Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Arizonada ýeňiş gazandy, Hytaý gutlag ýollady


ABŞ-nyň Arizona ştatynda sesler sanalýar.
ABŞ-nyň Arizona ştatynda sesler sanalýar.

Jo Baýden prezidentltik saýlawlarynyň çäklerinde Arizona ştatynda üstün çykdy. Bu barada ABŞ-nyň mediasy 12-nji noýabrda habar berdi.

NBC, CBS, ABC we CNN 3-nji noýabrdaky saýlawlardan bir hepdeden hem köp wagt geçenden soňra, Baýdeniň Arizona ştatynda ýeňiş gazanyp, goşmaça 11 elektoral sesi alandygyny malim etdiler.

Baýdeniň Arizonadaky ýeňişi netijesinde, ol prezident Donald Trampdan elektoral sesleriň 290-217 gatnaşygy bilen öňe saýlandy.

Baýden 1996-njy ýylda Bill Klinton Arizonada ýeňiş gazanandan bäri, aglaba respublikan hasaplanýan bu ştatda soňky 70 ýylyň içinde utuş gazanmagy başaran ikinji demokrat dalaşgär boldy.

Baýdeniň prezidentlik saýlawlarynyň ýeňijisi diýlip 7-nji noýabrda yglan edilmegine garamazdan, Trampyň kampaniýasy käbir ştatlardaky saýlaw netijelerini üýtgetmek ugrunda sudlara şikaýat edýär we hiç hili subutnama hödürlemezden saýlawlarda galplyklaryň bolandygyny öňe sürýär.

Umumy sesleriň sany boýunça hem Baýden Trampdan 5,3 million, ýagny 3,4% köp ses aldy.

Jorjiýa we Demirgazyk Karolina ştatlaryndaky sesleriň netijeleri indi mälim edilmeli.

Bu aralykda, Hytaý Baýdeniň saýlawlaryň ýeňijisi diýlip yglan edilmeginden bir hepde soň, ony ýeňişi bilen gutlady.

“Biz amerikan halkynyň eden saýlawyna hormat goýýarys. Biz jenap Baýdena we hanym Harrise gutlaglarymyzy ýollaýarys” diýip, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Wang Wenbin saýlanan wise-prezident Kamala Harrisi hem göz öňünde tutup, 13-nji noýabrda çykyş etdi.

“Biz Birleşen Ştatlaryň saýlawlarynyň netijeleriniň ABŞ-nyň kanunlaryna we düzgünlerine görä kesgitlejekdigine düşünýäris” diýip, hytaý resmisi sözüne goşdy.

Häkimiýet başyndan gidip barýan Tramp döwri ABŞ bilen Hytaýyň gatnaşyklary, esasan-da söwda, tehnologiýa howpsuzlygy pudaklarynda, şeýle-de ilki Hytaýdan ýaýrap başlan koronawirus üstünde has hem dartgynlaşypdy.

9-njy noýabrda hytaý mediasy Baýdeniň administrasiýasy döwründe iki döwletiň özara gatnaşyklarynyň has ygtybarly ýagdaýa dolanyp biljekdigi we söwdanyň gaýtadan ýola goýlup bilinjekdigi barada maglumat çap etdi.

Hytaýyň Baýdeniň ýeňişini ykrar etmegi netijesinde, Birleşen Ştatlaryň Hytaýa Şinjiang we Hong Kong meseleleri boýunça basyşyny gowşatjakdygyna garaşyp bolmaýar.

Şol bir wagtda, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow saýlawlaryň diňe resmi netijesinden soňra, ýeňijini gutlajakdyklaryny aýtdy.

“Bu bir sypaýyçylyk arakesmesi. Biz saýlawlar we häzirki ýagdaýlar barada hiç zat aýtmaýarys. Biz amerikan mediasyna däl-de, amerikanlara garaşýarys. Amerikanlaryň özleri saýlanan prezidenti yglan etmeli” diýip, Peskow çykyş etdi.

XS
SM
MD
LG