Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda ilat aýlyklary bank kartlaryna geçmänkä nobata ýazylýar. Kartlary ogurlaýanlar 'köpelýär'


Türkmenistanda pul nagtlaşdyrmak üçin nobata duran adamlar.
Türkmenistanda pul nagtlaşdyrmak üçin nobata duran adamlar.

Türkmenistanda dowam edýän maliýe ýetmezçiliginiň arasynda, Lebap welaýatynda raýatlar zähmet we pensiýa haklary bank kartlaryna geçmänkä, bankomatlaryň öňünde nobata ýazylyp başlaýarlar. Nobata ýazylýan adamlaryň sany 1000-den geçýär. Pul nagtlaşdyrmak bilen bagly bu kynçylyklaryň arasynda, bank kartlaryny ogurlaýan adamlar köpelýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 6-njy noýabrda Lebapdan habar berdiler.

"Şu günler Türkmenabat şäherindäki "Senagat" we "Daýhan" banklarynyň her biriniň öňünde nobata ýazylan adamlaryň sany 1000-den aşýar. Aýyň başynda, 5-ne çenli nobata ýazylsaň, 10-njy noýabra çenli zähmet hakyňy alyp bolýar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, ol welaýatda kartdan söwda etmegiň örän çäkli bolmagynda galýandygyna ünsi çekip, dermanhanalaryň tas ählisinde kart bilen derman satyn alyp bolmaýandygyny hem aýtdy.

"Haýsy dermanhana baryp, kartdan tölejek bolsaň, dermanhanaçy "ýok, kartdan töläp bolanok" diýýär. Olar munuň sebäbini "Internetiň işlemeyändigi, signalyň ýokdugy, şol sebäpli terminalyň işlemeýändigi" bilen düşündirýärler" diýip, habarçy belledi.

Bu aralykda, Azatlygyň welaýatdaky beýleki bir habarçysy pul nagtlaşdyrmak bilen bagly problemalaryň arasynda, bank kartlaryny ogurlaýanlaryň köpelýändigini habar berýär.

"Banklaryň, bankomatlaryň golaýynda durup, özleriniň "kartlardaky puly nagtlaşdyryp berýändigini" aýdýan ogrular köpelýär. Doly ynanmasalar-da, pensiýa we aýlyk haklarymyzy nagtlaşdyryp bilsek bolar diýen derejä gelen pensionerler hem-de býujet işgärleri şol adamlara plastik kartlaryny, onuň koduny ýazyp berýärler. Netijede, kart bilen pullar ýitirim bolýar" diýip, habarçy aýtdy.

Farapdaky bir bank işgäriniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, her gün bank kartlaryny ogurladan ýa-da ýitiren pensionerleriň onlarçasy özlerine degişli banklara arza tabşyrýarlar.

"Häzir diňe Farapdaky "Daýhan" bankda kartlaryny ogurladyp ýa ýitirip, täzesini almak üçin arza berenleriň sany her aýda 450 adamdan geçýär" diýip, bank işgäri habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçynyň sözlerine görä, pensionerler ýa-da býujet işgärleri üç aýdan geljek täze kartlaryna pensiýasyz we aýlyksyz garaşmaly bolýarlar.

"Bank işgärleri kartlaryny ogurladyp, noýabryň başynda banklara arza tabşyran pensionerlere 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň üçünji ongünlüginde habar alyp görmegi tabşyrypdyrlar. Şeýle-de, olar noýabr, dekabr we ýanwar aýlary üçin pensiýa haklarynyň täze kartlaryna geçiriljekdigini aýdypdyrlar" diýip, habarçy gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol kartynyň ogurlanandygy barada polisiýa ýüzlenýän pensionerleriň özleriniň günäli tapylýandygyny hem aýtdy. "Polisiýa işgärleri "karty alanyňyzda, karty we kody hiç kime bermäň diýlen duýduryş bar" diýip, olaryň arzlaryny diňlemeýärler" diýip, habarçy sözüni jemledi.

Bu aralykda, Azatlygyň lebaply beýleki bir habarçysy indi raýatlaryň bankomatlardan aýlyk, pensiýa haklaryny we kömek pullaryny nagtlaşdyrmak üçin bank kartyndan başga-da, pasportyny hem eltmeli bolýandygyny habar berýär.

"Bankomadyň ýanynda duran polisiýa işgärleri raýatlaryň elindäki bank karty bilen pasportyny deňeşdirip görýärler. Eger olaryň maglumatlary deň bolmasa, olary derrew nobatdan çykarýarlar" diýip, habarçy munuň sebäpleri barada düşündiriş berilmeýändigini hem belledi.

Azatlyk Radiosy polisiýanyň bu çäresi bilen bank kartlarynyň ogurlanmagy bilen bagly wakalaryň köpelendigi baradaky habarlaryň arasynda haýsydyr bir arabaglanyşygyň bardygyny ýa ýokdugyny häzirlikçe anyklap bilmedi.

Şeýle-de, Azatlyk ýokarda beýan edilenler barada Türkmenistanyň "Daýhanbank" döwlet we "Senagat" paýdarlar täjirçilik banklaryndan, Farap etrap polisiýa bölüminden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda soňky 7 ýyldan gowrak wagt bäri raýatlaryň aýlyk we talyp haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we beýleki käbir tölegler ilatyň bank hasaplaryna geçirilip başlandy.

Ýöne Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, soňky üç ýyldan gowrak wagt bäri bankomatlarda nagt pul köplenç tapdyrmaýar. Pul tapdyran halatynda-da onuň öňünde uzyn nobatlar emele gelýär, ilat bank hasaplaryndaky maliýe serişdelerini nagtlaşdyrmakda dürli kösençliklere sezewar bolýar.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy bu kösençlikler barada gürrüň etmeýärler. Muňa garamazdan, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurt resmileri Türkmenistanda sanly maliýe tehnologiýalarynyň ornaşdyrylýandygyny, elektron tölegler ulgamynyň geriminiň giňeldilýändigini ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG