Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanlylar ses berýär, awtokrat Rahmon dolandyryş möhletini uzaldýar


Rahmon irden Duşanbede ses berdi we žurnalistler bilen gürleşmekden ýüz öwürdi.
Rahmon irden Duşanbede ses berdi we žurnalistler bilen gürleşmekden ýüz öwürdi.

1992-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan Rahmon dört gezek geçirilen prezident saýlawlarynda yzly-yzyna ýeňiş gazandy, olaryň hiç biri-de günbatar gözegçileri tarapyndan erkin ýa-da adalatly hasaplanmady.

Täjigistanly saýlawçylar 11-nji oktýabrda geçirilýän prezident saýlawynda ses berýärler, awtoritar prezident Emomali Rahmonyň garyp Merkezi Aziýa döwletindäki dolandyryşyny ýene ýedi ýyl uzaltmagyna garaşylýar.

Merkezi saýlaw komissiýasy saýlawçylaryň 70 göterimden gowragynyň günortana çenli saýlawlara gatnaşandygyny, saýlawyň tassyklanmagy üçin zerur bolan 50 göterimden gowrak saýlawçynyň ses berendigini aýtdy.

Häkimiýetler ses bermäge gelýänleri köpeltmek maksady bilen aýdym-saz konsertlerini, azyk önümleriniň paýlanmagyny we beýleki çäreleri guradylar. Käbir saýlawçylary awtobus bilen saýlaw uçastoklaryna getirdiler.

1992-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan Rahmon dört gezek geçirilen prezident saýlawlarynda yzly-yzyna ýeňiş gazandy, olaryň hiç biri-de günbatar gözegçileri tarapyndan erkin ýa-da adalatly hasaplanmady.

Rahmon häkimiýet başynda Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenkadan hem uzak saklanan ýeke-täk post-sowet awtokraty bolup durýar.

Saýlaw, COVID-19 pandemiýasy bilen baglylykda, Täjigistanyň ykdysady kynçylyklarynyň has agralan wagtynda geçirilýär. Pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli ýüzlerçe müň migrant işçi ýurt içinde tapylmaýan iş, gazanç şertlerini tapmak üçin Russiýa gidip bilmeýär we ýerli ykdysadyýeti güýçlendirmek üçin zerur pul geçirilmän galýar.

68 ýaşly Rahmon ýurduň “jübi” parlamentinde hökümete tarapdar partiýalara wekilçilik edýän we gaty tanalmaýan dört dalaşgär bilen bäsleşýär.

Olara ses berişlige bäsdeşlik görnüşini bermek üçin tapylan fasad hökmünde garalýar.

Rahmon irden Duşanbede ses berdi we žurnalistler bilen gürleşmekden ýüz öwürdi.

Bu saýlaw Rahmonyň iň täsirli syýasy bäsdeşi, Yslam Galkynyş partiýasy bikanun diýlip yglan edileli bäri geçirilýän ilkinji bäsleşik bolar.

Ýurduň içindäki ýeke-täk hakyky syýasy oppozisiýa topary bolan Sosial-Demokratik partiýa saýlawy boýkot edýär.

Partiýanyň lideri Rahmatullo Zirow Azatlyk radiosyna beren interwýusynda ses bermegiň hiç hili manysynyň ýokdugyny aýtdy we, “eger-de biri ähli kandidata garşy ses berse-de, MSK öz sanlaryny we netijelerini yglan eder” diýdi.

Basylyp saklanylýan oppozisiýa we Rahmonyň bu ýurda berk gözegçilik etmegi bilen, bu ýurtda geçirilýän saýlawlaryň netijeleri şu aýyň başynda, jedelli parlament saýlawlaryndan soň, Gyrgyzystanda bolan wakalara çalymdaş bir ýagdaýa alyp geljege meňzemeýär.

Awgustyň aýagynda Rahmonyň kandidaturasynyň ýene dalaşgärlige hödürlenmegi onuň uly ogly Rustam Emomaliniň bu wezipä dalaş etmegine ýol açjakdygy barada edilen çaklamalary bes etdi.

32 ýaşly Emomali aprelde parlamentiň ýokarky palatasynyň başlygy wezipesine bellendi, wezipesini ýerine ýetirip bilmese, ol prezident kakasynyň wezipesini ýerine ýetirer.

Emomali paýtagt Duşenbäniň häkimi bolup, bu düşewüntli wezipäni hem elinde saklaýar.

Emomaliniň mirasdüşeri baradaky çaklamalar ilkibaşda 2016-njy ýylda, Täjigistan prezidentlige dalaşgärler bolmagyň aşaky ýaş çägini 35 ýaşdan 30 ýaşa çenli peseltmek üçin konstitusiýa üýtgetme girizende başlady. Bu çäre Emomaliniň prezidentlige dalaş etmegine ýol açmak üçin ädilen ädim hökmünde görüldi.

Şeýle-de bu düzedişler Rahmona prezidentlige çäksiz gezek dalaş etmek hukugyny berdi.

Ýurtda dowam edýän agalyk ornuny has-da berkitmek bilen, parlament 2015-nji ýylyň dekabrynda Rahmona milletiň lideri diýen at-derejäni hem berdi. Bu dereje oňa sud jogapkärçiligine çekilmezlik hukugyny, ömürlik eldegrilmesizlik mümkinçiligini berýär.

11-nji oktýabrdaky ses berişlik şu ýyl Täjigistanda geçirilen ikinji saýlaw boldy. Mart aýynda bu ýurt parlament saýlawlaryny geçirdi we netijede Rahmonyň Halk Demokratik partiýasynyň agzalarynyň agdyklyk edýän ýene kanun çykaryjy guramasy döredildi.

Ses berişlik ýerli wagt bilen ir sagat 6-da başlandy, tutuş ýurt boýunça 3375 saýlaw uçastogy işleýär we 5 milliona golaý saýlawçy ses bermäge gatnaşdy.

XS
SM
MD
LG