip, Tramp Eýranyň islendik hüjüminiň has uly gaýtawula sebäp boljakdygyny aýdanyndan soň,
Tähran Waşingtonyň "strategiki ýalňyşlyk" goýbermezligi barada duýduryş berdi.

ABŞ-nyň ýolbaşçylarynyň islendik "täze strategiki ýalňyşlygy" "Eýranyň aýgytly jogaby" bilen garşylanar diýip, Eýran hökümetiniň metbugat sekretary Ali Rabiei 15-nji sentýabrda guralan metbugat ýygnagynda aýtdy.

"Eýranyň ABŞ-a garşy islendik hüjümi Eýrana 1000 esse ululykdaky hüjüm bilen garşylanar!" diýip, Tramp şondan birnäçe sagat öň çap eden twitinde aýtdy.

Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif 21-nji sentýabrda Nýu-Ýorkdaky Daşary gatnaşyklar geňeşine eden wirtual ýüzlenmesinde Eýranyň ABŞ bilen doly tussag çalyşmasyna taýýardygyny aýtdy.

Tähran eýran asylly amerikanlar bolan ataly-ogly, Bakueri we Siamak Namazileri azat edip bilermi diýen soraga jogap hökmünde Zarif özüniň sud işine ýetirip biljek täsiriniň diňe Birleşen Ştatlarda adalatsyz saklanýandygy aýdylýan eýranlylar bilen çalyşmak esasynda bolup biljekdigini aýtdy.

Waşington Eýrandan ABŞ raýatlarynyň, şol sanda 2016 we 2015-nji ýyllarda türmä basylan Bakuer we Siamak Namazileriň azat edilmegini uzak wagt bäri talap edip gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG