Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müňlerçe adamyň gatnaşmagynda geçirilen bag ekmek çäresi üçin býujet işgärlerinden ýene pul ýygnaldy


Döwlet telewideniýesiniň maglumatyndan alnan surat.
Döwlet telewideniýesiniň maglumatyndan alnan surat.

Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we müňlerçe adamyň gatnaşmagynda güýzki bag ekmek möwsümine badalga berildi. Bu çäre üçin Lebap welaýatynyň Farap we Darganata etraplaryndaky býujet işgärlerinden 50 manat pul ýygnaldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapdan habar berýär.

7-nji noýabrda Türkmenistanda bag ekmek boýunça ählihalk çäresi geçirildi. TDH-nyň maglumatynda şol güni irden prezident Berdimuhamedowyň Hanbeg diýen bedewe atlanyp, bag ekmek çäresiniň geçirilýän ýerine barandygy habar berilýär.

Çäräniň dowamynda Berdimuhamedow sosna nahallarynyň 30 düýbüni oturtdy. Döwlet mediasy munda "çuňňur manynyň bardygyny" aýdyp, bu ýurt "Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna giňden taýýarlyk görmegiň başynyň başlanýandygyny alamatlandyrýar" diýdi.

"Berdimuhamedowyň göreldesine agzybirlik bilen eýerip, çärä gatnaşýanlaryň hem her biri 30 düýp nahal ekdi" diýlip, resmi habarda aýdylýar.

Şu ýyl Türkmenistanda Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli paýtagtda hem-de welaýatlarda jemi 25 million düýp bag nahallary ekilýär. Türkmen prezidenti bu baradaky karara oktýabryň ahyrynda gol goýdy.

Şonda ýurtda ekilmeli bag nahallarynyň sany 10 million bolanlygyndan 25 million düýbe ýetirildi. Goşmaça ekilmeli edilen baglaryň 7,5 milliony Aşgabat töwereginde, galany sebitlerde ekilmeli edildi.

Resmi habarda Aşgabadyň niresinde geçirilendigi anyklaşdyrylmaýan bu çärä halk hojalygynyň hemme pudaklarynyň wekilleriniň gatnaşandygy bellense-de, olaryň sany barada hiç zat aýdylmaýar.

Ýöne türkmen telewideniýesinde görkezilen maglumatlarda, paýtagtda we beýleki welaýatlarda geçirilen bu çärelere dürli ýaşdaky raýatlaryň müňlerçesiniň maskasyz gatnaşandygyny görse bolýar.

Döwlet telewideniýesiniň maglumatyndan alnan surat.
Döwlet telewideniýesiniň maglumatyndan alnan surat.

Global pandemiýa sebäpli tutuş dünýäde köpçülikleýin çäreleriň çäklendirilmegine çagyryşlar edilýän pursady, Aşgabatda we welaýatlarda geçirilen bu çärelerde hem-de konsert dabaralarynda adamlaryň sosial aralygy (2 metr) saklamaýandygyny hem synlasa bolýar.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy regiondaky bag ekmek çäresine býujet işgärleriniň müňlerçesiniň gatnaşdyrylandygyny we onda karantin düzgünleriniň berjaý edilmändigini habar berýär.

"Şenbe güni Darganata etrabyndan Türkmenabada gidýän ýoluň ugrunda geçirilen bag ekmek çäresine darganataly, faraply býujet işgärleriniň, esgerleriň we mekdep okuwçylarynyň müň çemesi gatnaşdy. Olaryň saglygy howp astynda boldy. Sebäbi karantin düzgünleri berjaý edilmedi. 2 metr aralyk saklanmady. Adamlar pil we beýleki gurallary biri-biriniň elinden alyp, gezekleşip ulandylar. Olaryň ellerinde ellik ýokdy" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan lebaply habarçy 9-njy noýabrda gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, bu çäre üçin bag nahallaryny satyn almak işleri býujet işgärleriniň hasabyna amala aşyryldy. "Munuň üçin faraply we darganataly býujet işgärleriniň her birinden 50 manat pul ýygnaldy" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Habarçy welaýatyň dürli etraplaryndan gelen 3 müňden gowrak býujet işgäriniň bag ekmek çäresine we Bitaraplyk baýramy mynasybetli Türkmenabat şäherinde geçirilen konsert hem-de beýleki dabaralara eýýäm bir hepde öňünden taýýarlyk görüp başlandygyny hem aýtdy.

"Ýekşenbe güni hem çygly, sowuk howa boldy. Ýarym ýagyşly howa astynda Türkmenabadyň, Farabyň we Çärjewiň müňe golaý raýaty irden sagat 6-dan öýlän 4-e çenli bag ekmek, soňra-da giçlik sagat 6-dan 9-a çenli konsert çärelerine gatnaşdylar. Şeýle-de, welaýat aýlawyndaky at ýaryşlaryna we Türkmenabatdaky at-sport toplumyndaky çärelere ähli etraplardan býujet işgäriniň muňlerçesi mejbury gatnaşdyryldy" diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Lebap welaýat, Türkmenabat şäher, Farap we Darganata etrap häkimliklerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi. Şeýle-de, pandemiýa döwründe - maskasyz we sosial aralygy saklamazdan - geçirilen bu köpçülikleýin çäreler barada ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden kommentariý alyp bolmady.

Azatlygyň habarçylary býujet işgärleriniň, studentleriň we okuwçylaryň hasabyna satyn alynýan bag nahallarynyň aglaba böleginiň idegsizlikden guraýandygy barada indi ençeme ýyl bäri habar berip gelýärler. Şeýle-de, şu ýylyň başynda habarçylarymyz Ahal welaýatynda gurulýan täze şäherler sebäpli onlarça gektary tutýan miwe baglygynyň çapylandygyny gürrüň berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG