Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Etniki çeçen tarapyndan öldürilen mugallymy hormatlamak üçin Pariže müňlerçe adam ýygnandy


Demonstrantlar merkezi Parižiň Respublika meýdanyna gül goýdular hem-de pidanyň, Samuel Patynyň  hatyrasyna “Ýok bolsun pikir totalitarçylygy”, “Men mugallym” diýen ýazgyly plakatlary göterdiler. 18-nji oktýabr, Pariž, 2020 ý.
Demonstrantlar merkezi Parižiň Respublika meýdanyna gül goýdular hem-de pidanyň, Samuel Patynyň  hatyrasyna “Ýok bolsun pikir totalitarçylygy”, “Men mugallym” diýen ýazgyly plakatlary göterdiler. 18-nji oktýabr, Pariž, 2020 ý.

18-nji oktýabrda müňlerçe adam okuwçylara Muhammet pygamberiň karikaturasyny görkezendigi üçin bir etniki çeçen raýaty tarapyndan öldürilen mekdep mugallymyny hormatlamak üçin merkezi Pariže ýygnandy.

Demonstrantlar merkezi Parižiň Respublika meýdanyna gül goýdular hem-de pidanyň, Samuel Patynyň hatyrasyna “Ýok bolsun pikir totalitarçylygy”, “Men mugallym” diýen ýazgyly plakatlary göterdiler.

“Biziň milli bitewiligimizi, biziň jebisligimizi we mobilizasiýamyzy görkezmegimiz örän möhüm” diýip, Žan-Mişel Blankuer (Jean-Michel Blanquer) “Fransiýa 2” telekanalyna beren interwýusynda aýtdy hem-de hemmeleri mugallymy goldamaga çagyrdy.

Lion, Tuluza, Strasburg, Nant, Marsel, Lille we Bordo şäherlerinde-de ýygnanyşyk guramalaşdyryldy.

Paty 16-njy oktýabrda 18 ýaşly moskwaly çeçen bosguny Abdullah A. tarapyndan öldürildi diýip, fransuz häkimiýetleri aýtdy. Ganhor Parižiň çetinde ýerleşýän mekdebiň golaýynda mugallymy öldürenden gysga wagt soň, polisiýa tarapyndan atylyp öldürildi.

XS
SM
MD
LG