Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda içerki gatnaw çäklendirmeleri 2021-nji ýyla çenli uzaldyldy


Türkmenistanda içerki hereket çäklendirmeleri 2021-nji ýylyň ýanwaryna çenli uzaldyldy.

Türkmenistan ýurtda ýiti ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, ýolagçy demirýolunyň we awtobus gatnawynyň hereketine girizilen wagtlaýyn çäklendirmeleri 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaltdy. Bu barada ýarym-resmi orient.tm neşiri maglumat berýär.

Ýatlatsak, şu hepdäniň başynda Azatlyk özüniň saglyk pudagyndaky çeşmelerine salgylanyp, 1-nji noýabrdan başlap ýurtda dolulygyna petiklenmäniň girizilip bilinjekdigi barada maglumat beripdi.

Çeşmämiz güýçlendirilen karantin çäreleriniň çäginde, hususan-da, 1-nji noýabrdan başlap içerki awia gatnawlarynyň togtadyljakdygy, sebitleriň arasyndaky hereketiň düýbünden ýatyryljakdygy we hususy köpçülikleýin çäreleriň gadagan ediljekdigi barada maglumat beripdi.

Ýarym-resmi internet neşirinde çykan habar barada resmi mediada maglumat berilmeýär.

Mundan öň, sentýabryň aýagynda "Türkmendemirýollary" agentligi ýurtdaky ýolagçy otlularynyň gatnawlarynyň gaýtadan açyljak wagtynyň ýene bir aý, 1-nji noýabra çenli yza süýşürilendigini mälim edipdi. Ozal otly gatnawlarynyň 1-nji oktýabra çenli duruzylýandygy habar berlipdi.

Bu aralykda, 28-nji oktýabrda Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginiň adyndan ilata “agyz-burun örtügi dakynmak, köpçülik ýerde aralygy 2 metr saklamak, şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek” barada ýene sms-ler ugradyldy.

Dünýäniň dürli künjeklerinde, şol sanda Ýewropada we Russiýada koronawirusyň täze ýagdaýlarynyň gürelýän pursady, türkmen häkimiýetleri ýurtda häzirki güne çenli hem COVID-19 bilen bagly ýeke ýagdaý barada hasabat bermediler.

Emma muňa garamazdan, Azatlyk Radiosy we beýleki garaşsyz neşirler ýurtda ýüze çykarylýan koronawirus ýagdaýlary barada dowamly maglumat berip gelýärler. Geçen hepde Azatlyk Daşogzuň aýallar koloniýasynda koronawirusyň tutaşandygy barada habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

XS
SM
MD
LG