Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowa deportasiýa merkezinden azat edildi


Dürsoltan Taganowa

Türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowa 12-nji oktýabr güni giçlik Türkiýedäki deportasiýa merkezinden goýberildi. Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri Taganowanyň öz sözlerine salgylanyp maglumat berýär.

Mundan öň, adam hukuklaryny goraýjy 11 gurama türk häkimiýetlerini türkmen aktiwisti Dursoltan Taganowany deportasiýa etmezlige çagyrdy we onuň Türkmenistana gaýdyp baran ýagdaýynda esassyz tussag ediljekdigini hem gynamalara sezewar boljakdygyny aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasynyň (HRW) 12-nji oktýabrda çap eden maglumatynda guramalar Türkiýäniň halkara hyzmatdaşlaryny "Ankarany halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge we Türkiýede gaçybatalga gözleýän Taganowany deportasiýa etmezlige çagyrmaga" ündäpdi.

Taganowanyň ykbalyna aladalanma bildiren 11 guramanyň arasynda Bolgariýanyň Helsinki komiteti, Crude Accountability, Demokratiýanyň we Adam Hukuklarynyň Ösüş Merkezi, Türkmenistanyň Graždan bileleşigi, Freedom Files, Human Rights Watch, Adam hukuklary instituty, "Memorial", Norwegiýanyň Helsinki komiteti, Türkmenistan Helsinki komiteti we Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy ýaly guramalar bar.

29 ýaşly aktiwist iýul aýynda Stambulda koronawirus çäklendirmelerini bozmakda aýyplanyp tussag edilen beýleki onlarça türkmen aktiwistiniň, esasanam migrant işçileriň arasyndady. Bu ýagdaý Stambuldaky türkmen konsullygynyň öňünde türkmen hökümetiniň koronawirus pandemiýasyna ýeterlik derejede jogapkärçilikli çemeleşmeýändigini tankyt edýän aktiwistleriň planlaşdyran protest aksiýasynyň öňüsyrasynda ýüze çykypdy.

Iýun aýyndan bäri Türkiýede, ABŞ-da we Demirgazyk Kiprde ýaşaýan türkmen raýatlary türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa nägilelik bildirmek üçin çykyşlaryň ençemesini geçirdiler.

Hökümetiň tankytçylary we adam hukuklary boýunça toparlar Berdimuhamedowyň 2006-njy ýylda awtokrat Saparmyrat Nyýazow ölenden soň häkimiýet başyna geleli bäri başga pikirdäkileri basyp ýatyrandygyny we berk çäklendirme ýöredýän ýurda az üýtgeşiklik getirendigini aýdýarlar.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk
XS
SM
MD
LG