Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Transgender hem ýörite gullugyň işgäri. Aýallar türmesinde bolan jynsy zorluk


Wiktoriýa Berkhojaýewa, zorlanan aýal-transgender hem-de türmede gynamalara duçar bolan, ol Almaty oblastynyň Iliý raýon sudunda. Almaty oblasty, 2020-nji ýylyň 3-nji marty.
Wiktoriýa Berkhojaýewa, zorlanan aýal-transgender hem-de türmede gynamalara duçar bolan, ol Almaty oblastynyň Iliý raýon sudunda. Almaty oblasty, 2020-nji ýylyň 3-nji marty.

Gazagystandaky türmede aýal-transgendere garşy edilen seksual zorluk boýunça sud diňlenişiginiň ilkinji etapy Almaty oblastynda bolup geçdi. Jebir çeken özüni zorlana berlen jezanyň ýumşakdygyny, sud edilen – öňki MHK gullukçysy bolsa munuň adalatly däldigini aýdýarlar. Ynsan hukuklaryny goraýjylar bu sud diňlenişiginiň gözenekden aňyrdaky bikanunçylygyň subutnamasy bolýandygyny öňe sürýärler.

Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň öňki işgäri S. A. jynsy häsiýetde zorluk edendigi hem tussagda oturana garşy jeza çäresini ulanandygy üçin, bäş ýyl alty aý türme tussaglygyna höküm edildi, ol MHK-nyň maýory harby çininden aýryldy hem döwlet gullugynda işlemeklik gadagan edildi.

Jebir çeken Wiktoriýa Berkhojaýewa, transgender, geçen ýylyň iýulynda türmede zorluga duçar edilendigi barada arza beripdi hem egni pogonly adama garşy günä bildirilipdi. Indi oňa çykarylan hökümiň ýeňildigini aýdýar.

Höküm okalandan soň, Wiktoriýa Berkhojaýewanyň adwokaty Aýman Umarowa günä bildirilýäne iň az möhletli jezanyň berlendigini aýtdy. Umarowanyň sözüne görä, beýle sud çäresi, düzgün boýunça, diňe sud edilýän ähli günäsini boýun alan ýagdaýynda berilýär, ýöne bu ýerde ýagdaý tersine, sud edilýän bildirilen günäni düýpgöter ret etdi.

Umarowa apellýasiýa sudunda ýene köpräk delilleriň getirilip, sud edilene berlen jeza möhletiniň has azaldylmagynyň mümkindigini aýdýar. Şonuň üçinem Umarowa esasy ýuridiki söweş, adalatly jezanyň talap edilmegi entek öňde diýýär.

— Beýle iş üçin bäş ýyl alty aý berilmegi – örän pes jeza çäresi. Bu adalatly hem hakykata laýyk gelýän höküm däl – diýip, Umarowa aýdýar. — Üstesine-de, ol milli howpsuzlyk komitetiniň işgäri, meniň pikirimçe, bu edilişi dogry däl. Bu milli howpsuzlyk komitetini masgaralamak. Oňa haýsy hyzmaty üçin beýle möhletiň berlendigine biz düşünmeýäris.

— [Üstesine-de] birnäçe jenaýat edene – diýip, Berkhojaýewa onuň üstüne goşýar.

Wiktoriýa Berkhojaýewanyň adwokaty Aýman Umarowa.
Wiktoriýa Berkhojaýewanyň adwokaty Aýman Umarowa.

Jogapkärçilige çekileniň özi suduň zalynda bolmady. Ony wideo-konferens-aragatnaşygyna çatyp sud etdiler. Höküm çykarylandan soň onuň aklawçysy Serik Nogaýbaýew özüniň goraga alan müşderisine berlen jezanyň adalatsyz bolany üçin, garşy arza berjekdigini aýtdy.

— Biz höküm bilen razy däl. Biz ony aklamaly diýip hasap edýäris, sebäbi ol ýerde jenaýat ýok – diýip, S. A-nyň adwokaty aýdýar.

ARZ EDILENDEN HÖKÜME ÇENLI – 14 AÝDAN GOWRAK WAGT GEÇDI. BASYŞ HAKDA ARZA

Wiktoriýa Berkhojaýewanyň türmede zorlanandygy baradaky arza geçen ýylyň tomsunda berlipdi, şübhe bildirilýän oktýabr aýynda tussaglyga alyndy. Dekabr aýynda jebir çeken tarapa derňew işleriniň tamamlanandygyny aýtdylar. Soňra barlag işi ýene-de dowam etdi. Iş suda diňe şu ýylyň fewralynda baryp ýetdi.

Wiktoriýa Berkhojaýewa tussagda oturanlaryň üsti bilen özüne «salam» getirip başlanandygyny, eger arzasyny yzyna alsa, azatlyga çykmaga kömek wada edilendigini aýdýar. Öz aýtmagyna görä, Wiktoriýa ol teklipleri ret edip, özüniň baş maksadynyň «onuň jeza çekmegini isleýändigini» mälim edipdir.

Şol işe möhüm şaýatlardan biri Dina Iskakowa hem S. A. garşy dile alyp bolmajak basyşlar barada görkezme beripdir. S. A. MHK-nyň gullukçysy wagtynda Dina Iskakowanyň şertli azatlyga çykmagyna böwet döredipdir. Iskakowa Žaugaşty aýallar koloniýasyndan şu ýyl çykdy. Ol ýörite gullugyň öňki işgärine kesilen hökümiň adalatly bolandygyny aýdýar.

S. A-ny goldaýan ýeke-täk bir adam aýallar türmesinde bolup çykan Žanna Umirowa, ol türmede oturan mahalynda, ýagny 2019-njy ýyla çenli S. A. MHK tarapyndan bellenen kurator – türmede oturana gözegçi bolupdyr (Ž. Umirowa «ekstremistik» madda bilen türmede oturypdyr).

— Ol hökümi eşidenimde, men gaty gynandym. Ýöne meniň gynanjym ol işe täsir edip bilmeýär. Men geljekde-de MHK kuratorymy goldaryn, sebäbi ony günäsiz saýýaryn – diýip, Žanna Umirowa aýdýar.

HOWPSUZLYK KOMITETINIŇ IŞGÄRLERI TÜRMEDE «ÖZ MÜLKÜNDÄKI HOJAÝYN» ÝALY

Türmedäki zorluk hem gynamalar – üstesine-de aýallar türmesinde, ondan daşary-da MHK gullukçysynyň gatnaşmagynda edilmegi, aşa möhüm üns berilmeli ýagdaý diýip, ynsan hukuklary baradaky Gazagystan býurosynyň direktory Ýewgeniý Žowtis belleýär.

— Munuň barysy ýazgarylýar, ýöne biz esasy sowaly berip bilemzok: MHK gullukçysy aýallar türmesinde, eýsem içeri işler ministrligi näme edýär? – diýip, Žowtis aýdýar. – Bir güýç ulanyjy edaranyň işgäri beýleki bir güýç ulanyjy edaranyň işine goşulyşýar. Aslynda ýuridiki-kanun taýdan ol edara beýleki bir edara tabyn däl ahyryn. Gynansak-da, beýle ýagdaý biz üçin tebigy hem kanuny, aslynda bolsa ol baryp duran bidüzgünlik. MHK işgäri IIM-niň edarasyna girip ýör. Bize öwredilişine görä, eger tussag «ekstremizm», ýagny 174-nji, 256-njy hem 405-nji maddalar bilen günälenen bolsa, olara MHK-dan kurator – gözegçilik edip biler, ýagny MHK gullukçysy olary “täzeden” terbiýelemeli. Ýöne ol türmä girýär, edil öz mülkündäki hojaýyn ýaly, ol hemmelere, şol sanda aýallara-da gullaryň hojaýyny hökmünde daraşýar.

Ynsan hukuklaryny goraýjy Ýewgeniý Žowtis, ol Gazagystanyň adam hukuklary býurosynyň direktory.
Ynsan hukuklaryny goraýjy Ýewgeniý Žowtis, ol Gazagystanyň adam hukuklary býurosynyň direktory.

Žowtisiň sözüne görä, öňi alynmaýan şeýle kanunsyz hereketler tussagda oturanlara garşy zorlugyň dowam etmegine getirýär. Aýratyn-da, bu aýal-tussaglara degişli. Käbir ýagdaýda adalat üstün çykaýanam bolsa, türmedäki zorluk dowam edýär.

Türme tussaglaryna garşy geçirilýän zorluk çäreleriniň öňüni almagyň esasy ýollaryndan bir jenaýat-jeza beriş çärelerini IIM-niň garamagyna däl-de, eýsem graždan edaralaryna bermeli diýip, ynsan hukuklaryny goraýjy hasap edýär.

Gazagystanly we daşary ýurtly ynsan hukuklaryny goraýjylar ýurduň türme pudagynyň işini yzygiderli tankytlap gelýärler. Geçen ýylyň martynda ABŞ-yň döwlet departamentiniň dünýä çäginde ynsan hukuklarynyň ýagdaýy baradaky çap eden maglumatynda, Gazagystandaky türme şertleriniň ýowuzdygy aýratyn bellenipdi, tussaglaryň kanuna laýyk gelmeýän zorluga duçar bolýandygy aýdylypdy.

Şeýle hem ynsan hukuklaryny goraýjylar Gazagystanda LGBT wekilleriniň hukuklarynyň bozulýandygyny aýdýarlar. 2019-njy ýylyň martynda Ýewroparlament Gazagystandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy barada rezolýusiýa kabul etdi. Onda bellenmegine görä, LGBT wekilleri dürli kemsidilmelere duçar bolýarlar hem jemgyýet olara gaty ýaramaz garaýar. LGBT wekilleriniň hukuklaryny goraýjylar Gazagystanda olaryň yzarlanýandygyny, ruhy hem fiziki süteme duçar edilýändigini, jemgyýetden üzňeleşdirilýänini hem ýowuz garalýandygyny aýdýarlar.

Derňew hem sud diňlenişigi mahalynda Wiktoriýa Berkhojaýewa aýallar koloniýasyndan getirilip, Almatynyň etegindäki deslapky tussaghanada saklandy, sud gutarandan soňra ýene Žaugaştyda ýerleşýän aýallar koloniýasyna ugradyldy. Mundan öňinçä ol koloniýa dolanyp barmaga gorkýandygyny aýtdy. Sebäbi türme düzgünini ýöredijiler beýleki tussaglary küşgürip, ondan ar almagy mümkin, tussaglaryň arasynda transgendere ýaramaz garaýşyny ýaşyrjak bolmaýanlar bar diýip, ol aýdýar.

— Şonuň üçinem men zona barmakdan öz howpsuzlygym sebäpli gorkýan. Muňa ýeterlik sebäp bar. Sorag wagtynda şaýatlardan biri meni tanamaýandygyny aýtdy hem özüniň meni halamaýandygyny bildirdi – diýip, Berkhojaýewa sud diňlenişigi geçýärkä, Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Wiktoriýanyň ýedi ýyllyk türme möhleti 2023-nji ýylyň awgustynda gutarýar.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG