Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Görnetin genosid". ABŞ senatorlary Sinjiang boýunça rezolýusiýa taýýarladylar


Hytaýyň Guançžou şäheriniň merkezi demirýol duralgasynda oturan, ýüzi gorag maskaly uýgur aýallary. 2020-nji ýylyň 12-nji fewraly.

ABŞ-yň senatorlaryndan bir topar Hytaýyň Sinjiang-Uýgur awtonom sebitinde ýaşaýan, aglaba köplügi musulman bolan etniki toparlara garşy Pekiniň alyp barýan genosid hereketleri barada rezolýusiýa taýýarlady.

REZOLÝUSIÝANYŇ PROÝEKTINI KIM ÖŇE SÜRDI?

Amerikanyň Senatyndaky demokrat hem respublikan partiýalaryň ikisinden bolan wekiller Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinjiang-Uýgur awtonom okrugynda ýaşaýan uýgurlara, gazaklara hem beýleki musulman etniki toparlara garşy hytaý hökümetleriniň genosid hereketini ykrar edýän rezolýusiýany taýýarladylar.

Rezolýusiýanyň maksady – Birleşen Milletler Guramasynyň 1948-nji ýylda genosid barada kabul eden Konwensiýasy esasynda, Hytaýy jogapkärçilige çekmek hem-de oňa çäre görmek diýip, Oregon ştatyndan saýlanan senator-demokrat Jeff Merkli 27-nji oktýabrda geçirilen press-relizde aýtdy.

«Hytaýyň uýgurlara hem beýleki azlykdaky musulman toparlara garşy alyp barýan yzarlamasy: olara bolan gözegçiligi artdyrmagy, türmä basmagy, gynamagy hem zor bilen “täzeden terbiýeleýiş” lagerine ibermegi – bu görnetin genosid. Bu barada Amerika dymyp durup bilmez» diýip, Merkli ýazdy.

Senator Merkliden başga-da, rezolýusiýanyň awtorlary bolan beýleki senatorlar Jon Kornin (Tehsasdan - respublikançy), Robert Menendes (Nýu-Jersiden - demokrat), Jeýms Riş (Aýdahodan - respublikançy), Marko Rubio (Floridadan - respublikançy) hem-de Ben Kardin (Merilendden - demokrat) dagy bar.

REZOLÝUSIÝA NÄME BARADA?

ABŞ-yň Senaty Pekiniň Sinjiangdaky ýeli etniki azlykdakylara garşy ýöredýän syýasaty bilen baglanyşykly öňem bir rezolýusiýa, şol sanda dokument taýýarlapdy. Şol dokument esasynda Hytaýda mejbury zähmet arkaly taýýarlanan harytlary Birleşen Ştatlaryň bazaryna çykarmazlyk maksat edilýärdi.

Nobatdaky rezolýusiýa kabul edilen ýagdaýynda, Sinjiangdaky uýgurlara, gazaklara hem beýleki azlykdaky halklara garşy ulanylýan jeza çäreleriniň öňüni almak üçin, halkara hereketini koordinirlemegi-de amala aşyryp biler. Ýöne häzirki dartgynly ýagdaýda, ABŞ-da geçirilen saýlawlar barada çekişmeler gidýän wagtynda, ol rezolýusiýa seretmek işi bu golaýda başa barmasa gerek diýlip çaklanýar.

Rezolýusiýanyň tekstinde aýdylyşyna görä, uýgurlara, gazaklara, gyrgyzlara hem-de Sinjiang-Uýgur awtonom raýonynda ýaşaýan musulman azlykdakylara garşy Hytaýyň alyp barýan syýasaty«genosid häsiýete eýedir»diýilýär.

Senator Jon Kornin hytaý hökümetiniň «millionlarça uýgurlara hem beýleki azlykdaky türki dilli musulmanlara garşy alyp barýan ýakymsyz genosid kampaniýasy» örän uzaga çekdi diýip belledi.

Şeýle hem ol sözüniň üstüne goşup: «ol jenaýat dowam edip durandygy sebäpli ykrar edilýär hem owaly bilen Hytaýy alyp barýan elhenç hereketleri üçin, jogapkärçilige çekmekde ilkinji ädim bolar»diýdi.

«Hytaýyň öz uýgur milletine, şeýle hem Sinjiang-Uýgur awtonom sebitinde ýaşaýan gazaklara, gyrgyzlara we musulman azlykdaky milletlere yzygiderli şeýle sütem edip gelmegine Kongres göz ýumup bilmez, ony görmezlige-de salyp bilmez»diýip,senator Kardin aýtdy.«Ynsan hukuklarynyň beýle bozulmagyna ABŞ berk gaýtawul bermeli»diýip,sözüne goşdy.

SINJIANGDA NÄMELER BOLUP GEÇÝÄR?

2017-nji ýyldan bäri Pekiniň mejbur ediji lagerlerinden hem türmelerinden milliondan gowrak uýgurlar hem beýleki ýerli musulman bolan milletler geçdiler. Olar ýapyk edaralarda fiziki zorluga duçar boldular, olar bilen ideologiki taýdan täzeden iş geçirdiler hem mejbury ýagdaýda öz dini ynanjyndan, şeýle-de ene dilinden ýüz öwürmäge mejbur etdiler.

Sinjiangdaky«gaýtadan terbiýeleýiş lageri» nähili görünýär?

Hytaý şeýle lagerleriniň separatizme, terrorizme hem ekstremizme garşy göreşde, adamlary «täzeden terbiýelemek hem işe taýýarlamak» üçin möhümdigini öňe sürýär.

Iýul aýynda ABŞ Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň häzirki hem öňki liderleriniň birnäçesine, şeýle hem «adam hukuklarynyň düýpli bozulmagyna» dahyly bar hasaplanýan bir kärhana sanksiýa girizdi. Ýöne şeýle çäre kabul edilende, «genosid»diýlen aýyplama ulanylmandy.

Şol wagtda ABŞ-yň maliýe ministri Stiwen Mnuçin Sinjiangda adam hukuklarynyň bozulýandygy sebäpli, olaryň jogapkärçilik duýmagy üçin, Birleşen Ştatlaryň«maliýe mümkinçiligindäki ähli giňişlikleri»peýdalanjakdygyna söz berdi.

ABŞ-yň Döwler sekretary Maýk Pompeo 27-nji oktýabrda Hindistana sapar eden mahalynda, The Printsaýtyna beren interwýusynda, Hytaýyň Sinjiangdaky alyp barýan hereketi «bize 1930-njy ýyllarda Germaniýada bolan ýagdaýlary ýatladýar» diýdi.

Demokratlar partiýasynda Birleşen Ştatlaryň prezidentlik wezipesine öz kandidaturasyny öňe süren mahalynda Jo Baýden Hytaýyň ol hereketini genosid diýip ýazgardy hem Trampyň administrasiýasyna garanda, has berk jogap gaýtarjakdygyna söz berdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň genosid baradaky Konwensiýasy Holokostdan soň döredilipdi. Ol Konwensiýa «ýaramaz heläkçiligi» döredýän döwleti onuň öňüni almak barada borçlandyrýar hem oňa garşy çäre görýär.

Genosid adamlary gyrmak - öldürmek çäreleri, şeýle-de «bir milleti, etniki topary ýa aýratyn jynsy, ýa-da dini topary doly ýa-da bölekleýin ýok etmek maksatly»çaga dogrulyşynyň öňüniň alnan ýagdaýy bilen hem kesgitlenýär.

Hytaý meseleleri boýunça bilermen Adrian Zensiň geçiren barlaglary 29-njy iýunda çap edilipdi. Şol maglumatda aýdylmagyna görä, Pekin uýgurlaryň sanyny çäklendirmek maksady bilen aýallary sterilizasiýadan geçmäge ýa-da ýatgyda çaga galmazlygy üçin serişdeler ulanmaga mejbur edýär. Ol dokladda Hytaýyň bu syýasatynyň ýuwaş-ýuwaşdan demografik heläkçilige alyp barjak «genosiddigi» aýdylýar.

Material Azatlyk Radiosynyň Gazakgullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG