Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Faraplylar VISA kartyna salan pullaryny yzyna alyp bilmän kösenýär


Lebapda daşary ýurtlara pul ibermek üçin nobata ýazylýan adamlar. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty. 

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň onlarça ýaşaýjysy Türkmenistanyň "Halkbank" paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan berlen VISA kartynyň hasabyna salan pullaryny yzyna alyp bilmän kösenýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji oktýabrda Lebap welaýatyndan habar berdi.

"Şu günler VISA bank kartlaryna pul goýan býujet işgärleriniň onlarçasy "Halkbankyň" Farap etrabyndaky şahamçasyna barýar. Olar VISA kartlaryna salan pullarynyň yzyna berilmegini soraýarlar. Ýöne bank işgärleri dürli bahanalar bilen, raýatlaryň kartlaryndaky puly yzyna bermän gelýärler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bank işgärleri adamlara "häzir bank hasaplarynyň sanawy gelmedi, bankda nagt pul ýok" diýen ýaly sözleri mysal getirip, olara ertir ýa-da indiki hepde gelmegi tabşyrýarlar.

"Soňky günlerde ýa-da hepdelerde baran adamlara-da ýene şol bir bahanalary gaýtalaýarlar. Ony haçan alyp boljakdygy barada-da anyk bir zat aýtmaýarlar" diýip, bu ýagdaýy başdan geçirýän býujet işgärleriniň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Lebaply býujet işgärleriniň käbiri bu pullary öz kartlaryna koronowirus global pandemiýa sebäpli ýurtlaryň arasyndaky serhetler ýapylmazdan öň salypdyrlar. Käbiri bolsa karantin tamamlanyp, serhetler açylar diýen umyt bilen, tomus aýlarynda zähmet haklarynyň belli bir bölegini VISA kartynyň hasabyna geçiripdir.

"Serhetler gaýtadan açylmandygy sebäpli, köp adam daşary ýurtlara gidip, kartlaryndaky puly dollarda nagtlaşdyryp bilmedi. Bu aralykda, köp adamyň VISA kartlarynyň möhleti hem doldy. Şol sebäpli adamlar kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmagyň ugruna çykdylar. Ýöne häzirki wagtda olar pullaryny alyp bilmän kösenýärler" diýip, 40 ýaşlaryndaky bilim işgäri anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Türkmenistanyň "Halkbank" paýdarlar täjirçilik bankyndan we onuň Farap etrabyndaky şahamçasyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Soňky üç ýyl çemesi wagt bäri ýurt raýatlary Türkmenistandaky bank kartlaryndan ýerli pul birliginde goýan goýumlaryny daşary ýurtlarda walýuta çalyşmaga ýykgyn edýärler.

Muňa Türkmenistanda hereket edýän walýutanyň gara bazarynda dollaryň bahasynyň onuň döwlet tarapyndan 3,5 manat möçberinde kesgitlenen resmi nyrhyndan tas ýedi esse gymmat bolmagy sebäp bolýar.

Türkmen häkimiýetleri 2016-njy ýylyň ýanwaryndan başlap dollaryň resmi söwdasyny gadagan edeni bäri, ýurt raýatlary her aý belli bir möçberdäki ýerli pul birligini VISA kartlaryna salyp, ony dollaryň resmi kursy esasynda daşary döwletlerde nagtlaşdyryp bilýärler. Ýöne ýurt resmileri ilata hödürlenýän bu mümkinçilik bilen baglanyşykly hem ýylyň-ýylyna çäklendirmeleri girizýärler.

Türkmen häkimiýetleri bu kynçylyklary we munuň netijesinde döreýän nogsanlyklary aç-açan boýun almaýar. Bu barada döwlet mediasy hem dymýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG