Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Kameralar itleriň ýören ýerini ýazga alýar, jemagat gulluklary zäher atýar"


Aşgabat (arhiw suraty)
Aşgabat (arhiw suraty)

Türkmenistanyň paýtagtynda pişiklere we itlere garşy "söweş" dowam edýär. Aşgabatda haýwanlary goraýjylaryň aýdyşyna görä, häkimiýetleriň haýwanlary ýok etmek boýunça çäreleri, diňe öýsüz itlere we pişiklere däl, eýsem eýeleri bilen gezelenje çykýan öý haýwanlara hem degişli. Haýwanlaryň eýeleri we goraýjy aktiwistler şu günler jemagat gulluklaryň işgärleri tarapyndan köp ýerde zäherlenen iýmitiň bilkastlaýyn ýerleşdirilýändigini aýdýarlar. Şäher häkimligi bu ýagdaý barada düşündiriş bermeýär.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary we haýwanlary goraýjylar, daşarda gezelenç edenden soň ölen öý haýwanlarynyň birnäçedigi barada habar berdiler we itleriň hem pişikleriň heläk bolmagyna zäherlenmeleriň sebäp bolandygyny aýtdylar.

"Esasanam soňky günlerde öý haýwanlary saklanýan öýlere zäher atylýar. Itleriň daşarda ýöreýän ýerlerini kameralar ýazgy edýär, jemagat gulluklaryň işgärleri bolsa şol ýerlere kakadylan kolbasa ýaly iýmit bilen zäher atýar" - diýip, Azatlygyň habarçysy 27-nji sentýabrda paýtagtyň jemagat gulluklarynyň biriniň işgärine salgylanyp, habar berdi.

Aşgabatda birnäçe ýyl bäri şäher häkimliginiň işgärleri ýolbaşçylarynyň buýrugy bilen pişikleri we itleri tutmak bilen meşgullanýarlar.

Öý haýwanlaryna garşy göreşiň güýçlenmeginiň häzirki tapgyry ýurduň esasy döwlet baýramçylygy, Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda ýüze çykdy.

27-nji sentýabrda bellenen baýramçylygyň öňüsyrasynda aşgabatly haýwanlary goraýjylar şäher merkezinde itleriň we pişikleriň köpçülikleýin tutulýandygyny, köçelerde zäherlenen iýmitleri ýerleşdirmek usulynyň giňden ýaýrandygyny habar beripdi.

"Pişikleri aldap çykarmak üçin içi zäherlenen kolbasa böleklerini ulanýarlar, ony öý itleriniň saklanýan jaýlaryň girelgelerine hem zyňýarlar. 11-nji etrapçada eýýäm ölen pişikler köp" - diýip, adynyň agzalmazlygyny soran aşgabatly haýwanlary goraýjy aktiwisti 22-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Aşgabadyň häkimiýetleriniň öý haýwanlaryny ýok etmek boýunça çärelerini güýçlendirmeginiň resmi sebäpleri belli däl. Şäher häkimligi bu hereketleri barada düşündiriş bermeýär. Azatlygyň paýtagtyň administrasiýasyndan we jemagat hyzmatlarynyň ýolbaşçylaryndan düşündiriş almak boýunça eden köp synanyşyklary netije bermedi.

Bellemeli ýeri, her baýramçylykdan ozal ýurduň prezidenti öz gol astyndakylardan dabaralary, şäheriň abadanlaşdyrylmagyny we iň ýokary derejede çäreleri guramagyny talap edip gelýär.

Bu aralykda, Türkmenistanyň sebitlerinde itler üçin penahananyň gurluşygy üçin pul ýygnalýar. Hususan-da, Lebap welaýatynda býujet edaralarynda işgärleriň aýlyk haklaryndan 200-500 manat aralygynda pul ýygnalýar. Bu mejbury goşantlar mekdepleriň, sport desgalarynyň, saglyk öýleriniň, hassahanalaryň we polisiýanyň işgärlerinden alynýar.

Lebapda it penahanasyny gurmak üçin döwlet işgärlerinden pul ýygnamak çäresi, döwlet metbugatynda ýurduň ähli ýerlerinde türkmen alabaý itleri üçin merkezleri döretmek planlarynyň yglan edilmeginden iki hepde soň amala aşyrylyp başlandy. Resmi habara görä, 26-njy awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda guruljak türkmen alabaý itleriniň merkezleriniň taslamalary, şeýle hem Ahal welaýatyndaky itler üçin karantin merkeziniň taslamasy bilen tanyşdy. Hasabatda Ahalda guruljak merkeziň 30 sany it üçin niýetlenendigi bellenilýär.

Resmi habar beriş serişdeleri şu ýylyň maý aýynda Ahal welaýatynda weterinar klinikasynyň we öý haýwanlaryny saklamak üçin toplumyň açylandygyny ýatladýarlar.

Türkmen häkimiýetleriniň haýwanlara bolan ünsi 2019-njy ýylyň fewralynda güýçlendi. Türkmenistanda öýsüz haýwanlary rehimsizlik bilen ýok etmek barada daşary ýurt metbugatynda çap edilen köp sanly neşirlerden soň, ýurduň prezidenti, birden ýurtda haýwanlar üçin ýokary oňaýlykly penahana we weterinar klinikasynyň guruljakdygyny yglan etdi.

Prezidentiň döwletiň hasabyna klinika gurmak barada beren wadasyna garamazdan, ilatdan pul ýygnamak kampaniýasy başlandy. Türkmen häkimiýetleri prezident tarapyndan wada berlen weterinariýa hassahanasy üçin bir hepdede 62 000 amerikan dollaryna barabar pul ýygnady. Döwlet habar beriş serişdeleri munuň "halkyň asylly işi oňlamagyny görkezýändigini" bellediler we şol bir habarda desganyň "döwletiň hasabyna amala aşyryljagyny" gaýtaladylar.

Ilatdan toplanan puluň nämä sarp edilendigi soň habar berilmedi. Şondan bäri ýurtda alabaý itlerini köpeltmek üçin merkezler açyldy.

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda "Türkmen alabaý itleri" birleşigi döredildi. Awgust aýynda türkmen alabaý itleri boýunça halkara birleşigi döredildi, oňa prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow başlyk bellendi.

Şu ýyl ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň maldarçylyk bölümleri ilkinji gezek kinologiýa ugrundan okuwa kabul edip başlady.

Türkmenistanda döwlet tarapyndan alabaýlary köpeltmäge aýratyn üns berilýär. Ýurt baştutany alabaý itlerine kitap bagyşlaýar.

Haýwanlary goraýjylar köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda itleriň we pişikleriň gyrylmagy problemasyna yzygiderli ünsi çekýärler we türkmen häkimiýetlerini tankyt edýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG