Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Fransuz polisiýasy mugallymyň öldürilmegine Moskwada doglan etniki çeçeniň jogapkärdigini aýdýar


"Şu gün bir raýat mugallym bolandygy üçin we söz azatlygyny öwredendigi sebäpli öldürildi" diýip, prezident Emmanuel Makron aýtdy.

"Le Monde" gazetiniň ýazmagyna görä, güman edilýän merhumyň ýanyndan tapylan dokument onuň 18 ýaşly, Moskwada doglan erkekdigini görkezýär. Ol dokument bu adamyň çeçen asyllydygyny görkezýär. Emma derňewçiler güman edilýäniň şahsyýetiniň resmi taýdan kesgitlenmegine garaşýarlar.

Golaýda klas otagynda okuwçylara Muhammet pygamberiň karikaturalaryny görkezen mugallymyň kellesi kesildi. Prezident Emmanuel Makron Parižiň etegindäki mekdebiň daşynda bolan wakany “yslamçy terror hüjümi” diýip häsiýetlendirdi.

Fransuz polisiýasy bu hadysa bilen bagly dokuz adamyň, şol sanda gümän edilýäniň 17 ýaşly doganynyň tussag edilendigini aýtdy.

Makron mugallyma hüjüm edilen orta mekdebiň öňünde durup, "şu gün bir raýat mugallym bolandygy üçin we söz azatlygyny öwredendigi sebäpli öldürildi" diýdi.

Makron Içeri işler ministrliginde gyssagly geçirilen ýygnakdan soň wakanyň bolan ýerine bardy, hüjüm Fransiýanyň terrorçylyga garşy prokurory taraoyndan derňelýär.

"Bütin ýurt öz mugallymlarynyň arkasynda durýar. Terrorçylar Fransiýany bölmezler, dikdüşdilik ýeňmez " diýip, Markron aýtdy.

Şahsyýeti anyklanmadyk hüjümçi polisiýa tarapyndan saklanjak bolanda atylyp, soňra ýarasyndan öldi diýip, polisiýa aýtdy.

Fransiýanyň terrorçylyga garşy ýöriteleşen prokurorlary bu hadysa "terror guramasy bilen baglanyşykly ganhorlyk" we "jenaýatçylykly terrorçylyk birleşigi" bilen ilteşikli jenaýat hökmünde garaýarlar diýip, "Le Monde" ýazdy.

Şeýle-de, gazetiň ýazmagyna görä, güman edilýän merhumyň ýanyndan tapylan dokument onuň 18 ýaşly, Moskwada doglan erkekdigini görkezýär. Ol dokument bu adamyň çeçen asyllydygyny görkezýär. Emma derňewçiler güman edilýäniň şahsyýetiniň resmi taýdan kesgitlenmegine garaşýarlar.

Terrorçylyga garşy prokuror Žan-Fransua Rikard žurnalistlere hüjümçiniň Twitterde mugallymyň jesediniň suratyny çap edip, ony öldürendigini hem aýdandygyny habar berdi.

Resmiler 47 ýaşyndaky taryh we geogragfiýa mugallymy Samuel Patynyň şu aý, pikir aýtmak azatlygy baradaky çekişmäniň çäginde, klasdaky okuwçylara Muhammet pygamberiň karikaturalaryny görkezendigini aýtdy.

“Charlie Hebdo”: Žurnaly nobata durup satyn alýarlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:16 0:00

Habar berilmegine görä, güman edilýän adam hüjümiň bolan ýeriniň golaýynda, eli pyçakly halda görlüpdir. Polisiýa öňüni gabanda, hüjümçi "Allahu akbar" - arapça "Hudaý iň beýik" diýip, jihadçylaryň hüjmülerine mahsus sözleri gygyryp aýdypdyr. AFP bu detaly polisiýa çeşmesine salgylanyp habar berdi.

Bu wakadan birnäçe sagat soň hüjümçiniň dört garyndaşy, şol sanda kämillik ýaşyna ýetmedik kişi hem tussag edildi diýip, polisiýa çeşmeleri aýtdy.

Öten agşam ýene bäş adam tussag edildi, olaryň arasynda öldürilen mugallymyň işlän mekdebinde, Bois d'Aulne kollejinde okaýan çagalaryň iki sany ene-atasy hem bar.

Hüjüm ýerli wagt bilen öýlän sagat 5:00 töwereginde, Conflans Saint-Honorinde, pidanyň taryhdan sapak berýän orta mekdebiniň golaýynda boldy.

9-njy oktýabrda twitter sahypasynda peýda bolan ýazgylarda Conflans Sainte-Honoriniň taryh mugallymynyň okuwçylara Muhammet pygamberiň şekillendirilen karikaturalaryny görkezendigi baradaky aýyplamalar bar.

Resmiler pidanyň özünden şikaýat edilmegine sebäp bolan karikaturalary görkezenden soň ölüm haýbatlaryna sezewar bolandygyny aýtdylar.

Musulman liderleri jemgyýetçilik işgärleriniň köpüsiniň fransuz döwletliliginiň düýp manysyna we dünýewilik gymmatlyklaryna, ybadat azatlygyna we söz azatlygyna garşy edilen hüjüm hökmünde häsiýetlendiren ganhorlygyny ýazgaryp çykyş etdi.

Soňky ýyllarda Fransiýa yslamçy söweşijiler tarapyndan amala aşyrylan bir topar zorlukly hüjüme şaýat boldy.

Bu Günbatar Ýewropada iň köp musulman ilatly ýurt bolup durýar. Fransiýada ýaşaýan 5 million töweregi musulmanyň arasynda çeçenler hem bar. Olara 1990-njy ýyllarda, Moskwa Çeçenistanda yslamçy separatistlere garşy söweş başlandan soň gaçybatalga berildi.

Makron häzirki wagtda käbirleriniň içerki “separatizm” diýip atlandyrýan zatlarynyň, şol sanda wagyzçylygyň ýa-da öý mekdepleriniň üsti bilen gowşak adamlara ekstremizmi ündeýän yslam radikallarynyň öňüni almak üçin täze bir kanunyň kabul edilmegi üçin tagalla edýär.

Pakistandan Fransiýa göçüp gelen bir adam geçen aýyň aýagynda "Charlie Hebdo" atly satiriki žurnalynyň öňki edara jaýlarynyň daşynda iki adamy et çapgysy bilen ýaralady.

“Charlie Hebdo” žurnalynyň işgärleri bäş ýyl ozal, Muhammet pygamberiň karikaturalaryny çap edendikleri sebäpli, yslamçy jeňçileriň nyşanasyna aýlandy. Olar ar almak üçin, bu neşiriň edara jaýlaryna kürsäp urup, satiriki neşiriň işgärlerini oka tutdular. Şonda olar garşy çykan polisiýa ofiserleri bilen bilelikde 12 adam öldi, 11 adam bolsa ýaralandy.

Şondan dört gün soň, agzybirligiň we raýdaşlygyň alamatyny görkezip, iki million fransuz raýaty köpçülikleýin ýörişe çykdy.

Bu wakadan on aý soň, 2015-nji ýylyň noýabr aýynda, yslamçylaryň Parižde we onuň eteginde medeni hem-de güýmenje binalaryna garşy janyndan geçen bombaçylaryň we ýaragly adamlaryň gatnaşmagynda gurnan utgaşdyrylan hüjümleri netijesinde 130 adam öldürildi, 400-den gowrak adam bolsa ýaralandy. Bu Fransiýada Ikinji jahan urşundan bäri bolup geçen iň ganly hüjüm boldy.

XS
SM
MD
LG