Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Syýasat hem din: ýerine ýetirip bolmajak wada bermek howply


Ýol ugrunda gurban-aýt namazyny okaýanlar. 2014-nji ýyl.

Gyrgyzystanyň täze hökümeti özsyýasatynda dini meselelere nähili üns bermeli bolar? Bu ugurda özleriniň görýän problemalary barada, bilermen Kanatbek Murzahalilow,«Saresep»informasiýa-analitik portalyň redaktory Esen Ömürakunow hem syýasy ylymlaryň kandidaty Nurgül Esenamanowa pikir alyşdylar.

Kanatbek Murzahalilow: -Esen myrza, siz häzirki dini ýagdaýa nähili baha berýäňiz?

Esen Ömürakunow:- Gyrgyzystanda dörän dini ýagdaýa biz öňki emele gelen ýagdaýyň dowamy hem onuň durmuşdaky orny babatynda garamaly bolarys. Iň esasy zat; dine ynanýanlardan aýratyn topar döretmeli däl, olar jemgyýete uýgunlaşmaly.

Soňky 10 ýylyň dowamynda din jemgyýete giňden ornaşdy. Jemgyýetde nähilidir bir ýagdaý ýüze çyksa, dine ynanýanlarda-da şeýle üýtgeşiklik bolup geçýär. Elbetde, dine çuňdan ynanýan dindarlar dürli syýasy partiýalaryň içine girdiler hem 4-nji oktýabrda geçen parlament saýlawlaryna gatnaşdylar. Meselem, «Yýman Huru».Bu partiýanyň ady aýdyp dur, onuň dine degişlidigini. Indi bolsa ol partiýanyň näçe ses aljagyna seredeliň.«Yýman Huru»beýleki birnäçe güýçli diýilýän, köp ýyllyk tejribesi bolan partiýalardan köp ses almagy mümkin, şol wagtyň özünde beýleki birlerinden az ses alyp-da biler. Bu ýagdaý bolsa öňdenem mälim bolşy ýaly, diniň syýasatlaşýandygyny görkezýär.

Häzir käbir döwlet organlaryndan tapawutlylykda, dini toparlardaky ýagdaý has durnuklaşdy. Meselem Gyrgyzystan musulmanlarynyň Ruhany uprawleniýesi öňki durkuny saklaýar. Ýurtda dürli ýagdaýlaryň bolup geçýändigine garamazdan, Ruhany edarada hiç bir üýtgeşme bolmady, şol sanda, olarda kadrlary çalyşmak meselesi-de döremedi. Olar öz işini öňküleri ýaly alyp barýarlar.

Kanatbek Murzahalilow:- Nurgül aýym, siziň nazaryýetiňizden, dini meýiller haýsy tarapa hereket edýär? Biz häzir dogry ýoldamy?

Nurgül Esenamanowa.
Nurgül Esenamanowa.

Nurgül Esenamanowa:- Diniň haýsy tarapa hereket edýändigini aýtmak kyn, sebäbi döwletiň haýsy ýoldan gitjegi belli däl. Jemgyýetçilik ýagdaýy hem häzire çenli aýdyň däl. Şoňa laýyklykda, geljekde diniň haýsy şertlere laýyk özgerjekdigini kesgitlemek çylşyrymly. Munuň sebäbi ýurtdaky ýagdaýyň her aýda üýtgäp durmagydyr. Häzirki syýasy ýagdaý diniň jemgyýetiň arasyna giň aralaşmagyna hem oňa öz täsirini ýetirmäge şert dörändigini görkezýär.

Kanatbek Murzahalilow:- Oktýabr aýynda bolan wakadan soň, ýurduň hökümeti çalyşdy. Sooronbaý Žeenbekow arzasyny berip wezipeden çekilenden soň, Sadyr Žaparow geldi. Hökümetiň täze düzümi döredildi, prezident apparatynda-da täzelenişler barýar. Siziň pikiriňizçe, döwlet dini ugurlarda nähili syýasaty alyp barmaly?

Esen Ömürakunow:- Bellemeli tarapy, Sadyr Žaparowyň prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji hem-de premýer-ministr bolmagynda, dine uýýan ýaşlaryň uly hyzmaty bar. Häzirki wezipe ugrunda barýan göreşi synlanyňda, ýaşlar öz dini meýillerini açyk görkezýärler, şonuň bilen birlikde, syýasatdaky dini çagyryşlarynda, dini medeniýete çuňňur düşünip barmaýandygyny hem aýan edýärler. Eýsem din babatda döwlet syýasaty nähili bolar? Ýurtda bolup geçýän ýagdaýyň dini toparlaryň arasynda-da gaýtalanmagy mümkin. Häzir syýasy hem ykdysady gazananlar babatynda öz täsirini artdyrmak meýli gidýär, bu ýagdaý dini ýolbaşçylara-da täsir edip biler; häzir ýolbaşçylaryň çalşygy başlandy. Bu täzeden gurluş haýsy derejede amala aşyrylar? Ol dini ýolbaşçylara hem dini jemgyýete-de baryp ýetermi? Biz oňa ýakyn wagtda şaýat bolarys.

Kanatbek Murzahalilow:- Eýsem täze hökümetiň din ugurlarynda döwlet syýasatyny özgertmäge mümkinçiligi barmy?

Esen Ömürakunow.
Esen Ömürakunow.

Esen Ömürakunow:- Häzirki täze hökümetiň din babatynda döwlet syýasatyny özgertmäge mümkinçiligi ýok diýse bolar. Häzir prezident saýlawlaryndan soňra Konstitusiýa üýtgeşme girizmek barada gürrüň gidýär. Parlament saýlawlary 2021-nji ýylyň ortalaryna çenli yza süýşürildi. Häzirki hökümet diňe şol aralykda işläp biler. Şonuň üçinem daşardan bir güýçli täsir bolmasa, din ugurlarynda düýpli özgerişlik döremez. Käbir «düşewüntli»orunlarda ýolbaşçylaryň çalyşmagy mümkin.

Kanatbek Murzahalilow:- Täze hökümetiň dini guramalar babatyndaky, hususan-da müfti barada alyp barjak gatnaşygy nähili bolar?

Nurgül Esenamanowa:- Häzirlikçe täze hökümetiň işläp düzen ugurlary takyk belli däl. Şonuň üçinem ol hökümetiň kimler bilen gatnaşyk açjagyny aýtmak kyn. Ýöne täze hökümetiň musulman gatlagyndaky adamlara ynam baglamagy mümkin. Sosial ulgamlarda hem Internetde goýlan köp sanly wideoýazgylarda musulman gatlagynyň täze hökümeti şatlykly garşylaýandygyny görüp bolýar. Ýöne olaryň syýasata haýsy ugurdan aralaşjakdygy, olaryň hasy syýasaty saýlajakdygy entek belli däl.

Kanatbek Murzahalilow:- Aslynda Gyrgyzystana dini toparlar üçin döwlet organyny döretmek gerekmi bir?

Nurgül Esenamanowa:- Jemgyýetde din boýunça döwlet organy gerekmi ýa-da däl diýen dürli pikirler bar. Jemgyýetiň aglaba bölegi şeýle guramanyň gerekdigini aýdýar. Beýleki birnäçe adamlar bolsa ösen demokratik döwletlere seredip, dini organyň zerur däldigini öňe sürýär. Meniň pikirimçe, dindarlaryň esasy hyzmaty – ol döwletiň sosial partnýory bolmaly hem jemgyýetiň bitewiligine we ösmegine ýardam etmeli.

Kanatbek Murzahalilow.
Kanatbek Murzahalilow.

Kanatbek Murzahalilow: - Bilermenleriň köprägi din bilen baglanyşykly ýagdaýa döwlet howpsuzlygynyň bir bölegi hökmünde garaýar. Eger şu ugurdan nazar salynsa, täze hökümet dini jemgyýetdäki ýagdaý üçin jogapkärçilik çekmelimi?

Esen Ömürakunow: - Bu ýerde dini jemgyýete hem-de dini syýasata aýry-aýrylykda seretmek gerek. Eger-de dini jemgyýet özüne gözegçilik işini öz üstüne almasa, onda täze hökümetden din syýasatynda nähilidir bir jogapkärçilige garaşmak kyn. Syýasatçylar öz maksatlaryny aňry gitse 5-6 ýyl üçin kesgitleýärler. Biz häzir hatda ondan hem az wagt üçin maksat tutýan syýasatçylary görýäris. Şoňa görä-de, dini jemgyýet has uzak wagtlaýyn öz maksatlaryny hem hereketlerini işläp düzmeli.

Olar jemgyýetiň has düýpli meselelerine üns berseler oňat bolardy. Eger şu wagta çenli jemgyýetiň sowatlylyk meselesine hem medeniýetine çäkli derejede üns beren bolsalar, ony indiden beýläk giň çäkde amala aşyrmaly. Günbataryň ösen döwletlerinde dini guramalar asyrlar bäri dowam edip gelýän işlerini ýene dowam etdirýärler. Biziň hökümetimiz hem Günbatar döwletleri ýaly, jemgyýetiň durnukly bolmagy üçin, köp güýç sarp etmeli, demokratik jemgyýeti döretmeli, dini syýasaty uzak möhletleýin amala aşyrmaly.

Kanatbek Murzahalilow: - Diniň syýasatlaşmagy meselesiniň üstünde duralyň, bu Gyrgyzystanda öz aktiwligini peseldenok. Nurgül, şu problema babatynda siziň pikiriňizi bilmek isleýän.

Nurgül Esenamanowa: - Häzirki wagtda Gyrgyzystanda syýasatçylar dini öz abraýlaryny beýgeltmek üçin peýdalanmagy aýratyn problema bolup durýar, olar munuň üstünden syýasy abraýyny ýokarlandyrmakçy, şol wagtyň özünde-de bu uly howp döredýär. Syýasatçylar halkyň dini garaýşyny oýnap, milletde ýalan ynamy döretmegi mümkin.

Eger-de ylmy barlaglara esaslanyp aýdylsa, bu syýasatdaky adaty ýagdaý. Syýasatçylaryň bir zada düşünmekleri gerek, halkyň dini duýgusy bilen oýun etmek gowulyga alyp barmaz. Şonuň üçinem, eger-de olar din babatynda beren wadalaryny ödäp bilmeseler, adamlaryň ynamyna hem duýgusyna agyr zarba urýarlar. Bu gowulyga eltmez.

Kanatbek Murzahalilow: - Dini garaýyşlar babatynda täze hökümetiň nähilidir bir üýtgeşiklik geçirýändigini görýäňizmi? Siziň pikiriňizçe olar nähili ädim ätmeli?

Esen Ömürakunow: - Şu ýakyn ýyllarda dini jemgyýetler boýunça täze hökümetden oňyn bir herekete ýa-da üýtgeşiklige garaşmak kyn. Häzir hökümete özüniň durkuny saklamak esasy mesele bolup durýar. Prezidentlik hem parlament saýlawlarynyň, soňra Konstitusiýa üýtgeşme girizmek üçin referendum geçirmegiň öň ýanynda, belki, häzirki ýagdaýy saklamak dogrudyr.

Häzirki wagtda ähli welaýatlarda, Bişkek hem Oş şäherlerinde şol ýerdäki täsiri ýokary bolan adamlar kazyýetde, ýerli metjitlerde orun almak üçin hereket edýärler. Şoňa görä täze hökümetiň bir möhüm meselesi geljek ýylda hem dini jemgyýetlerde bolan häzirki ýagdaýy saklamagy gerek. Durnuksyz ýagdaý dowam edýän wagtynda, bulaşyklykda, syýasy oýunlaryň tarapynda bolup, dini gatlaklara öz goşandyňy goşup bolmaz.

Material Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG