Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramaly: Adamlar un paýogynyň gijikdirilmegine we gymmatçylyga şikaýat bildirip, häkimlige bardy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Baýramaly şäheriniň döwlet dükanlaryna un paýogynyň giç gelmegi, hususy dükanlarda azyk harytlarynyň gymmatçylygy ýerli ýaşaýjylary aladalandyrýar. Olaryň ençemesi bu meseleler bilen bagly arz-şikaýat bilen geçen hepde şäher häkimligine bardylar, ýöne soraglaryna jogap tapyp bilmän yzlaryna dolandylar. Munuň jikme-jikligi barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Onuň sözlerine görä, onlarça şäher ýaşaýjysy döwlet dükanlarynda un paýoklarynyň 4-5 aý giç berilýändigi, hususy dükanlarda azyk haryt nyrhlarynyň yzygiderli ýokarlanýandygy barada şikaýat bilen şäher häkimligine bardy. Bir häkimlik resmisi ýerli ýaşaýjylaryň şikaýatyny diňledi.

Ýygnananlar bir halta unuň hususy söwdada 550 manada ýetendigini, 1 kilogram şekeriň 15 manatdan 18 manada cykandygyny, ähli iýmit önümleriniň ýokarlanýandygyny aýtdylar.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan baýramalylylaryň sözlerine görä, häkimlik resmisi ýerli ýaşaýjylaryň şikaýatlaryna çözgüt hödürlemedi. Ol özlerinde “hususy söwdadaky bahalara gözegçilik etmek hukugynyň ýokdugyny” düşündirdi.

“Onda sen bize maslahat ber. Biz welaýat häkimligine barsak, öz hojalygymyzdaky kynçylygymyzy aýtsak, peýdasy bolarmy ýa-da bolmazmy? Biz bu ýagdaýy nirä aýtsak bolar? Ýa-da Aşgabada gitmeli bolarysmy? Sen bize maslahat ber, ogul!” diýip, ýygnananlaryň arasyndan bir ýaşuly häkimlik resmisine ýüzlendi.

“Welaýat häkimi hiç zat çözmeýär. Ondan ýokarda-da adamlar bar. Men bir ýere baryň diýip, aýdyp biljek däl” diýip, häkimlik işgäri jogap berdi.

“Adamlar un meselesi bilen häkimlige baryp, kanagatlanarly netije alyp bilmän yzlaryna gaýtdylar” diýip, beýleki bir ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy Baýramalynyň şäher häkimliginden bu waka barada goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistan üç ýyldan gowrak bäri ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Döwlet dükanlarynda ýygy-ýygydan un we ýag ýaly gündelik iýmit önümleriniň gytçylygy emele gelýär. Hususy söwdada azyk önümleriniň bahalary yzygiderli ýokarlanýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan baýramalyly bir hususy dükan eýesi, adamlaryň satyn alyş ukybynyň peselýändigini, öňler adamlar, meselem, tüwini kilogramlap satyn alan bolsa, soňky wagtlarda olaryň gramlap satyn alýandyklaryny gürrüň berdi.

Beýleki bir telekeçi kyn ykdysady şertlerde hökümetiň edýän çykdajylaryna, hususan-da alnyp barylýan gurluşyklara öz nägileligini beýan etdi. Ol özüniň gurluşyk az edilse adamlaryň bolelin durmuşda ýaşajakdygyna ynanýandygyny öňe sürdi.

Şol bir wagtyň özünde, soňky iki hepdäniň dowamynda ýurduň gara bazarlarynda dollaryň bahasynyň ýokarlanmagy, manadyň hümmetsizlenmegi hususy söwdada bahalaryň gymmatlamagyna öz täsirini ýetirýär. Noýabryň ortalarynda Lebapda 23 manatdan bahalanan bir dollar dekabryň birinji hepdesinde ýurduň tas ähli künjeklerinde, şol sanda paýtagt Aşgabatda 28,60 manada çenli ýokarlandy.

Türkmenistanyň media serişdeleri döwlet dükanlaryndaky un gytçylygy, azyk harytlarynyň ýetmezçiligi we hususy söwdada harytlaryň yzygiderli gymmatlamagy barada asla habar bermeýär. Resmi medianyň habarlaryna görä, Türkmenistanda bagtyýarlyk zamanasy höküm sürýär. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ençeme raýat resmi medianyň şeýle habarlary bilen özleriniň ylalaşmaýandyklaryny aýdýarlar we ýurtda ykdysady kynçylyklaryň dowam edýändigini tassyklaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG