Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen polisiýasy üçin "maskasyzlary" tapmak boýunça gündelik plan artdyryldy


Aşgabat, noýabr, 2020
Aşgabat, noýabr, 2020

Türkmen polisiýasy üçin maska režimini bozanlary ýüze çykarmak we jerime salmak boýunça gündelik plan artdyryldy. Hususan-da, ýurduň gündogar welaýaty Lebapda ýerli polisiýa maskalaryň ýoklugy üçin günde 30 sany jerime töletmeli.

Lebap welaýatynyň birnäçe etrabynda polisiýa işgärleri indi her gün maska dakynmadyk 30 adamy saklamaly we jerime töletmeli. Muny Azatlygyň ýerli habarçylary polisiýa işgärlerine salgylanyp, 27-nji noýabrda habar berdiler.

Türkmenistanda ähli jemgyýetçilik ýerlerinde, ulaglarda, edaralarda we kärhanalarda maska geýmek hökmanydyr.

Habarçylaryň sözlerine görä, häzirki wagtda Farap, Darganata etraplarynda ýerleşýän birnäçe şäherçede jerimeler ilata köpçülikleýin töledilýär. Regionyň saglygy saklaýyş resmileri ýerli mekdeplerde barlag geçirýärler. Okuwçylaryň arasynda "maskasy bolmadyklaryň" ýüze çykan halatynda mekdebiň administrasiýasyna jerime salynýar.

Könelişen maskalar üçin jerimeler hem köpeldi. Köpler maddy kynçylyklary sebäpli medisina maskalaryny köp gezek ulanýarlar.

Jerime sanyny köpeltmek barada buýrugyň takyk haçan berlendigini anyklap bolmady. Kanun goraýjy edaralaryň we regional häkimlikleriň wekilleri resmi düşündiriş bermeýärler.

Ozal Azatlygyň beýleki welaýatlardaky habarçylary ilat tarapyndan maska režiminiň berjaý edilişine gözegçiligiň güýçlenmeginiň fonunda polisiýanyň salýan jerimeleriniň gündelik sanynyň bardygyny habar beripdi. Polisiýa işgärleri maska geýmediklere her gün azyndan bir jerime salmaly edilipdi.

Azatlygyň habarçysynyň täze buýruk bilen baglanyşykly habar berşi ýaly, Lebapda jerime salynýanlaryň sany ep-esli artypdyr. Ol maskalary "geýmändigi" üçin ýakynda jerime salynan ýerli ýaşaýjylaryň birnäçesi bilen gürleşmegi başardy.

Söhbetdeşleriň biriniň aýtmagyna görä, Darganata etrabynyň obalarynyň biriniň ýaşaýjysy öz kärende ýerinde işleýärkä maskasyz tutulypdyr we polisiýa äkidilipdir. Oňa 100 manat jerime salyndy we birnäçe gezek düzgün bozulan halatynda jerime mukdarynyň köpeljekdigi duýduryldy.

Jerime salynan ýaşaýjylaryň sözlerine görä, polisiýa olarda jerime üçin puluň bolmadyk halatynda "düzgüni bozanlary" düzediş işlerine, hususan-da edaralary abatlamak we reňklemek ýaly işlere gatnaşdyrýar. Mundan başga-da, ýerli ýaşaýjylar polisiýa işgärleriniň maska düzgünini bozanlary öz hususy hojalyklarynda işledýändigini aýdýarlar.

Öňki aýlarda puly bolmadyk "maskasyzlar" pagta ýygyma ugradylýardy.

Oktýabr aýynyň ahyrynda, Aşgabatda Içeri işler ministrligi sebit we şäher polisiýa bölümleriniň ýolbaşçylary bilen ýygnak geçirip, şonda çykaran kararynda her bir polisiýa işgärinden maska düzgünini bozanlara her gün azyndan bir jerime salmagy talap edipdi.

Şondan bäri maska geýmek düzgünini bozandygy üçin ilat gaty yzarlanýar, köçelerde, ulaglarda, edaralarda we mekdeplerde reýdler geçirilýär, tutuş ýurt boýunça jerimeler salynýar. Beýleki karantin çäreleri hem güýçlendirildi. Mundan başga-da, maska režiminiň berjaý edilişine gözegçiler jaýlaryň howlularynda we beýleki köp adamly ýerlerde "maskasyzlary" ýygnaýarlar.

Polisiýa işgärlerinden başga-da, býujet işgärleri, mugallymlar, ymamlar we ýaşulular maskalaryň dakylmagyna gözegçilik işlerine çekilýärler.

Aşgabatda maska režiminiň berjaý edilmegine gözegçilik esasan polisiýa işgärleri we harby uniwersitetleriň kursantlary tarapyndan amala aşyrylýar. Türkmenabatda reýdler häkimligiň, polisiýanyň we sanitariýa-epidemiologiýa gullugynyň işgärlerinden ybarat ýörite toparlar tarapyndan amala aşyrylýar. Maryda polisiýa işgärleri bilen bir toparyň düzüminde döwlet işgärleri we mekdep mugallymlary bile hereket edýärler.

Ýurduň beýleki welaýatlarynda hem jerimeleriň sany köpeldi. Şu günler Marynyň uly ýollarynda we köçelerinde awtoulag sürüjiler we pyýadalar tarapyndan maskalaryň dogry dakylmagyna gözegçilik etmek üçin bir polisiýa işgäri goşuldy. Burnuň aşagyna düşen maska üçin hem 20 manat möçberinde jerime salynýar.

26-njy noýabrda Marydaky habarçymyzyň habar berşi ýaly ulaglarda maskasyz adamlaryň bolmadyk ýagdaýynda-da polisiýa dürli bahanalar bilen jerime töletmek üçin beýleki düzgün bozmalary tapýar.

Bellemeli ýeri, global koronawirus pandemiýasynyň başynda Türkmenistanyň ilatyna uzak wagtlap maska dakynmak, dermanhanalara bolsa, maskalary satmak gadagan edilipdi. Ýurt ilatyna maska dakynandygy üçin jerime salynypdy.

Jemgyýetçilik ýerlerinde maska dakynmak talaby Bütindünýä saglyk guramasynyň koronawirus missiýasynyň ýurda eden sapary wagtynda girizilipdi. Şonda halkara bilermenleri Türkmenistana ýurtda koronawirus bar ýaly hereket etmegi maslahat beripdi.

Koronawirusa garşy berk çäreleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň ýolbaşçylary, ýurduň çäginde COVID-19-yň ýokdugyny öňe sürmegini dowam etdirýärler we muny ýurt üçin "uly üstünlik" diýip atlandyrýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG