Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Baýden Pennsilwaniýada üstün çykdy, ýeňiş üçin zerur bolan 270 elektoral sesden köp ses aldy


Demokratik dalaşgär Jo Baýden

ABŞ-nyň mediasy möhüm Pennsilwaniýa ştatynda demokratik dalaşgär Jo Baýdeniň üstün çykandygyny, bu ýeňiş bilen onuň Bireşen Ştatlaryň nobatdaky prezidenti bolmak üçin zerur bolan 270 elektoral sesden artyk sesi toplamagy başardygyny habar berýär.

Bu barada AP we beýleki habar agentlikleri 7-nji noýabrda EST wagt zolagy boýunça sagat 11:30-da (Aşgabat wagty bilen 21:30-da) maglumat berdiler. Munuň netijesinde ABŞ-nyň paýtagtynda we beýleki şäherlerinde begençli çagyryşlar eşidildi.

Baýdeniň ABŞ-nyň 46-njy prezidenti hökmündäki innagurasiýa dabarasy 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda geçer.

Baýden 20 elektoral sesi bolan Pennsilwaniýada ýeňiş gazanyp, azyndan 273 elektoral sesi toplamagy başardy. Şol bir wagtda, Arizonada, Newadada we Demirgazyk Karolinada sesleri sanamak işleri dowam edýär. Käbir ABŞ media guramalary Baýdeniň Arizonada hem ýeňiş gazanyp, ol ştatyň 11 elektoral sesini alandygy barada maglumat berýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG