Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda COVID-19-ly täze ýagdaýlar ýüze çykýar we saglyk ministrine garaşylýar, Maryda üzärligiň tütedilmegi azaldylýar


Türkmenistan (Illýustrasiýa suraty)  

Türkmen häkimiýetleriniň aýtmagyna görä, COVID-19-dan erkin Türkmenistanda koronawirusly täze hadysalar ýüze çykýar. Ýurduň gündogarynda, synaglaryň netijesinde Lebabyň welaýat häkimliginiň işgärlerinde koronawirus tapyldy. Goňşy region Mary welaýatynda bolsa, ilat tarapyndan maskalaryň dogry geýilmegine gözegçilik güýçlendirilýär we üzärlik tütedilmegine degişli düzgüne resmi taýdan üýtgetme girizilýär.

Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçylarynyň soňky maglumatlaryna görä, bu gezek koronawirusyň barlygy welaýat häkimliginiň azyndan iki işgärinde tassyklandy. Kesel ýüze çykanyndan soň häkimligiň ähli işgärleri we ýolbaşçylary, şol sanda häkim testden geçirilipdir.

Olaryň koronawirus testleriniň netijelerini entek anyklap bolmady. Azatlygyň habarçylary barlaglar "ýokary gizlinlik" şertlerinde geçirildi diýýärler.

Welaýat häkimiýetlerinden we saglyk işgärlerinden resmi görnüşde düşündiriş almak mümkin däl. Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýurduň çäginde koronawirusyň ýoklugyny öňe sürmesini dowam edýärler we muny "uly üstünlik" hasaplaýarlar.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, welaýatda koronawirus alamatly keseliň çalt ýaýramagy dowam edýär, keselhanalar hassalardan hyryn-dykyn, ölüm ýagdaýlary köp.

Bu aralykda, saglyk ministri Nurmuhammet Amannepesowyň Lebap welaýatyna barmagyna garaşylýar. Saglygy goraýyş ministrliginiň ýolbaşçysy soňky aýlarda Türkmenabada birnäçe gezek saparda boldy, şol sanda awgust aýynda Hindistandan pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlaryny getiren uçar garşy aldy.

Habarçylarymyz Amannepesowyň 29-njy noýabrda Türkmenabatda garaşylýandygyny habar berdiler, saparyň maksady aýan edilmedi.

Azatlygyň welaýatdaky çeşmelerine görä, şu günler Türkmenabatyň köpugurly klinikasy Aşgabadyň resmilerini kabul etmäge taýýarlanýar. Edaranyň işgärleri ýowara çykýarlar we arassalaýyş işlerine gatnaşýarlar, töwerek-daşy tertipleşdirýärler, derwezeleri, hassahananyň diwarlaryny we gapylaryny ýuwýarlar.

Mundan başga-da, welaýatyň beýleki saglyk edaralary hem ministriň gelmegine taýýarlanýarlar. Ýerli saglyk ýolbaşçylarynyň buýrugy bilen ähli hassahanalarda we saglyk öýlerinde gyssagly ýowarlar geçirilýär.

Maryda ilata gözegçilik çäreleriniň güýçlendirilmegi dowam etdirilýär. Maskalaryň dogry dakylmagyna gözegçilik edýänler köpelýär.

Şäheriň awtoulag ýollarynda we köçelerinde gözegçilik edýän ýol polisiýa işgärlerine bir polisiýa işgäri goşulyp, ol awtoulag sürüjileriň we pyýadalaryň maskalary dogry dakynmagyna gözegçilik edýär. Burnuň aşagyna düşen maska üçin 20 manat jerime salynýar.

Beýleki düzgün bozmalar üçin jerimeler hem köpeldi.

Azatlygyň habarçysynyň maglumatyna görä, 26-njy noýabrda irden Baýramaly postunda Mary şäherine barýan awtobus saklanypdyr. Ýolagçylaryň temperaturasy we maskalary barlanypdyr. Polisiýanyň ähli talaplarynyň doly ýerine ýetirilendigine garamazdan, sürüjä 20 manat jerime salynyp, munuň oturylýan ýerleriň ýetmezçiligi sebäpli dik duran ýolagçylaryň bardygynyň sebäp bolandygy düşündirilipdir.

Maryda koronawirusa garşy görülýän çäreleriň çäginde üzärlik tütetmek barada täze buýruklar hem peýda boldy.

Habarçylarymyzyň sözlerine görä, ýerli häkimiýetleriň buýrugy boýunça, mundan beýläk döwlet edaralarynda, bilim edaralarynda we söwda nokatlarynda üzärlik tüssesini hepdede bir gezek çykarmaly. Ondan öň üzärlik günde iki gezek tütedilýärdi. Resmiler öz buýrugyny üzärligiň gytçylygy bilen düşündirýärler.

Şu çaka çenli üzärlik tütetmek üçin býujet işgärlerinden pul toplanýar. Azatlyk bilen söhbetdeş bolan döwlet işgärleriniň sözlerine görä, üzärligiň tütedilmeginiň azaldylmagy, ony satyn almak üçin ýygnalýan puluň mukdaryna täsir etmändir. Döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri ozalkysy ýaly 15 manat tabşyrmaly edilipdir.

Koronawirusa garşy üzärligi ýakyp, tüsse çykarmak inisiatiwasy ýurduň prezidentine degişlidir. Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji gezek fewral aýynda koronawirusyň dünýäde çalt ýaýrap başlan pursadynda koronawirusdan goranmak üçin üzärligiň, sazagyň we burçly unaşyň peýdasyny öňe sürüpdi.

Azatlygyň habarçylarynyň we garaşsyz metbugat çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Türkmenistandaky hassahanalarynda koronawirus alamatly hassalar köp, ölüm derejesi ýokary bolmagynda galýar.

Koronawirusyň bardygyny inkär edýän Türkmenistanyň häkimiýetleri, ýurduň içinde ýygnanmak we hereket etmek çäklendirmelerini güýçlendirýär we maskalaryň geýilmegine bütinleý gözegçilik edýär. Lukmanlara COVID-19 diagnozyny goýmak we hasaba almak gadagan edilýär. Gonamçylyklarda täze mazarlaryň sany köpelip, käbir maglumatlara görä, geçen ýylkysyndan azyndan 15 esse artan wagtynda, häkimiýetler ilatdan ölenleri jaýlanda mazarlar görünmez ýaly tekiz bolmagyny talap etdi. Bu aralykda Türkmenistan dünýäniň beýleki ýurtlaryndan we halkara guramalaryndan koronawirusa garşy göreşmek üçin uly mukdarly ynsanperwerlik kömegini alýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG