Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze ýyl aşgabatlylar üçin gazyň, toguň kesilmegi, split gurallaryň goparylmagy hakynda duýduryşlardan başlandy


Aşgabat
Aşgabat

Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň ençemesi üçin täze ýyl 10 günlük wagt möhletiniň dowamynda jaý üçin tölegleri doly berjaý etmek barada resmi talapdan başlandy. Bergilerini üzmediklere gazdan we tokdan kesilmek, şeýle-de suda çekilmek garaşýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary 3-nji ýanwarda habar berdiler.

Olaryň sözlerine görä, öý dolandyryş edaralarynyň işgärleri öýlere aýlanyp, ýaşaýjylara duýduryş edýärler ýa-da ýazmaça bildirişleri ugradýarlar.

"Täze ýylyň ilkinji günleri eýýäm jaýlara aýlanyp, elektrik energiýasy we gaz üçin bergileri üzmek duýduryşlaryny edýärler. 10 günde bergileri üzmedik öýleriň elektrik energiýasyny we gazyny öçürjegini, işi suda tabşyrjagyny aýdýarlar" diýip, Aşgabatdaky habarçylarymyzyň biri habar berdi.

Bergili hojalyklaryň elektrik energiýasynyň we gazynyň kesiljegi, işleriniň suda beriljegi hakyndaky duýduryş "Döwletenergogözegçilik" edarasy tarapyndan ýaýradylan resmi bildirişde hem aýdylýar. Azatlyga bu bildirişiň nusgasyny Aşgabadyň ýaşaýjysy berdi.

Bu dokumentde aýdylyşyna görä, gurama ýaşaýjylardan bergilerini 10 günüň dowamynda üzmegi soraýar, olaryň tölenmedik ýagdaýynda elektrik energiýasynyň öçüriljegini, işiň suda tabşyryljagyny duýdurýar.

Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda şäherde hojalyklaryň ençemesi bergidar hasaplanýarlar. Ilatyň maddy ýagdaýynyň agyrlaşmagy, jemagat hyzmatlary üçin tölegleriň esli gymmatlamagy, şeýle-de uzak wagtlap ilata berilen ýeňillikleriň ýatyrylmagy sebäpli hasaplaýyş sistemasynyň üýtgemegi muňa sebäp bolýar.

"Men 2019-njy ýylda bergidar boldum. Sebäbi jaýymyň tölegi hususylaşdyrylansoň 7 manat boldy, ýene 159 manat ýyladyş üçin goşulýar. Emma bularyň ählisi bir kwitansiýada görkezilýär" diýip, adynyň efirde agzalmagyny islemedik aşgabatly zenan Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Söhbetdeşimiziň sözlerine görä, ýyladyş üçin tölegiň talap edilýän wagtynda onuň jaýynda merkezleşdirilen ýyladyş sistemasyndan peýdalanmak üçin gurallar ýok we şu sebäpden ol tölegi tölemekden saklanýar. Muňa garamazdan öý dolandyryş edarasy ýyladyş üçin tölegi talap etmegini dowam etdirýär.

Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynda merkezleşdirilen ýyladyş sistemasy yzygiderli öçüp durýar. Oba ýerlerinde ýaşaýyş jaýlaryň gaz üpjünçiligi häli-şindi öçüp durýar.

Bellemeli ýeri, Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesinde merkezleşdirilen ýyladyşyň gowşaklygy sebäpli ilat köpçüligi elektrik peçlerini we öz hasabyna oturdylýan split sistemalaryny ulanýar.

Emma şu günler Aşgabadyň häkimiýetleri split sistemalary aýyrmak boýunça çärelerini ýene-de ýaýbaňlandyrdylar. Azatlygyň habarçysynyň 3-nji ýanwarda aýtmagyna görä, Aşgabadyň Oguzhan köçesiniň ugrunda ýerleşýän jaýlaryň ýaşaýjylaryna ýene-de split sistemalaryny ýok etmek talaby edilipdir.

"Şu gün irden Oguzhan köçesiniň 14/1 jaýyna ýene gelip, jaýyň daşyndaky sowadyjylary aýyrjakdyklaryny duýdurdylar. Jaýyň içki tarapyndaky gurallary bolsa başga ýere geçirjegini aýtdylar. Bu Oguzhan köçesiniň bäş jaýyna we tutuş şäher boýunça 50 jaýa degişli boljagyny aýtdylar. Şäher häkiminiň tabşyrygy diýdiler" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 3-nji ýanwarda habar berdi.

Azatlyk Radiosy Aşgabadyň häkimiýetlerinden düşündiriş alyp bilmedi.

Oguzhan köçesindäki köpgatly ýaşaýyş jaýlardan split sistemalary ýok etmek boýunça işler dekabryň ortalarynda täze ýylyň öňüsyrasynda başlanypdy.

Şonda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň aýtmagyna görä, 12-nji dekabrda Oguzhan köçesinde ýerleşýän ýaşaýyş jaýlardaky split sistemalar öý dolandyryş edaralaryň işgärleri tarapyndan ýörite tehnikanyň ulanylmagynda amala aşyrylyp başlandy we soň birden togtadyldy.

"Biz size täze ýyly bellemäge mümkinçilik berdik, indi aýyrarys diýdiler. Şol bir wagtda-da, jaýlaryň kämilligi üçin şertler gowulanmaýar, girelgeleriň içini onlarça ýyllap bejermeýärler" diýip, habarçymyz aýdýar.

Aşgabatda sowadyjylaryň we jaýlaryň daşynda ýaşaýjylar tarapyndan oturdylýan beýleki gurallaryň häkimiýetler tarapyndan köpçülikleýin ýok edilmegi 2017-nji ýylda güýçlenipdi. Şonda jemagat edaralaryň işgärleri muňa ýokardan tabşyryk berlendigini we şeýle gurallaryň "paýtagtyň keşbini zaýalaýandygyny" mälim edipdi.

Türkmenistanda ilatyň jemagat hyzmatlary bilen üpjün edilmeginiň hiliniň pesligine garamazdan, tölegleriň möçberi soňky 5 ýylda 60 esse ýokarlandy. Ilata bolsa, bar bolan problemalar barada açyk gürlemek gadagan edildi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG