Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sekiz adamy öldürmekde günäkärlenýän “gorkuzylan” rus esgeriniň sud diňlenişigi başlady


Ramil Şamsutdinow sud diňlenişigine gatnaşýar. 29-njy oktýabr, 2020 ý. Çita.
Ramil Şamsutdinow sud diňlenişigine gatnaşýar. 29-njy oktýabr, 2020 ý. Çita.

Rus goşunynda hatarly esger Ramil Şamsutdinowyň sud diňlenişigi Sibiriň Çita şäherinde başlady. Ol geçen ýyl sekiz gullukdaşyny öldürmekde günäkärlenýär. Şamsutdinow munuň ýowuz “dedowşinanyň”, agalygyň netijesinde bolup geçendigini öňe sürýär.

Şamsutdinowyň aklawçysy Ruslan Nagiýew özüniň Facebook sahypasynda ýokary derejeli sud diňlenişiginiň 23-nji noýabrda Çitanyň Ikinji harby okrugynyň sudunda başlanandygyny habar berdi.

Ol sud başlananda žurnalistlere surata düşürmäge rugsat berlendigini, soňra olardan sud zalynda köp synçy bolany üçin ýer ýetmezçiligi sebäpli zaly terk etmegiň soralandygyny aýtdy.

Diňlenişik üçin sud geçen hepde žýuri saýlady. Bu ugurda oktýabryň ahyrynda edilen ilkinji synanyşyk şowsuz boldy.

Şamsutdinow 2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Zabaýkalýe regionynyň Gorny şäherinde sekiz gullukdaşyny, şol sanda ýokary harby çinli iki ofiserini atyp öldürdi. Ol munuň yz ýany tussag edildi we oňa adam öldürmekde günä bildirildi.

Bu jenaýat işi Russiýada köpleri geň galdyrdy. Şamsutdinow özüniň ýowuz “dedowşina” we gynamalara sezewar bolandygyny hem-de munuň netijesinde ruhy basyşlary başdan geçirip, bu herekete baş goşandygyny aýdandan soň, bu iş hukuk goraýjy aktiwistleriň ünsüni çekdi.

Şol döwürde Goranmak ministrligi Şamsutdinow bilen onuň öldüren ofiserleriniň biriniň arasynda “düşünişmezligiň” bolandygyny boýun aldy. Mart aýynda hatarly Ruslan Muhatow Şamsutinowy gorkuzmakda günäli tapyldy we wagty yza süýşürilen iki ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Merkezi Aziýada 'dedowşina'
please wait

No media source currently available

0:00 0:08:24 0:00

23-nji sentýabrda Derňew komiteti Şamsutdinowyň adam öldürmek günäsini boýun alandygyny aýtdy.

Nagiýew Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Şamsutdinowyň bu herekete baş goşanda gorkuzmalar we gynamalar sebäpli agyr ruhy labry başdan geçirendigi barada aklawçylaryň emin agzalaryny ynandyrmaga synanyşjakdygyny aýtdy

Giň ýaýran “dedowşina”, atalyk sebäpli Russiýanyň harby birikmelerinde bolup geçýän ganly atyşyklar köp ýyllyklaryň dowamynda adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň üns merkezinde.

Şu aýyň başlarynda günbatar Woronež regionynyň bir harby howa bazasynda bir esger öz ofiserini we başga-da iki esgeri atyp öldürdi.

Soňky ýyllarda Russiýanyň goşun gullukçylary harby gulluga ýaňy başlan ýaş esgerleriň agyr süteme sezewar edilişini görkezýän suratlary we wideolary Internetde paýlaşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG