Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Boulder şäheri täjik çaýhanasyny taryhy obýekt hasap edýär


ABŞ-da ýerleşen artesonado kysymly täjik çaýhanasy Duşenbe şäheriniň merkezinde ýerleşen “Rohat” çaýhanasyny ýatladýar.

ABŞ-nyň Kolorado ştatyndaky Boulder şäher geňeşi «Boulder-Duşenbe» çaýhanasyny taryhy obýekt hasaplady hem-de ymaratyň tutuş durkuny gorag astyna almagy karar etdi. Bu çaýhanany Duşenbe şäheri mundan 30 ýyl öň, öz doganlaşan amerikan şäherine sowgat edipdi.

Bu karar onlaýn-ses bermek arkaly geçirilen maslahatda şäher şurasynyň ähli agzalary tarapyndan tassyklandy. Indi ahyrky netijä 3-nji dekabrda gelner diýlip, habarda aýdylýar. Şäheriň meri Sem Winer onlaýn-ses bermek işleri jemlenenden soňra şäherdäki täjik çaýhanasy «Boulderiň baýlygy» diýdi. «Biz öz şäherimizde gündogar öwüşginli şeýle täsin ymaratyň bardygyna guwanýarys» diýip, şäher häkimi sözüne goşdy.

ABŞ-yň Boulder şäherindäki täjik çaýhanasy baradaky ilkinji maslahat «Boulder-Duşenbe» çaýhanasynyň dostlary» guramasynyň ündewi bilen şu ýylyň oktýabr aýynda geçirildi. “Häzirki wagtda «yslam döwleti» topary Yslamyň medeni hem taryhy ýadygärliklerini ýykýan hem ýumurýan döwründe, biz bu binany yslam medeniýetiniň bir bölegi hökmünde gorap saklamalydyrys” diýip, ol guramanyň bir agzasy aýtdy.

«Boulder-Duşenbe» çaýhanasynyň dostlary» guramasy çaýhananyň durkuny ýaňadan rejelemek işleri üçin, täjik ussalaryny çagyrmagy şäher häkimligine teklip etdiler.

Ýatlatsak, bu artesonado – depesi haşamly agaçlar bilen örtülen, alny nagyş salnyp ýonulan sütünli ymarat eli çeper täjik ussalary tarapyndan gurlupdy.

Çaýhananyň resmi saýtynda habar berlişine görä, ony gurmak işi 1987-nji ýylda, amerikan şäheri Boulder bilen Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäheri doganlaşanda karar edilipdir. Şol wagtlar Duşenbe şäheriniň häkimi bolan Maksud Ikramow ilkinji delegasiýa ýolbaşçylyk edip, Boulder şäherine gelipdir hem Duşenbe şäheriniň bu ýerde çaýhana gurmagy maksat edinýändigini aýdypdyr. Şondan soňky üç ýylyň dowamynda 40 çemesi hünärli, eli çeper ussa gelip, täze çaýhananyň amaly-haşam işlerini döretmäge girişipdirler. Agaja örän üýtgeşik haşam çekipdirler, jaýyň ýokarky bölegi üçin, täsin freska – diwar suratlaryny çekipdirler. Şeýdip, täze çaýhananyň binýadyny bölek-bölekden goýupdyrlar. Proýektiň awtory – arhitektor Lado Şanidze bolmaly. Çaýhananyň alnyny kedr agajyndan nagyşlanyp ýonulan 12 sütün bezeýär. Ol sütünleriň nagyş bezegleri üçin elektrik enjamy ulanylman, birnäçe asyrlar mundan öň edilişi ýaly, bar iş el güýji bilen amala aşyrylypdyr.

Çaýhananyň daşky paneli elde ýasalan keramiki plitalardan gurnalypdyr. Olar taýýar görnüşinde Täjigistandan iberilen ekeni. Ol plitalar Erem bagynyň şekilini döredýärler diýlip çaýhananyň Facebook sahypasynda ýazylýar.

Şäher ilatynyň uly söýgüsine mynasyp bolan «Boulder-Duşenbe» çaýhanasynda, her ýyl Nowruz baýramy bellenýär.

2018-nji ýylda Nebraskada ýerleşen iň uly şäher bolan Omahada hem bir täjik çaýhanasy açyldy.

Material Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG