Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Garabogazyň banky kartlardaky puly talon boýunça nagtlaşdyrmak düzgünini "girizdi"


Türkmenistanda bank kartlaryndaky zähmet we pensiýa haklaryny nagtlaşdyrmak üçin bankomatyň öňünde nobata duran adamlar. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Garabogaz şäherindäki "Türkmenbaşy" bankynyň şahamçasy ilatyň bank kartlaryndaky puly talon boýunça nagtlaşdyrmak düzgünini girizdi. Bu barada "Turkmen.news" neşiri habar berýär.

Neşir 28-nji aprelde çap eden maglumatynda bu düzgüniň Garabogazdaky ýeke-täk maliýe guramasynda 16-njy aprelden başlap güýje girizilendigini aýdýar.

"Indi şäheriň ýaşaýjylary banka pasporty bilen gelýärler. Olaryň maglumatlary kompýuter bazasyna girizilýär. Ertesi gün adamlara A4 kagyzyň 1/8 bölegi bolan talon berilýär. Talonda nobatyň belgisi, nobaty bellän adamyň ady, familiýasy we pasport belgisi el bilen ýazylypdyr. Şeýle hem onda bankyň ygtyýarly işgäriniň goly görkezilýär" diýlip, neşiriň habarynda bellenilýär.

Aýdylmagyna görä, adamlar bankomatlardan pul alanda, bu talony bank işgärine görkezmeli bolýarlar we iki polisiýa işgäri nobata gözegçilik edýär.

"Ýerli ýaşaýjylar nobatlarda tertip-düzgüniň ýola goýlandygyny we dawa-jenjeliň ýokdugyny aýdyp, täze düzgüni gowy garşy aldylar. Şeýle-de, olar bu ýerde welaýatyň beýleki şäherleriniň ilatynyň pul nagtlaşdyryp bilmeýändigi sebäpli häzire çenli hemme kime pul ýetýändigini hem aýdýarlar " diýip, neşir öz ýurt içindäki çeşmesiniň sözlerini sitirledi.

Şol bir wagtda, neşir bu düzgüniň oňaýsyz taraplarynyň hem bardygyny aýdyp, indi ýaşaýjylaryň, şol sanda pensionerleriň özlerine degişli kartdaky puly nagtlaşdyrmak üçin hökmany ýagdaýda banka barmalydygyny we talon almalydygyny hem belleýär.

Aýdylmagyna görä, Garabogazyň banky ilatyň kartdaky puly nagtlaşdyrmak düzgünini hem çäklendirdi. Indi garabogazlylar bir gezekde 800 manada çenli puly nagtlaşdyryp bilýärler. Şondan soň olaryň karty 7 güne çenli petiklenýär.

"Adamlar her aýda dört gezek 800 manady, jemi 3200 manady nagtlaşdyryp bilýärler. Talonyň möhleti bir aýlyk bolup, soňra täzesini almaly" diýlip, habarda aýdylýar.

Azatlyk Radiosyna bu maglumatlary öz ýurt içindäki habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady. Bu barada "Türkmenbaşy" bankynyň Garabogazdaky şahamçasyndan hem kommentariý alyp bolmady.

Türkmenistan indi üç ýyl çemesi wagt bäri öz garaşsyzlyk ýyllarynyň iň agyr ykdysady kynçylyklarynyň birini başdan geçirýär. Bu kynçylyklaryň fonunda bankomatlarda nagt ýetmezçiligi, munuň bilen bagly olaryň öňünde adamlaryň uly nobatlary dowam edýär. Nobatdaky adamlaryň arasynda dawa-jenjeller hem ýygy-ýygydan ýüze çykýar.

Azatlygyň habarçylary koronawirus global pandemiýasy bilen bagly aladalaryň fonunda, beýleki kynçylyklar bilen bir hatarda, ýurtdaky maliýe ýetmezçiliginiň has-da ýitileşendigini habar berip gelýärler. Bankomatlaryň tas ählisinde nagt tapdyrmaýandygy sebäpli, käbir raýatlar geçen aýdaky zähmet haklaryny hem nagtlaşdyryp bilmeýärler.

Munuň bilen bir wagtda, ýurtda kartlar arkaly nagt däl bank amallaryny amala aşyrmak hem kynlaşýar. Ýurtda diňe çäkli sandaky dükanda kartlar bilen söwda edip bolýar.

Bu kynçylyklar sebäpli ilatyň öz kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmagyň täze usullaryny oýlap tapmaga mejbur bolýandygy habar berilýär.

Geçen hepde Azatlygyň Lebapdaky we Balkandaky habarçylary ýaşaýjylaryň onlarçasynyň uly söwda dükanlarynyň öňüne üýşüp, nagt pulda söwda etmek üçin baran adamlara öz kartlary bilen tölemegi we şol möçberdäki maliýe serişdesini özlerine nagt bermegi haýyş edýändigini habar beripdiler.

17-nji aprelde bolsa, Tejen şäherinde käbir adamlaryň hususy dükanlara baryp, kartlaryndaky puly nagtlaşdyryp bermegi soraýandygy mälim boldy. Ýöne dükan eýeleriniň bu hyzmat üçin nagtlaşdyrylan puluň 10%-ni alyp galýandygy hem aýdyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG