Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebapda dollar galdy, haryt gymmatlady


Illýustrasiýa suraty. Aşgabadyň "Gülüstan" bazary. Noýabr, 2020 ý.

Lebapda gara bazarda bir hepde mundan ozal 23 manatdan bahalanan dollaryň nyrhy 25,50-25,60 manada göterildi. Munuň bilen bir hatarda, hususy söwdada azyk we hojalyk harytlarynyň bahalary 10-15 göterim töweregi gymmatlady. Ýurtda dowam edýän nagt ýetmezçiliginiň arasynda Maryda öý goşlaryny azyk harytlara çalyşýan adamlar bar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berýärler.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, Lebapda 100 gramlyk bir gök çaýyň gutusy 35 manatdan 38-40 manada gymmatlady, “Colgate” (kolgeýt) diş pastasy 40 manatdan 44 manada geldi, 500 gramlyk “Nestogen” (nestožen) çaga iýmiti 255 manatdan 279 manada galdy, “Clear” şampuny 60 manatdan 71 manada geldi, 1 kilogramlyk awtomat “Ariel” kir ýuwujy serişde 123 manatdan 150 manada çykdy, ozal 12 manatlyk “Protex” antibakterial sabyn şu günler 17 manatdan bahalanýar.

“Hojalyk harytlary, tehnikalar, awtoşaýlar we gurluşyk materiallary hem yzygiderli gymmatlaýar” diýip, bir lebaply Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

“Özümizde öndürilýän guş eti we ýumurtga hem gymmatlaýar” diýip, beýleki bir alyjy aýtdy.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Farap etrabynda bir towuk ýumurtgasy 2,5-3 manat aralygynda bahalanýar.

Hususy söwdada azyk we hojalyk harytlarynyň bahalary gymmatlaýan wagty Farap, Çärjew we Dänew etraplarynyň döwlet dükanlarynda ýeňillikli bahadan ilata berilýän un we ýag paýoklary berilmeýär. Bu barada ýerli ýaşaýjylar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler. Olar özleriniň bugdaý satyn alyp, ony üwedýändiklerini we degirmen uny bilen oňňut edýändiklerini gürrüň berdiler.

“1 litr “Oleýna” ýagy bazarda 35 manat, 200 gramlyk tamdyr çöregi 5 manat” diýip, bir faraply habarça gürrüň berdi. “Adamlara gymmat düşýär” diýip, ol sözüne goşdy.

Bu aralykda, Azatlygyň beýleki habarçysy Mary welaýatynda öý goşlaryny azyk harytlara çalyşýan adamlaryň peýda bolup başlandygyny habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, 23-nji noýabrda Baýramaly etrabynyň bir geňeşliginde “Gazel” kysymly furgon ulagy köçelere aýlanyp, adamlara kartoşka, sogan we tüwi ýaly önümleri hödürledi. Ulag sürüjisi bu önümleri adamlaryň öý goşlaryna çalyşýandygyny aýtdy.

“Adamlar öz öý goşlaryny berip, azyk haryt aldylar. Sebäbi adamlarda pul ýok” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistan üç ýyldan gowrak wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Krizis dowam edýän wagty adamlar häli-şindi bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakda dürli kynçylyklara sezewar bolýarlar.

“Käbir adamlar öý goşlaryna azyk berilmegine begendi, käbirleri bolsa öý goşlaryny berenden soň gynandy” diýip, beýleki bir ýaşaýjy aýtdy.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, adamlaryň arasynda ýorgan-düşek, ýassyk, bedre, gap-gaç we palas ýaly öý goşlaryny azyk harytlara çalşanlar bar.

Diňe bir işsiz hojalyklar däl, habarçynyň sözlerine görä, azyk harytlara derek öý goşlaryny çalşan adamlaryň arasynda işleýän adamlar hem bar.

“Işleýän adamlar aýlyklarynyň hiç zada ýetmeýändigini aýdýarlar” diýip, bir maryly ýaşaýjy aýtdy.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan beýleki bir ýaşaýjy aýlyk çykdajylary barada maglumat berdi. Ol her aý 180-200 manat ýol çykdajylaryna sarp edýär, 200 manat ete-süňke gidýär, 460 manada 1 halta un satyn alýar, 90 manada ýag, 15 manada sogan satyn alýar. Ol şonuň bilen aýlygynyň gutarýandygyny, öz hojalygynda 8 adamyň ýaşaýandygyny aýdýar.

Türkmenistanda iň pes aýlyk haky 800 manatdan sähel ýokary.

Habarçy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjy döwlet dükanlarynda ýeňillikli bahadan iýmit önümleriniň satylmaýandygyny, gymmat bahadan azyk haryt satyn almak üçin öý goşlarynyň hem-de beýleki gymmatly zatlarynyň käbirlerini eýýäm satandygyny gürrüň berdi.

Habarçynyň anyklan maglumatlaryna görä, ol hökümet edaralarynyň birinde işleýär.

Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, gün-güzeran aladalarynyň barha kynlaşýandygyny, şol bir wagtyň özünde ogurlyk ýaly hadysalaryň köpelýändigini gürrüň berýärler.

Türkmenistanda 90-njy ýyllarda ýüze çykan ykdysady krizisde “esgiçi” ady bilen tanalýan adamlar oba ýerlerine aýlanyp, adamlaryň köne-küşül öý goşlaryny we matalaryny arzan bahadan satyn alýardy. Maryda ýüze çykan soňky hadysalar köplerde “esgiçiler” Türkmenistana gaýtadan dolandymy diýen soraglary döretdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG