Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda it penahanasyny gurmak üçin býujet işgärlerinden pul ýygnalýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynda it penahanasyny gurmak üçin Farap etrabynyň mekdepleriniň, sport mekdepleriniň, saglyk öýleriniň, keselhanalaryň, polisiýa edarasynyň ähli işgärlerinden, aýlyklaryna görä, 200-500 manat aralygynda pul ýygnalýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Habarçy pul ýygnamak işleriniň etrabyň ähli býujet edaralaryna degişlidigini aýdyp, häzirki wagtda agzalan edaralarda, şol sanda etrabyň 18, 42 we 11 belgili mekdeplerinde pul ýygnamak işleriniň dowam edýändigini tassyklady.

Türkmenistanda häkimiýetleriň býujet işgärlerinden dilden görkezme esasynda dürli maksatlar üçin, şol sanda pagta ýygymyna we gowaçanyň çürtüm işlerine hakyna tutma işçi ugratmak üçin, döwlet edara-kärhanalaryna prezidentiň portretlerini satyn almak üçin, welosiped satyn almak üçin pul ýygnamak işleri däbe öwrüldi. Ýöne şeýle mejbury pul ýygymynyň ýurtda ykdysady kynçylyklar dowam edýän wagty amal edilmegi býujet işgärlerini köseýär.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan býujet işgärleri ýurtda tas 6 aý bäri karantin düzgünleriniň dowam edýändigini aýdyp, bu çäklendirmeleriň fonunda öz aýlyklaryndan ýollary abatlamak üçin, pagta ýygymy üçin, dezinfeksiýa serişdelerini we maskalary satyn almak üçin tutulýan tutumlaryň maşgala býujetlerine agram salýandygyny gürrüň berdiler.

Lebap welaýatynda guruljak it penahanasynyň ýerleşjek ýeri, onuň tutýan meýdany we onuň bahasy barada ýerli media serişdeleri habar bermeýär.

Mundan ozal, haýwan hukuklaryny goraýjylar ýurtda ykmanda it-pişiklere resmileriň ýowuz daraýandygyny habar berip geldiler.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary ýurtda haýwanlaryň ala tutulýandygyny aýdýarlar.

Lebap welaýatynda guruljak it penahanasy üçin häkimiýetleriň býujet edaralarynyň işgärlerinden pul ýygnamaga girişmegi, TDH-nyň her welaýatda açyljak alabaý tohumçylyk merkezi barada habar bermeginden iki hepde soňa gabat gelýär.

Döwlet metbugatynyň habaryna görä, 26-njy awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow alabaý itleriniň Aşgabatda, Balkanda, Daşoguzda, Lebapda we Maryda guruljak tohumçylyk merkeziniň taslamalary bilen, Ahal welaýatynda itler üçin guruljak karantin merkeziniň baş plany bilen hem-de alabaýlaryň heýkel şekilleriniň dürli görnüşleri bilen tanyş boldy. Munuň bilen bir hatarda, resmi metbugat maý aýynda Ahal welaýatynda weterinar hassahanasynyň we öý haýwanlaryny saklamak üçin ýörite toplumyň açylandygyny belleýär.

Habarda aýdylmagyna görä, Ahal welaýatynda guruljak it karantin merkezi 30 ite niýetlenýär.

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasy döredildi. Awgustda onuň binýadynda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredildi we onuň başlyklygyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow saýlanyldy.

Şu ýyl Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk bölüminde kinologiýa hünäri talyplary okuwa kabul edip başlady.

Türkmenistanda atşynaslyga we itşynaslyga, hususan-da ahalteke bedewlerine we türkmen alabaý itlerine döwlet derejesinde üns gönükdirilýär.

“It üçin köşk gurmazdan öň, müňläp raýat öýsüz, işsiz; ilki şolaryň ýagdaýyna seretmeli” diýip, bir faraply ýaşaýjy atlandyrylmazlyk şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Apreldäki harasatdan soň, müňläp raýatyň köp gatly jaýlarynda şiferler (ýapyrgyçlar) heniz hem bejerilmän dur!” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Apreliň ahyrynda Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde turan weýrançylykly harasatyň netijesinde ençeme binalara agyr zyýan ýetdi.

“Býujet işgärleri gowulyga garaşýar. Emma indi 3 ýyl bäri gowulygyň garasy görünmeýär” diýip, beýleki bir ýaşaýjy umytsyzlyk beýan etdi.

Türkmenistanyň hökümeti pandemiýa, tebigy harasat ýaly adatdan daşary ýagdaýlary, şeýle-de ýurtda dowam edýän ykdysady problemalary aç-açan boýun almaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG