Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dagly-Garabag söweşinde ölýänleriň köpelmegi bilen, täze gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar


Azerbýajan. Genjede ýumrulan jaýa seredip duran adam. 27-nji oktýabr, 2020.
Azerbýajan. Genjede ýumrulan jaýa seredip duran adam. 27-nji oktýabr, 2020.

Halkara Gyzyl Haç Komiteti (HGHK) şäher ýerlerine hüjüm edilendigini we Azerbaýjanyň Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň bir meýletinçisiniň top atylan wagtynda ölendigini aýtdy. Ýene iki meýletinçi bolsa ýaralandy diýip, habarda aýdylýar.

Ermenistan bilen Azerbaýjan güýçleriniň arasynda bölünip aýrylan Dagly-Garabag sebiti üstünde barýan söweşde ölenleriň sany barha artýar, iki tarap hem ABŞ-nyň araçylygynda gelnen ýaraşygyň bozulmagynda biri-birini günäkärleýär. Onlarça ýyl dowam eden konflikt sentýabryň aýagynda gaýtadan möwjäp galaly bäri üç ýaraşyk bozuldy.

Ermenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň 29-njy oktýabrda Ženewada, ÝHHG-nyň Minsk toparynyň egindeş başlyklary bilen duşuşyk geçirmegine garaşylýar.

ABŞ, Fransiýa we Orsýet bu konfliktiň esasy araçysy bolan Minsk toparynyň egindeş başlyklary bolup durýar.

Minsk topary bu duşuşygyň "Dagly-Garabag konfliktiniň parahatçylykly çözülmegi üçin zerur bolan ähli çäräni ara alyp maslahatlaşmak, ylalaşyk gazanmak we ony bellenen wagt çäginde durmuşa geçirmäge başlamak" üçin geçiriljekdigini aýtdy.

Dagly-Garabagyň de-fakto goranmak ministrligi 29-njy oktýabrda Azerbaýjan güýçleri bilen 27-nji sentýabrda başlanan söweşde ýene 51 adamyň wepat bolandygyny we öldürilenleriň sanynyň 1119-a ýetendigini aýtdy.

Ermeni tarapy Azerbaýjan güýçleriniň Dagly-Garabagdaky ilatly nokatlary oka tutmagynyň gijesi bilen dowam edendigini aýtsa, Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi öz güýçlerine Dagly-Garabagyň demirgazygyndaky Goranboý etrabynda ot açylandygyny aýtdy.

28-nji oktýabrda hem Azerbaýjan, hem Ermenistan, ABŞ-nyň araçylyk eden ýaraşygy güýje girenden iki gün soň, şäher ýerlerinde ýaşaýan asuda adamlaryň ölendigini habar berdiler.

Iki tarap hem beýleki tarapda asuda adamlary nyşana alandygy barada aýdylýanlary ret etdi.

Baku merkezi Azerbaýjanda, Dagly-Garabagyň daşynda ýerleşýän Barda şäherine edilen raketa hüjüminde asuda ilatdan 21 adamyň ölendigini we 70 adamyň ýaralanandygyny aýtdy. Şondan bir gün öň bu şähere edilen başga bir hüjümde asuda ilatdan dört adamyň öldürilendigi habar berildi.

Azerbaýjan harby ýitgilerini mälim etmeýär, ýöne söweşde 69 parahat ýaşaýjynyň öldürilendigini we 322 adamyň ýaralanandygyny aýdýar.

Ýerewan Azerbaýjan güýçlerini Dagly-Garabagdaky raýat ýerlerine hüjüm etmekde, şol sanda sebitiň esasy şäheri Stepanakertdäki hassahanany we çaga dogrulýan öýi topa tutmakda aýyplady. Raketa hüjümleri zyýan ýetirdi, ýöne adam pidasy bolmady diýip, beýanatda aýdylýar.

Halkara Gyzyl Haç Komiteti (HGHK) şäher ýerlerine hüjüm edilendigini we Azerbaýjanyň Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň bir meýletinçisiniň top atylan wagtynda ölendigini aýtdy. Ýene iki meýletinçi bolsa ýaralandy diýip, habarda aýdylýar.

Dünýä güýçleriniň sebitde 1994-nji ýylda baglaşylan ýaraşykdan bäri tutaşan iň agyr söweşleri togtatmaga çäre gözleýän wagtynda, taraplar bir aý bäri dowam edýän ýygjam çaknyşyklar arasynda bir-birini asuda adamlary oka tutmakda aýyplady.

Orsýetiň araçylyk etmeginde baglaşylan iki ynsanperwer ýaraşygy güýje giri-girmänkä, birnäçe minut içinde bozuldy.

Waşingtonyň araçylygynda baglaşylan ýaraşyk hem synandan soň, ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 27-nji oktýabrda aýry-aýrylykda Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bilen telefonda gürleşdi we iki tarapy hem diplomatik çözgüt tapmaga, ýaraşyk şertnamasyna boýun bolmaga, onuň düzgünlerini ýerine ýetirmäge çagyrdy.

ABŞ-nyň Demokratik partiýasynyň prezidentligine dalaşgäri, öňki wise-prezident Jo Baýden prezident Donald Trampy söweşleriň öňüni almak tagallalaryna gönüden-göni gatnaşmaga çagyrdy.

"ABŞ, ýewropaly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde, söweşi togtatmak üçin diplomatik tagallalaryň öňüni çekmeli we adamlaryň görýän görgülerini soňlamak üçin halkara ynsanperwer kömegine itergi bermeli; meniň administrasiýamda biz edil şonuň ýaly hem ederis" diýip, 3-nji noýabrda geçiriljek prezident saýlawynda Tramp bilen ýüzbe-ýüz boljak Baýden aýtdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin geçen hepde Moskwanyň söweşlerde ölenleriň sany 5000-e golaýlady diýip bilýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG